“AK MERMERIŇ” AK ÝOLY

Gurluşygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaşlara bilim berýän Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde 2010-njy ýylda döredilen folklor-etnografik tans toparynyň “Ak mermer” ady Gahryman Prezidentimiziň paýtagtymyz Aşgabady dünýä ýüzünde ak mermere beslenen merjen şähere öwürmek babatda alyp barýan işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

“Ak mermer” folklor-etnografik tans toparynyň düzüminde 40-dan gowrak tansçy oglan-gyz, 20-ä golaý aýdymçy hem-de 15 sazanda bar. Tans toparyna Begenç Murzaýew ýolbaşçylyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi her ýyl ýurdumyzyň başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşige “Ak mermer” folklor-etnografik tans topary yzygiderli gatnaşyp, 2014-nji ýyldan bäri bassyr üç ýyl yzygiderli Baş baýraga mynasyp bolup gelýär. Özünde ussat tansçylary birleşdirýän tans toparynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna, şeýle hem hyormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda bina edilen “Ak öý” binasynyň açylyş dabarasynda üstünlikli çykyş edendigini hem guwanç bilen belläp geçmek bolar.

Bilşimiz ýaly her ýyl ýurdumyzda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrunda bäsleşik yglan edilýär. Garaşsyz, hemişelik Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň, düýpli ösüşleriniň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda gazanylan üstünlikleriň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döredendikleri üçin şu ýyl bäsleşigiň ýeňijisi bolan sungat toparlarynyň arasynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň “Ak mermer” folklor-etnografik tans toparynyň sylaglanmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Tans topary özleriniň bu üstünliklerine mähriban Prezidentimiziň medeniýete, sungata goýýan belent sarpasynyň netijesi diýip düşünýärler. Şeýle üstünliklere bolsa döwlet Baştutanymyzyň medeniýet we sungat ulgamynda döredýän giň mümkinçilileri bilen ýetilýändigi öz-özünden düşnüklidir.

“Ak mermer” folklor-etnografik tans toparynyň sungat älemindäki ak ýoly üstünliklere rowan. B.Murzaýew tans toparynyň geljekde hem täze sungat eserleri bilen geçirilýän medeni çäreleri bezejekdigini buýsanç bilen gürrüň berýär.

Ogultäç HUDAÝGULYÝEWA,

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy