Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da­ky çykyşy (Ahal we­la­ýa­ty, 2017-nji ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ry)

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar! 
Hor­mat­ly ak­sak­gal­lar! 
Ha­nym­lar we je­nap­lar! 

Il­kin­ji no­bat­da, men si­zi Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Şu mas­la­ha­ta gat­naş­ýan hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ga­dyr­ly myh­man­lar we mäh­ri­ban adam­lar, si­ziň äh­li­ňi­ze min­net­dar­lyk bil­dir­mek we iň go­wy ar­zuw­la­ry­my be­ýan et­mek is­le­ýä­rin. 

Bi­ziň şu gün­ki mas­la­ha­ty­myz ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň giň­den we da­ba­ra­ly baý­ram edil­ýän 26 ýyl­lyk se­ne­si­niň öň­ ýa­nyn­da ge­çi­ril­ýär. Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­myz bol­sa bi­ziň be­lent buý­san­jy­myz­dyr! 

Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji döw­let. Biz dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry­my­zy bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da alyp bar­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da oňyn bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny gy­şar­nyk­syz ber­jaý ed­ýä­ris. 

Si­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy, il­ki bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di. Soň­ra bol­sa onuň de­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa­la­ry bi­len gol­da­nyl­dy. 

Hä­zir­ki dö­wür­de Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bu Re­zol­ýu­si­ýa­sy­ny öz Esa­sy Ka­nu­nyn­da be­ýan eden ýe­ke-täk döw­let­dir. Şo­ňa gö­rä-de, biz bu ta­ry­hy Re­zol­ýu­si­ýa aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da anyk be­ýan et­dik. Dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gyň Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­läp geç­dik. 

Türk­me­nis­tan oňyn bi­ta­rap­ly­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni gol­dan­mak bi­len, di­ňe bir mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne däl-de, eý­sem, tu­tuş Ýer ýü­zü­niň halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri üçin hem iş­jeň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. 

Biz «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017—2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şul­maz­lyk He­re­ke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len, şeý­le hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len ýo­la goý­lan sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­my­zy ber­kit­mä­ge we yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. 

Şo­nuň ýa­ly-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len we dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bo­lan Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň, ÝU­NES­KO-nyň, Ilat Gaz­na­sy­nyň, Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň, Ne­şe­le­re we je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Mü­dir­li­gi­niň ýur­du­myz­da ýer­leş­ýän we­kil­ha­na­la­ry bi­len alyp bar­ýan hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy yzy­gi­der­li ös­dür­ýä­ris we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ýa­rys. Şeý­le hem bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýä­ris. 

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­di. 2017-nji ýy­lyň 19-njy ap­re­lin­de bol­sa bi­ziň Bi­ta­rap döw­le­ti­miz bu gu­ra­ma­nyň Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň 2018—2020-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na we Ze­nan­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2018—2022-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy. 

Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň Ko­mis­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de bu Gu­ra­ma­nyň ösü­şiň bäh­bit­le­ri­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017—2020-nji ýyl­lar, Ilat hem-de ösüş bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2016—2020-nji ýyl­lar, şeý­le hem Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017—2021-nji ýyl­lar üçin saý­lan­ma­gy bi­zi aý­ra­tyn gu­wan­dyr­ýar. 

Ga­raş­syz döw­le­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­sin­de äh­lu­mu­my ki­ber howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­si­ne düýp­li çe­me­leş­me­gi tek­lip et­di. 

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, «Azia­da — 2017: Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra sport kong­re­si­niň jem­leý­ji Jar­na­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­si­niň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ýaý­ra­dyl­dy. Bu res­mi­na­ma esas­la­nyp, Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bo­ýun­ça jo­gap­kär mi­nistr­le­riň we ýol­baş­çy­la­ryň ýe­din­ji hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar. 

Şu ýyl bi­ziň ýur­du­myz Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra Kon­fe­ren­si­ýa­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän döw­le­tiň borç­la­ry­ny hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Bi­ziň ýur­du­my­zyň şeý­le ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ra saý­lan­ma­gy bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri üçin hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji sy­ýa­sa­ty­na hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. 

Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ka­nun­çy­lyk taý­dan ber­ki­di­len bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly bo­lup gal­mak bi­len, biz gel­jek­de hem ak­gö­wün­li­lik, dost­luk we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp ba­ra­rys. Bu sy­ýa­sat bol­sa di­ňe bir mil­li bäh­bit­le­ri­mi­ze däl-de, eý­sem, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bäh­bit­le­ri­ne-de, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na hem do­ly la­ýyk gel­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, biz Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de tut­ýan or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin gel­jek­de hem hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­la­ry ede­ris. 

Hor­mat­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar! 
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar! 
Ga­dyr­ly dost­lar! 

Biz ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne şu ýy­lyň 9 aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ýa­ňy-ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de se­ret­dik. Siz bu gör­ke­zi­ji­ler bi­len tan­şan­sy­ňyz. Bu gör­ke­zi­ji­ler met­bu­gat­da çap edil­di we te­le­wi­de­ni­ýe­de hem gör­ke­zil­di. Şo­ňa gö­rä-de, si­ziň ün­sü­ňi­zi edi­len iş­ler ba­ra­da­ky me­se­lä ýe­ne-de çe­kip dur­jak däl. Men di­ňe esa­sy me­se­le­le­riň üs­tün­de du­rup geç­mek is­le­ýä­rin. 

Biz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­gi, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýä­ris. Şu we­zi­pe­ler­den ugur alyp, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri çy­kar­mak we özü­miz­de ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň beý­le­ki ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çi­rip baş­la­dyk. Şeý­le hem elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­dik. 

Bu mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de eý­ýäm go­wy ne­ti­je­le­ri hem ga­zan­dyk. Ýur­du­my­za beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri azal­dy. Da­şa­ry ýurt­la­ra iber­ýän önüm­le­ri­mi­ziň möç­be­ri bol­sa art­dy. 

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, 2007-nji ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Bu Mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da dur­muş mak­sat­ly we in­že­ner üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň müň­ler­çe des­ga­la­ry gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2012—2016-njy ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de bol­sa ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti bo­lan on­lar­ça tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy. 

Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da öz­gert­me­ler ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň mö­hüm çeş­me­le­ri­niň on­lar­ça­sy üçin düýp­li esas­lar go­ýul­dy. Bu iş­le­riň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­jek kuw­wat­ly önüm­çi­lik, dur­muş we in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň berk esas­la­ry­ny dö­ret­mek do­wam ed­ýär. 

Trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­le­riň, şol san­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, de­mir ýol­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, uly köp­rü­le­riň, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky on­lar­ça bi­na­la­ryň we beý­le­ki iri des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr. 

Ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän je­mi içer­ki önü­miň or­ta­ça möç­be­ri­ni göz öňün­de tu­ta­nyň­da, Türk­me­nis­tan in­di dur­muş-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça gir­de­ji de­re­je­si ýo­ka­ry bo­lan ýurt­la­ry hä­si­ýet­len­dir­ýän umu­my ka­bul edi­len sep­git­den geç­di. 

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti, Söw­da we ösüş bo­ýun­ça ge­ňe­şi, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä ban­ky hem-de beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar hem Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da pul-karz, sal­gyt-býu­jet, nyrh, ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. 

Ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, ýur­du­myz­da 2017-nji we 2018-nji ýyl­lar­da hem je­mi içer­ki önü­miň ýo­ka­ry dep­gin bi­len, ýag­ny 6,4 gö­te­rim de­re­je­de ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu bol­sa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bo­lup ge­çen 70-nji mej­li­sin­de yg­lan edi­len Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­nyň kö­pü­si­niň 2007-nji ýyl­dan bä­ri ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni aý­dyň tas­syk­la­ýar. 

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler we ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi do­lan­dyr­ma­gyň hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň usul­la­ry­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň do­ly gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de müm­kin bol­dy. 

Hä­zir­ki dö­wür­de biz ýur­du­myz­da dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len kuw­wat­ly hä­zir­ki za­man yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň ýo­ka­ry ösü­şe eýe bo­lan­dy­gy­ny do­ly tas­syk­lap bi­le­ris. Bu ul­gam eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ne esas­lan­ýar hem-de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­ma-tap­gyr geç­me­gi göz öňün­de tut­ýar. 

Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar! 
Ga­dyr­ly myh­man­lar! 
Hor­mat­ly dost­lar! 

Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry şu ýy­lyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm wa­ka­sy bol­dy. 

Bi­ziň ýur­du­myz V Azi­ýa oýun­la­ry­na örän jo­gap­kär­çi­lik­li taý­ýar­lan­dy. Aş­ga­bat­da 2010-njy ýyl­da Olim­pi­ýa şä­herçesi­niň düý­bi tu­tul­dy. Si­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, onuň gur­lu­şy­gy­na köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di. Bu ýer­de gur­lan des­ga­lar Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ryl­dy. 

Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň mün­be­ri­ni çe­per keş­bi be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­wi­niň heý­ke­li­niň, şeý­le hem ýo­ka­ry hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­riş­de­ler­den gur­lan Spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­niň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi hem ýur­du­myz­da sport des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na düýp­li we örän jo­gap­kär­li ga­ral­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 

Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň sport des­ga­la­ryn­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­lar ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş­la­ra 65 ýygyndy topar gat­naş­dy. 

Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň tür­gen­le­ri­niň bu Oýun­lar­da umu­my to­par ha­sa­byn­da has köp me­dal alyp, bi­rin­ji or­na çyk­ma­gy bi­zi örän be­gen­dir­ýär. Sport­da ga­za­nan bu aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny, eziz Di­ýa­ry­my­za bo­lan buý­san­jy­ny has art­dy­ran­dy­gy­ny aýt­ma­ga bi­ziň do­ly hu­ku­gy­myz bar­dyr! Bu oýun­la­ryň örän ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi dün­ýä­niň Olim­pi­ýa he­re­ke­tin­de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny öň­kü­den-de ber­kit­di. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä de­re­je­li sport mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar et­di. 

Hor­mat­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar! 
Ga­dyr­ly dost­lar! 

Biz şu gün örän mö­hüm res­mi­na­ma­ny — ýa­kyn ýyl­lar­da ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ly hem-de ka­bul et­me­li. 

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de bo­lup ge­çen kä­bir yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy wa­ka­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne bel­li bir de­re­je­de ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Şol ýyl­lar, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni pe­se düş­di. Bu bol­sa geo­sy­ýa­sy ýag­daý­lar, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ba­ha­sy­nyň pe­sel­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry bo­lan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýe­ter­lik de­re­je­de dur­nuk­syz ös­me­gi, er­kin ýör­gün­li da­şa­ry ýurt pu­lu­nyň hüm­me­ti­niň üýt­ge­me­gi, gaz­na ba­zar­la­ryn­da gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň dur­nuk­syz ýag­da­ýy hem-de beý­le­ki se­bäp­ler bi­len bag­ly­dyr. 

Dün­ýä ýurt­la­ryn­da bo­lup geç­ýän bu ha­dy­sa­la­ryň düýp­li öw­re­nil­me­gi Türk­me­nis­ta­ny 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň anyk mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne dü­ze­diş­le­ri gi­riz­mek üçin aý­ra­tyn ün­si jem­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. 

Şo­ňa gö­rä-de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dur­nuk­ly ös­dür­mek üçin äh­li se­riş­de­le­ri­mi­zi we müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi do­ly peý­da­lan­mak we­zi­pe­si öň­de go­ýul­dy. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi çalt­lan­dyr­mak, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gy­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek bel­le­nil­di. Bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry we paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ni dö­ret­mek, gaz­na bir­ža­la­ry­nyň we gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­nyň işi­ni güýç­len­dir­mek göz öňün­de tu­tul­dy. 

Şu­nuň esa­syn­da biz «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dyk. Bu tas­la­ma ta­nyş­mak üçin si­ze be­ril­di. 

Mak­sat­na­ma­da 2018—2024-nji ýyl­lar­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­la­ry kes­git­len­di. Öň­de du­ran we­zi­pe­ler, esa­sy ýö­rel­ge­ler, ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar we ga­ra­şyl­ýan ne­ti­je­ler be­ýan edil­di. Şeý­le hem bel­le­nen şu mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­ler, şol san­da yk­dy­sa­dy eda­ra­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň ul­ga­my­ny we döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ýol­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­ler bel­le­nil­di. 

Dün­ýä ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi şert­le­rin­de mak­royk­dy­sa­dy do­lan­dy­ry­şy go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ra­bar­ly­gy­ny ga­zan­mak, ma­li­ýe we bank ul­ga­myn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri do­wam et­mek bel­le­nil­ýär. 

Mak­sat­na­ma­da kes­git­le­ni­şi­ne la­ýyk­lyk­da, ýa­kyn 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ýyl­lyk ösüş dep­gi­ni­ni ýo­ka­ry (6,2—8,2 gö­te­rim) de­re­je­de sak­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. 

Şu dö­wür­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dü­zü­min­de se­na­ga­tyň pa­ýy or­ta­ça 33 gö­te­ri­me, gur­lu­şy­gyň­ky 14, oba ho­ja­ly­gy­nyň pa­ýy 10,9 gö­te­ri­me ýe­ter. Bu gör­ke­zi­ji ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ry bo­ýun­ça 9,1, söw­da ul­ga­my bo­ýun­ça 12 gö­te­ri­me, dür­li ugur­ly hyz­mat­lar ul­ga­my bo­ýun­ça hem 21 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lar. 

Se­na­gat taý­dan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esas­la­ry­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ile­ri tu­tul­ýan mil­li ugur­la­ry dö­ret­mek we üp­jün et­mek hem-de yl­my-teh­ni­ki baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler. Umu­man, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge döw­let gol­da­wy yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly çä­re­le­riň ul­ga­my­ny ama­la aşyr­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my we se­bit de­re­je­le­rin­de be­ril­ýär. 

Bu iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi ep-es­li art­dyr­ma­ga do­ly şert dö­re­der. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. 

Mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty al­nyp bar­lar. Ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ul­ga­my­na esa­sy ma­ýa go­ýu­my hök­mün­de 240 mil­liard ma­nat­dan gow­rak se­riş­de goý­be­ri­ler. Şu dö­wür­de ne­bit­gaz top­lu­my­na 159,9 mil­liard ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ri­ler we 6 müň 900-den gow­rak tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler. 

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de gu­rul­ýan za­wod­da 2024-nji ýyl­da te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa 600 müň ton­na A-92 ky­sym­ly ben­zin ön­dü­rip baş­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol dö­wür­de «Ma­laý» kä­nin­de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si üçin gaz gy­sy­jy be­ke­diň gur­lu­şy­gy hem ta­mam­la­nar. Özi hem bularyň hemmesi biziň öz güýjümiz bilen amala aşyrylar. Bu uly zatdyr! 

Ýur­du­myz­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ril­ýän umu­my möç­be­ri 2024-nji ýy­la çen­li 33 mil­liard ki­lo­wat/sa­ga­da ýe­ti­ri­ler. Bu bol­sa 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 27,2 gö­te­rim köp­dür. 

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de 2018—2024-nji ýyl­lar­da po­lip­ro­pi­len, po­li­wi­nilh­lo­rid, kaus­tik so­da, duz kis­lo­ta­sy­ny we su­wuk hlor ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

Hi­mi­ýa se­na­ga­ty bo­ýun­ça 2018-nji ýyl­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän za­wo­dy işe gi­riz­mek bel­le­nil­ýär. Bu za­wod ýur­du­my­zyň kar­ba­mid ön­dür­ýän iň iri kär­ha­na­sy bo­lar. 

Mun­dan baş­ga-da, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de 2018—2024-nji ýyl­lar­da ýod-brom suw­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­läp, ýod we brom hem-de olar­dan alyn­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýe­di ýy­lyň için­de teh­ni­ki ýo­duň ön­dü­ri­li­şi 2,3 es­se ar­tar, 2024-nji ýyl­da bu önü­miň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­be­ri bol­sa 1 müň ton­na­dan hem köp bo­lar. 

Mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de ýur­du­my­zyň ulag üp­jün­çi­lik ul­ga­my­nyň iri mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty dö­re­di­ler. 

Bu­lar­dan baş­ga-da, 2022-nji ýyl­da Ma­ry şä­he­rin­de 300 müň ton­na am­miak se­lit­ra­sy­ny we 450 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şi­ler. Bu top­lu­myň gur­lu­şy­gy­ny 2026-njy ýyl­da ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, 2021-nji ýyl­da Türk­me­na­ba­dyň hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň se­na­gat meý­dan­ça­syn­da her ýyl­da 300 müň ton­na kon­sent­rir­le­nen fos­for dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­ny işe gi­riz­mek üçin düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek bel­le­nil­ýär. Bu tas­la­ma ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny dö­kün­le­riň şu gör­nü­şi bi­len üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

Ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 2024-nji ýyl­da 1,6 es­se ar­tar we 3 mil­lion 825 müň ton­na ýe­ti­ri­ler. Bu önüm­le­riň 74,5 gö­te­ri­mi da­şar­ky ba­zar­la­ra ibe­ri­ler. 

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ata­my­rat şä­he­rin­de we Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de 2019—2021-nji ýyl­lar­da her bi­ri sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän hä­zir­ki za­man ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. 

Kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýän eme­li hem­ra­my­zyň älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rü­len­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Mil­li kos­mos ul­ga­my­my­zy kä­mil­leş­dir­mek we ös­dür­mek üçin, 2018—2024-nji ýyl­lar­da 1 mil­liard 300 mil­lion ma­na­da go­laý düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek bel­le­nil­ýär. 

Şol dö­wür­de ýe­rüs­ti gö­zeg­çi­li­gi ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen ýe­ne-de bir eme­li hem­ra­ny dö­ret­mek we älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa oba ho­ja­ly­gyn­da, ne­bit se­na­ga­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re we daş­ky gur­şa­wa gö­zeg­çi­lik et­mä­ge şert dö­re­der. 

Ýur­du­myz­da In­ter­net ul­ga­my­nyň hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Iň ýö­ne­keý ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, 2045-nji ýy­la çen­li bü­tin dün­ýä bo­ýun­ça 100 mil­liard­dan gow­rak en­jam In­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­ler. Mu­ňa yk­jam we gö­te­ril­ýän en­jam­lar, ab­zal­lar, luk­man­çy­lyk hem-de se­na­gat gu­ral­la­ry, howp­suz­lyk en­jam­la­ry, aw­to­mo­bil­ler, egin­baş­lar we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar hem de­giş­li­dir. 

Şol en­jam­la­ryň äh­li­si ägirt köp mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­lär we ýaý­ra­dar. Bu bol­sa bi­ziň işi­miz­de we dur­mu­şy­myz­da düýp­li öw­rü­li­şi­ge ge­ti­rer. Adam­lar In­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly al­nan mag­lu­mat­la­ry has-da oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek we öz dur­mu­şy­na hem-de daş-tö­we­rek­de bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ra has düýp­li dü­şün­mek üçin ula­nar. 

Şeý­le hem In­ter­ne­te bi­rik­di­ri­len en­jam­lar hä­zir­ki dö­wür­de yn­san zäh­me­ti­ni ta­lap ed­ýän gö­zeg­çi­li­giň, do­lan­dy­ry­şyň we abat­la­ýyş iş­le­ri­niň köp we­zi­pe­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dy­rar. Şo­ňa gö­rä-de, men Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­na In­ter­net ul­ga­my­ny ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te mak­sat­na­ma taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­ýa­ryn. 

Ýa­kyn wagt­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hem köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­mak Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ka­bul eden Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ry­lar. 

Ýur­du­myz­da 2018—2024-nji ýyl­lar­da or­ta­ça zäh­met ha­ky her ýyl 10 gö­te­rim ar­tar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we ony hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek üçin, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­ny gur­mak, düýp­li abat­la­mak hem-de ola­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri do­wam et­di­ri­ler. Sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, tä­ze gur­lu­şyk­la­ryň ha­sa­by­na be­den­ter­bi­ýe we sport des­ga­la­ry­nyň hem-de bi­na­la­ry­nyň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça çä­re­ler hem dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. 

Ýur­du­myz­da 2018—2024-nji ýyl­lar­da bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler. Ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň döw­le­te da­hyl­syz we ga­ry­şyk pu­da­gy­nyň bin­ýa­dyn­da or­ta hem-de ýo­ka­ry hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, tö­leg­li bi­lim al­mak ul­ga­my hem ös­dü­ri­ler. 

Me­de­ni­ýet we çe­per dö­re­di­ji­lik ul­gam­la­ry­ny döw­let ta­ra­pyn­dan mag­lu­mat bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­ler gör­ler. In­no­wa­sion ösüş, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ila­ta el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny gi­ňelt­mek we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­mak üçin şert­ler dö­re­di­ler. 

Mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny has go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler ama­la aşy­ry­lar. Hu­su­san-da, ýa­şa­ýyş-je­ma­gat hyz­mat­la­ry top­lu­my we aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edi­len ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lar. Şeý­le hem dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň müň­ler­çe­si­ni, meý­da­ny mil­lion­lar­ça ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny bi­na et­mek, hä­zir­ki za­man in­že­ner­çi­lik kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­ny çek­mek bel­le­nil­ýär. 

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na gu­rul­ýan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň möç­be­ri ar­tar. Ýaş maş­ga­la­la­ry ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün et­mek üçin, karz se­riş­de­le­ri­ni we ýer bö­lek­le­ri­ni ber­me­giň ul­ga­my yzy­gi­der­li ös­dü­ri­ler. 

Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, 7 ýy­lyň do­wa­myn­da hu­su­sy te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da ki­çi we iri se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol dö­wür­de da­şa­ry ýurt we bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça hem düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ri­ler. 

Ýur­du­myz­da ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­lak­lar dö­re­di­ler. Iş­läp gel­ýän döw­let kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dy­ry­lar hem-de paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri gu­ra­lar. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň do­wa­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lar. Giň ge­rim­li şeý­le iş­le­ri ge­çir­me­giň ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň pa­ýy yzy­gi­der­li ar­tar. 

Ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, elekt­ro­mo­bil­le­ri ýyg­na­ýan bi­le­lik­dä­ki za­wo­dy gur­mak hem göz öňün­de tu­tul­ýar. 

Umu­man, gys­ga­ça aý­da­nyň­da, ýur­du­my­zy ýa­kyn 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry, ine, şu­lar­dan yba­rat. Bu me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin si­ze mag­lu­mat­lar be­ril­di. Şo­ňa gö­rä-de, men Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň bu ba­ra­da öz pi­kir­le­ri­ni aýt­mak­la­ry­ny ha­ýyş ed­ýä­rin. 

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar! 

Biz ýe­ne-de bir örän mö­hüm me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ly. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň 2018-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny taý­ýar­la­mak iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýar. Men hä­zir di­ňe aý­ry-aý­ry ugur­lar ba­ra­da du­rup geç­mek is­le­ýä­rin. 

Bu me­se­le­de pu­dak­la­ry çalt we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. 

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len we top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça öz­gert­me­ler do­wam et­di­ril­me­li­dir. Bu öz­gert­me­ler hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li giň ge­rim­li, aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. 

Ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­ny, hu­kuk­la­ry­nyň we bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ge­çen ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýyl­da hem bi­ziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­myz ila­ty­my­zyň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­ni we de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­dir. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­nyň we hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li beý­le­ki gör­nüş­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak esa­syn­da adam müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­me­li­dir. 

Şo­ňa gö­rä-de, gel­jek ýyl­da dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň muk­da­ry ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň umu­my möç­be­ri­niň 75–80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň yg­ty­bar­ly ösü­şi­ne, ma­li­ýe we dur­muş dur­nuk­ly­ly­gy­na esas­lan­ýan ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy we ýa­şa­ýyş jaý şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy üp­jün edil­me­li­dir. Şeý­le hem döw­let ta­ra­pyn­dan ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­ler gö­rül­me­li­dir. 

Zäh­met se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak we zäh­met ba­za­ryn­da­ky me­se­le­le­ri çöz­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň zäh­met çek­mä­ge bo­lan kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­ny ama­la aşyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri ma­li­ýe­leş­dir­mek Döw­let býu­je­tin­de uly or­ny eýe­le­me­li­dir. 

Şo­ňa gö­rä-de, men äh­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne gel­jek ýy­lyň Döw­let býu­je­ti­ni taý­ýar­la­ma­ga örän jo­gap­kär­li ga­rap, ony ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ka­bul et­me­gi tab­şyr­ýa­ryn. 

Hor­mat­ly adam­lar! 

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alan il­kin­ji dö­wür­ler­de hal­ky­my­za gaz, agyz su­wy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy we na­har du­zy mugt be­ril­di. Je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin hem ujyp­syz tö­leg bel­len­di. Şol çyl­şy­rym­ly dö­wür­de bu çä­re­ler ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýag­da­ýy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­lip­di. 

Şol dö­wür­de döw­le­tiň gaz­na­sy boş­dy. Zäh­met hak­la­ry­ny tö­le­mek, ze­rur bo­lan der­man­la­ry sa­tyn al­mak, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry sak­la­mak üçin se­riş­de ýok­dy. Bu bol­sa ra­ýat­la­ry­my­zyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­gy üçin amat­syz ýag­da­ýy dö­red­ýär­di. Şo­ňa gö­rä-de, biz şeý­le aý­gyt­ly çä­re­le­ri gör­me­li bol­duk. Hal­ky­myz köp se­riş­de­le­ri mugt ulan­dy we köp ýyl­lar­dan bä­ri bu dur­muş ýe­ňil­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp gel­ýär. 

Bi­ziň ýur­du­my­zyň ila­ty­na be­ril­ýän şeý­le ýe­ňil­lik­ler dün­ýä­niň hiç döw­le­tin­de ýok. Bu çyk­da­jy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­tin­den ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin ägirt köp ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Ýö­ne hä­zir­ki dö­wür­de bu ýe­ňil­lik­le­ri ýa­tyr­ma­gyň wag­ty gel­di di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. 

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na düýp­li go­şul­ma­gy mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly, re­je­li, tyg­şyt­ly we ýo­ka­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ta­lap ed­ýär. Ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ozal mugt ber­len dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri üçin in­di bel­li bir de­re­je­de tö­leg­le­ri gi­riz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa öň dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri bi­len bag­ly bo­lan pu­dak­la­ryň dü­şe­wünt­li iş­le­me­gi­ni ýo­la goý­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­re­der di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. 

Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­zyň bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri te­bi­gy se­riş­de­le­ri­mi­zi sarp et­mek üçin tö­leg­le­ri bel­le­me­gi hem-de bar bo­lan ýe­ňil­lik­le­ri ýa­tyr­ma­gy yzy­gi­der­li mas­la­hat ber­ýän­dik­le­rin­den hem ugur al­sak, dog­ry bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn. 

Şo­ňa gö­rä-de, ýa­şu­lu­la­ryň pi­ki­ri­ni gol­da­mak we na­za­ra al­mak bi­len, gel­jek­de hyz­mat­lar, te­bi­gy gaz, elekt­rik ener­gi­ýa­sy, agyz su­wy we na­har du­zy üçin ka­da­ly tö­leg­le­ri tap­gyr­ma-tap­gyr gi­riz­sek, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip ha­sap ed­ýä­rin. Si­ziň bu tek­li­bi gol­da­jak­dy­gy­ňy­za ynan­ýa­ryn! 

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar! 
Hor­mat­ly ak­sak­gal­lar! 
Ha­nym­lar we je­nap­lar! 

Men şu ýer­de ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­lä­ni goz­ga­mak is­le­ýä­rin. Adat­ça, ra­ýat­lar­dan ge­lip go­wuş­ýan ýüz­tut­ma­lar he­mi­şe de­giş­li eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan sel­je­ril­ýär. Bu ýüz­tut­ma­la­ryň äh­li­si jik­me-jik öw­re­nil­ýär we olar bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

Soň­ky dö­wür­de ra­ýat­la­ry­myz­dan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny üýt­get­mek we alyp bar­ýan işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça en­çe­me tek­lip­ler ge­lip go­wuş­dy. 

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty 2008-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket edip, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­läp gel­ýär. Hal­ky­my­zyň däp-des­su­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­laş­man, hiç bir mö­hüm ka­nun ýa-da res­mi­na­ma ka­bul edil­me­ýär. 

Ge­çen dö­wür­de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek hem-de ra­ýat­la­ry­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly köp san­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we örän mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di. El­bet­de, bu res­mi­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zy ös­dür­mek­de hem, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy üçin hem oňyn ne­ti­je­le­ri ber­di. 

Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň döw­le­ti­miz­de eýe­le­ýän or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin, men onuň hu­kuk ýag­da­ýy­ny üýt­get­me­gi we gur­lu­şy­ny öz­gert­me­gi tek­lip ed­ýä­rin. 

Bu mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty di­ýip at­lan­dyr­sak, şeý­le hem onuň işi­ne hal­ky­my­zyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin, dü­zü­mi­ni gi­ňelt­sek, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip ha­sap ed­ýä­rin. 

Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýer­li eda­ra­la­ry­ny dö­ret­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Ýer­li eda­ra­lar ha­kyn­da aýt­mak bi­len, men hä­zir­ki wagt­da he­re­ket ed­ýän et­rap, şä­her hem-de we­la­ýat halk mas­la­hat­la­ry­ny göz öňün­de tut­ýa­ryn. We­kil­çi­lik­li bu eda­ra­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýer­li eda­ra­la­ry hök­mün­de res­mi­leş­dir­sek, biz ola­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin şert­le­ri dö­re­de­ris di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. 

Bu we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak üçin, de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ka­bul et­me­li. Şo­ňa gö­rä-de, men Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na we Ada­lat mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­ri ber­me­gi tab­şyr­dym. 

Biz taý­ýar­la­nan şol res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny şu mas­la­hat­da si­ziň ga­ra­ma­gy­ňy­za hö­dür­le­dik. Eger, ma­kul­la­sa­ňyz, biz ola­ry ka­bul ede­ris. Bu işi gaý­ra goý­man, ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Se­bä­bi, wagt ga­raş­ma­ýar. Öň­de bi­ze uly we jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler ga­raş­ýar. Men ga­ra­ma­gy­ňy­za ber­len tek­lip­le­ri do­ly öw­ren­me­gi we öz pi­ki­ri­ňi­zi aýt­ma­gy siz­den ha­ýyş ed­ýä­rin. 

Eger ze­rur di­ýip ha­sap et­sek, on­da bu tek­lip­le­re de­giş­li üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­ri­ze­ris. Ýa­şu­lu­la­ryň şu mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­den öz mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi hem-de de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra se­ret­me­gi we ola­ry ka­bul et­me­gi ha­ýyş ede­ris. 

Saý­law­lar ha­kyn­da aý­dy­lan­da bol­sa, öňü­miz­de şeý­le çä­re­le­riň bir­nä­çe­si bar. Ýag­ny 2018-nji ýyl­da biz Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň, şeý­le hem Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­ny ge­çir­me­li. Şo­ňa gö­rä-de, biz bu saý­law­la­ra hä­zir­den taý­ýar­lyk gö­rüp baş­la­ma­ly. 

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar! 
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar! 
Ha­nym­lar we je­nap­lar! 

Bi­ziň uzak möh­let­li örän mö­hüm mak­sat­la­ry­myz, da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­myz mun­dan beý­läk hem üýt­gew­siz gal­ýar. Se­bä­bi, biz de­mok­ra­tik döw­le­ti­mi­ziň, ada­lat­ly ra­ýat jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek üçin, dö­re­di­ji­lik we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän Ga­ra­şsyz Wa­ta­ny­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we ynam­ly öňe git­mä­ge yg­rar­ly­dy­rys. 

Biz öz sö­zü­miz, ja­ny­myz-te­ni­miz we şöh­rat­ly iş­le­ri­miz bi­len, aja­ýyp gel­je­gi­miz üçin Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za ýü­rek­den hyz­mat et­me­li­di­ris. Bi­ziň hä­zir­ki we gel­jek­dä­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň gi­re­wi, ine, şun­da jem­le­nen­dir. 

Hor­mat­ly adam­lar! 

Si­ziň äh­li­ňi­ze tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, uzak ömür, bag­ty­ýar dur­muş we asu­da as­man, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin! 

Goý, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we ag­zy­bir hal­ky­my­zyň at-ab­ra­ýy we şan-şöh­ra­ty älem-ja­ha­na ýaň sal­syn! 

Goý, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň röw­şen ýo­ly bi­len ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ynam­ly bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­sün! 

Goý, Türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra ab­ra­ýy Ýer ýü­zü­ne dol­sun! 

Ýa­şa­syn eziz Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan! 

Ýa­şa­syn ba­ky sars­maz Türk­men döw­le­ti! 

Ýa­şa­syn Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri! 

Ýa­şa­syn Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!