Aşgabatda halkara ynsanperwer hukugynyň ulgamynda öňdebaryjy tejribä garalýar

Aşgabatda, paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly bilermenler, hususan-da, BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG ÖM-niň sebitleýin wekilleri maslahata gatnaşyjylary Milletler Bileleşiginiň bu ulgam boýunça degişli komitetleriniň jemleýji teklipleri bilen tanyşdyrdylar. 

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary babatdaky resminamalara goşulmak bilen, Türkmenistan olaryň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. 

Maslahata gatnaşyjylar halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň düzümleýin bölümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem olar daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary we milli synçylary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek boýunça geňeşmeleri geçirmegi dowam etmegiň möhümdigini aýtdylar. 

1-2-nji noýabrda maslahat Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatdaky halkara başlangyçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam eder. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda düýn ýokarda agzalan Toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini bellemeli. Duşuşyga ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak düzümleriniň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Mejlisiň dowamynda Toparyň şu geçen döwürde ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlary diňlendi we bu düzümiň işiniň geljekki esasy ugurlary bilen baglanyşykly wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen tassyklanan “2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny”, şeýle hem “2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryny, halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini özünde jemleýän häzirkizaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen, kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. 

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar häzirki zamanyň ählumumy ynsanperwerlik meselelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny bellediler. Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna laýyklykda, “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

BMG agza döwletleriň onlarçasy bu resminama awtordaş boldular. Munuň özi hem oňyn bitaraplyk derejesiniň esasy ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz işjeň daşary syýasaty, şol sanda adam hukuklary babatynda dünýäniň ähli halklarynyň bähbidine oňyn syýasaty alyp barýar.