Türkmenistanyň Prezidenti we “Niklaus” kompaniýasynyň ýolbaşçysy sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp masalahtalyşdylar

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Niklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzdaky Golf-klubuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu klubuň döredilmegi sportuň bütin dünýäde meşhur bolan golf görnüşini Türkmenistanda ösdürmäge ýardam etmelidir.

Jek Niklaus ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň hem-de tutuş ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Ýurdumyzda iri düzümleýin taslamalar, şol sanda sport ulgamynda taslamalar durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary, dünýäniň iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda sport ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy. Ýurdumyzda sporty höweslendirmäge we ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Jenap Jek Niklaus Türkmenistanyň bu ulgamda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmenistanlylarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçiligiň peýda bolandygyny, munuň üçin ähli şertleriň döredilýändigi nygtady.

Aşgabatda Golf kluby gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmak “Niklaus” kompaniýalar topary üçin buýsançly ýagdaýdygyny nygtap, Türkmenistanda golfy ösdürmäge mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.