Daşoguzda ýaşaýyş jaý gurluşygy maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Döwrebap köpöýli jaý demirgazyk sebitiň merkeziniň ýaşaýyş jaý gaznasyna goşuldy. „Atalyk gurluşyk“ şahsy kärhanasynyň hünärmeneri Baýdak köçesinde dört gatly, 16 öýli jayy bina etdiler. 

Bu jaýda otaglarynyň ýerleşii gowulandyrylan üç we iki otagly giň öýler bolup, olarda oňaýly ýaşaýyş üçin zerur şertleriň ählisi döredilen. Üç otagly öýüň umumy meýdany 140 inedördül metrdir. Oňaýly öýlerde ammar otagy bar, onuň eýwany aýnalanan. Onuň golaýyndaky meýdança abadanlaşdyrylyp, ol ýerde gezelenç we oýunlar zolaklary göz öňünde tutulan. 

Täze jaýyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalrynyň wekilleri, gojalar we ýaşlar gatnaşdylar. Çeper höwesjeňler jaýa göçüp gelenlere aýdym-sazlary peşgeş etdiler. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy. 

Türkmenistanda wagtyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Milli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde demirgazyk welaýat merkezinde soňky ýyllarda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depgini güýçlendi. Olar döwlet serişdeleriniň, şeýle hem paýçylaryň serişdeleriniň hasabyna bina edilýär. Şunda döwlet guramalary bilen birlikde hususy kompaniýalar işjeňlik görkezýärler, olar Daşoguzyň ösen durmuş, ulag we dynç alyş düzümleri kemala gelýän täze massiwlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar.