Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. 

Türkmen Lideri howa menzilinden çykyp, Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezine bardy. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy. 

Russiýanyň baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen kärdeşine Soçi şäherine gelip görmek hem-de GDA-nyň Sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ýakynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda RF-niň wekiliýetine mähirli myhmansöýerli bildirendigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi. 

Prezident Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm, düýpli ylalaşyklara gol çekilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli bilelikdäki iş üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi. 

Türkmenistanyň Baştutany hoşniýetli sözler hem-de Soçide geçirilýän Sammite gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Liderini ýakynda bellenilen doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we ähli abadançylyklary arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaý güjügi sowgat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dosty bolup durýar. Wepaly atly alabaý itiniň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir. 

Prezident Wladimir Putine gowşurylan bu sowgat köpasyrlyk türkmen-russiýa dostluk ýörelgelerine ygrarlylygy hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynama esaslanýan şahsy gatnaşyklaryny alamatlandyrýar. 

Türkmen Lideri Russiýanyň Prezidentiniň ekologiýa, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak meselelerine uly üns berýändigini nygtap, sowgat berlen güjügiň alabaý tohumynyň iň gadymy we täsin wekilidigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Baştutany güjügiň eňsesinden tutup, ýokaryk galdyrdy hem-de şeýlelikde itiň häsiýetine baha berilýändigini düşündirdi. Şunda Wepaly özüni iň gowy tarapdan görkezdi, diýmek, ol batyrgaý we çydamly it bolup ýetişer. 

Günüň ikinji ýarymynda “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezinde GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi açyldy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar. 

Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy öz daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hasaplap, GDA-nyň döwletleri bilen gatnaşyklary hoşniýetli erk-islegiň, taryhy emele gelen dostlukly däpleriň, birek-biregiň bähbidini hormatlamagyň esasynda, deňhukukly açyk gatnaşyklar hem-de özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde gurýar. 

Biziň ýurdumyz GDA-nyň çäklerinde dürli çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen öz çäginde Arkalaşygyň möhüm duşuşyklaryny we forumlaryny, şol sanda döwlet we hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerini kabul etdi. Şunda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň oryn eýeläp, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, ynsanperwer-medeni, şeýle hem ekologiýa, sport, syýasatçylyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin eýe bolan köpugurly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga uly üns berýändigini bellemek gerek. 

Şonuň bilen baglylykda, 2012-nji we 2016-njy ýyllarda Mary we Daşoguz şäherleriniň Arkalaşygyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edilmegini bellemek gerek. Bu şäherlere hormatly derejäniň berilmeginiň çäklerinde olarda geçirilen çäreler Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde medeni gatnaşyklary ösdürmäge, däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga, GDA döwletleriniň halklarynyň taryhy-medeni mirasyny geljek nesiller üçin aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak işine mynasyp goşandy boldy. 

Şeýle hem biziň ýurdumyz sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleriniň, ozaly bilen häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda GDA döwletleri bilen özara gatnaşyklara ygrarly bolup galýar. 

2012-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlygy bolmak bilen, bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmäge örän düýpli we jogapkärçilikli çemeleşmesini görkezip, GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-yň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň öz daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.