Balkan welaýatynda tebigy baýlyklary gaýtadan işlemekde iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda önümçiligi intensifikasiýalaşdyrmagyň, halk hojalygynyň düşewüntliligini we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen ony senagatlaşdyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu wezipäni durmuşa geçirmekde Balkan welaýatyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda bu ýerde gazhimiýa, himiýa senagaty pudaklarynda tebigy baýlyklary döwrebap tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlemäge, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň çykarylyşyny artdyrmaga esaslanýan iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. 

Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy gurulýar. Bu taslama “TOYO Engineering” (Ýaponiýa), “LG International Corporation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Onuň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna golaýdyr. Kärhanany 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek bellenilýär. Ýöne gurluşyk işleri düýpli öňürtme bilen alnyp barylýar. Häzir bu ýerde 5,5 müňden gowrak adam işleýär. Toplumyň işe girizilmegi bilen bu ýerde 1300-e golaý adam zähmet çeker. 

Taslama işleri, enjamlary getirmek işleri tamamlandy. Şeýle hem toplumyň gurluşygynda häzirki wagtda esasy we kömekçi ulgamlary, dürli rezerwuarlary gurnamak we bejermek, ammar jaýlaryny, bejeriş-mehaniki bölümini, azot saklanýan jaýy, baş energiýa ulgamynyň binasyny, dolandyryş merkezini, baş turba estakadasyny, deňiz suwuny süýjedýän desgany gurmak işleri hem-de beýlekiler tamamlandy. Häzirki wagtda esasy tehnologik enjamlaryny goýberiş-sazlaýyş – gazyň, kreking etanyň, ýokary dykyzlykly polietileniň we polipropileniň separasiýasy işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtda gazhimiýa toplumunda zähmet çekjek hünärmenler okadylýar. 

Toplumda polietileniň we polipropileniň önümçiligi häzirki zaman tehnologiýalary esasynda amala aşyrylar. Bu tehnologiýalar baçlangyç çig maly ähli garyndylardan tasin usul bilen düýpli arassalaýandygy bilen tapawutlanýar. Şonuň netijesinde, iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa önümler öndüriler. 

Granulirlenen polipropilene dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýär. Ol polimer plýonkalaryny, emeli süýümi, berk list termoplastlary, turba, kendir, örän berk tanaplary, awtomibiller üçin filtrleri, dürli geýimleri we mebelleri, gaplaýjy serişdeleri hem-de azyk önümleri üçin gaplary –bulgurjyklary, nowajyklary we beýlekileri öndürmekde ulanylýar. 

Toplumyň beýleki bir önümi bolan polietileniň hem ajaýyp eksport geljegi bardyr. Onuň esasynda dürli turbalaryň we köp isleg bildirilýän harytlaryň önümçiligini ýola goýmak mümkin. Ýokary dykyzlykly politetilen örän berk we gaty termoplasdyr. Ol öý hojalygynda hem-de senagatda peýdalanylýan guýlup we ýel berlip ýasalýan gaplary öndürmekde ulanylýar. 

Dünýäde propileniň sarp edilişi ýyl-ýyldan artýar. Onuň şeýle depginlerde ulanylmagy netijesinde, ýakyn ýyllarda isleg önümçiligiň möçberinden ýokary bolar, şonuň üçin hem bu önümi öndürmegiň täze tehnologiýalary örän möhüm ähmiýete eýedir. Şunda polipropilen önümçiligi üçin ýokary derejeli arassalykdaky propileniň öndürilmegi aýratyn möhümdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýokary düzümli etana baý bolan gaz känleri köpdür, munuň özi bolsa gazhimiýa pudagyny işjeň ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn işläp taýýarlamak hem-de ondan alynýan önümleriň eksporta iberilýän möçberiniň artdyrylmagy Türkmenistana diňe bir başky energiýa serişdeler bazarynda öz ornuny berkitmäge ýardam etmän, himiýa önümleriniň geljegi has uly bazarynda hem mynasyp orun almaga mümkinçilik berer. 

Gyýanlyda täze önümçilik düzüminiň ulanylmaga berilmegi nebithimiýa önümçiliginiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam berer, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde senagatlaşdyrylmagy boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine uly goşant bolar. 

Uglewodorod serişdelerine baý ýurt bolan Türkmenistan bu serişdeleriň, ozaly bilen, halkymyzyň bähbidine peýdalanylmagyna gönükdirilen syýasaty ugur edinýär, şeýle hem olaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdäki dört döwletiniň hataryna girýär hem-de ilaty gaz bilen bökdençsiz üpjün edip, “mawy ýangyjyň” eksporta iberilýän möçberiniň artdyrylmagyna, onuň daşarky bazara iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna çalyşýar. 

Uglewodorod gorlarynyň möçberleri boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi guruldy we ulanylmaga berildi, ol ýurdumyzyň gaz geçiriji şahalaryny birleşdirdi hem-de eksport kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagy üpjün etdi. Türkmenistanda dünýäde uly islege eýe bolan önümleriň önümçiligi üçin “mawe ýangyjy” gaýtadan işlemek ýola goýuldy. 

Gurluşygyna 2013-nji ýylda badalga berlen Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy dünýäniň öňdebaryjy – Gollandiýanyň “Ineos”, ABŞ-nyň “Greas”, Ýaponiýanyň “Tovo” we beýleki kompaniýalaryň ygtyýarlandyrylan tehnologiýalary esasynda bina edilýär. Şeýlelikde, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça Gyýanlynyň gazhimiýa toplumynda Ýaponiýada, Koreýa Respublikasynda, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Belgiýada, Germaniýada, Daniýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda önddürilen häzirkizaman tehnologiýaly enjamlar oturdylýar, olar ylmyň soňky gazananlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandyr. 

Şunda tebigaty goramagyň talaplaryna, himiýa kärhanasynyň ekologiýa ýetirýän täsirini azaltmak meselelerine aýratyn üns berilýär, munuň özi arassaçylyk we gigiýena kadalaryna laýyk gelýän ýörite goşundylary işläp taýýarlamagy, polietileni gaýtadan işlemek usullarynyň kämilleşdirilmegini hem öz içine alýar. 

Daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik bu desganyň örän möhüm aýratynlygydyr. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligi üçin şertleri döredýär. Ýakyn wagtlarda şunuň ýaly gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar. 

Ýurdumyz energetika bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrmak bilen, sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny bellemek gerek. Bu energiýa geçirijisiniň üsti bilen geljekde türkmen tebigy gazy Owgatystanyň, Pakistanyň çäklerinden geçirilip, Hindistanyň Fazilka ilatly ýerine ýetiriler hem-de dostlukly halklaryň röwşen geljeginiň bähbidine gönükdiriler. 

Polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça Gyýanlynyň gazhimiýa toplumynda iň täze häzirkizaman enjamlar oturdyldy, her ýyl tebigy gaziň 5 milliard kub metri gaýtadan işleniler hem-de 386 müň tonna polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndüriler. Dünýä bazaryndaky islegleri hasaba almak bilen, ýurdumyz bu önümleri eksporta iberer, bu bolsa köp mukdarda walýuta serişdelerini gazanmaga mümkinçilik berer. 

Bu serişdeler ilatyň ýaşaýyş-durmuş şetleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, täze obalaryň, şäherleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň hem-de durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna hem-de aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň artdyrylmagyna gönükdiriler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şeýle hem olar bazarlarda, dükanlarda azyk we senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin peýdalanylar. Umuman, ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurtlara ibermekden alynýan girdejiler halkymyzyň, raýatlarymyzyň, çagalaryň bähbidine gönükdiriler. 

Bu ugurda Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýrmasy esasynda gurulýan karbamid önümçiligi boýunça zawodyň işe girizilmegi-de täze mümkinçilikleri açar. Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” we Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň konsorsiumynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gurulýan bu zawodyň gurluşygyny 2018-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa saparynyň çäklerinde gol çekilen Çarçuwaly ylalaşygyň esasynda gurulýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ileri tuutulýan pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolar. 

Toplumy gurmak üçin 60 gektar meýdan bölünip berildi. Bu çäkde ammiak önümçilik bölümi (Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ygtyýarnamasy) ýerleşer, onuň düzümine 10 müň tonna suwuk ammiak saklamaga niýetlenilen ammar we gaz sintezini kömürturşy gazyndan arassalaýan enjam (ABŞ-nyň “UOP” kompaniýasynyň ygtyýarnamasy), karbamid önümçiligi boýunça bölüm (Italiýanyň “Saipem” kompaniýasynyň ygtyýarnamasy), her biriniň sygymy 50 müň tonna bolan karbamid üçin iki sany ammar hem-de suw arassalaýjy desga, kuwwaty 54 megawat bolan iki sany gazturbina elektrik generatory, umumy kuwwaty sagatda 40 müň kubmetre golaý deňiz suwuna deň bolan deňiz suwuny berýän ulgam, owradylan karbamid önümçiligi boýunça bölüm (“Uhde Fertilizer Technology” nemes kompaniýasynyň ygtyýarnamasy), taýýar önümleri gaplamak we ýüklemek boýunça bölüm, taýýar önümi Hazar deňzi arkaly eksporta ibermek üçin ýüklemek hem-de äkitmek üçin menzil we beýlekiler ýerleşdiriler. 

Bu önümçilikde tebigy gaz başlangyç çig mal höhmünde ulanylar, onuň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýagdaý azot dökünleriniň, hususan-da, karbamid önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklaryň gurulmagynyň geljeginiň uludygyny tassyklaýar. 

Oba hojalyk pudagynyň ýokary netijeli mineral dökünleri bilen üpjün edilmegi ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmegiň özeni bolan ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagynda hem-de maldarçylygyň we guşçulygyň ot-iým binýadynyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. 

Kärhananayň gurluşygynda hünärmenler önümçiligiň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak hem-de bu ulgamda ygtyýarlylandyrylan tehnologiýalary peýdalanmak meselelerine uly üns berýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat kärhanalarynyň gurluşygynyň hem-de olaryň işleriniň ähli tapgyrlarynda ekologiýa meselesiniň iň zerur talaplaryň biridigini belläp, ähli ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyna we oňa bilermenleriň gözegçiliginiň möhümdigine ünsi çekýär. 

Täze kärhananyň işe girizilmegi Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatlyklarynyň köp esse artdyrylmagyna kömek eder, bu, öz nobatynda, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna şert döreder. 

Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýewropanyň hem-de ABŞ-nyň belli kompaniýalarynyň iň täze tehnologiýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, zawod her ýylda 1 million 155 müň tonna ýokary hilli karbamid we 640 müň tonna ammiak öndürer. Bu önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara iberiler. 

Eýýäm häzirden iri kompaniýalar Garabogazda öndüriljek karbamid dökünlerini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler.Taýýar önümler zawodyň ammarlaryndan Garabogaz şäherindäki “Bekdaş” deňiz menzil- nokadyna getiriler we şol ýerden Hazar boýunça gämilerde daşary ýurtlara ugradylar. 

Iri maýa goýum taslamalary, ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň hem-de olary gaýtadan işlemek bilen alynýan önümleriň netijeli peýdalanylmagy, şol sanda nebithimiýa pudagynda peýdalanylmagy diňe bir türkmen halkynyň bähbitlerine däl-de, tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilip, dünýäde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýlek-de ösdürilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. 

Örän baý çig mal serişdeleri Türkmenistanyň iň iri ýod, brom we himiýa senagatynyň beýleki önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän iri döwletleriň hataryna goşulmagyna kömek eder. 

Bu babatda örän gymmatly himiýa düzümleriniň täsin çeşmesiniň ýerleşýän ýerinde - Garabogazda zawodyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlet hökmünde kemala gelmeginiň ýolunda ýene bir uly ädimdir. 

Eýýäm häzirki wagtda bu gazhimiýa toplumynda gurluşykçylary hem hasaba alanyňda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, şol sanda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan ýaş inženerleriň, täze önümçiligiň özleşdirilmeginiň barşynda şu ýerde hünär derejesine, häzirkizaman bilimlerine we talap bildirilýän başarnyklara eýe bolan işçileriň 6 müňe golaýy zähmet çekýär. Olar üçin taslama laýyklykda, durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini, şol sanda ýaşaýyş toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Geljekde bu ýerde ähli durmuş düzümleri, mekdebi, çagalar bagy we beýlekileri bolan tutuş şäherjik dörär.

Gurluşygyna ABŞ-nyň 1 milliard 570 million 95 müň dollary gönükdirilen karbamid zawodynyň bina edilmegi Balkan welaýatynyň ykdysady taýdan ösmegine oňyn täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, tuutş ýurdumyzyň kuwwatynyň artdyrylmagyna uly goşant bolar. 

Mundan başga-da, bu ýerde 900-e golaý täze iş orny dörediler.Täze desgany dolandyrmaga we oňa hyzmat etmäge jemlenen türkmen inženerleriniň hem-de tehniki işgärleriniň ýüzlerçesi üçin ýörite okuwlar guralar. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurlan hem-de gurulýan täze zawodlar we fabrikler, senagat kärhanalary mynasyp derejede iş şertlerini hem-de zähmet haklaryny teklip edýärler, munuň özi tehnologiýa ulgamyna zähmet serişdelerini işjeň çekmäge, sebitleriň innowasiýa-ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär, muny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitledi. 

Gürrüňsiz suratda giňeljek, giň gerimde ösjek Garabogazyň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatynda birnäçe ugurlara garalmagy mümkindir. Mysal üçin, ol Gyýanly bilen ulag gatnawlary arkaly baglanyşdyrylar, bu bolsa olaryň aralygynda beýleki kärhanalary ýa-da şäherçeleri gurmaga mümkinçilik berer, olar wagtyň gelmegi bilen senagat düzümini kemala getirer. Täze kärhanalaryň işe girizilmegi bilen birlikde, tehniki-hünär bilim, hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmak we täze tehnologiýalary öwrenmek merkezleri hem açylar. 

Balkan welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň senagat ulgamynda, däp bolşy ýaly, nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjysy we Türkmenistanda iň iri kärhana - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzyň senagatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň paýy 25 göterime barabardyr. 

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleriniň esasy görnüşleri ýokary oktanly etilleşdirilmedik awtobenzindir, uçar hem-de tehniki kerosindir, suwuklandyrylan nebit gazydyr, gidroarassalanan dizel ýangyjydyr, 25 görnüşli çalgy ýaglarydyr, daglanan elektrod koksydyr, gurluşyk we ýol bitumydyr, mazutlardyr hem-de polipropilendir. “Ýewro-5” kysymly nebit önümleriniň hem-de biaksial ugurly polipropilen plýonkasynyň iki görnüşiniň: ýuka bir gatly we soekstruzion plýonkasynyň önümçiligi ýola goýulýar. Soekstruzionplýonkasy gazyň öňüni alýan aýratynlyklary we ýokary gyzgynlyk dörediş häsiýeti bilen tapawutlanýar. Poliamidiň ýörite gatlagy doňdurylmaga degişli harytlar üçin wakuum we ýokary berklikdäki gaplary taýýarlamakda şunuň ýaly plýonkany peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Plýonkanyň gatynyň arasyna bozulmaýan möhri basmak hem-de ony demirleşdirmek mümkindir. Geljekde plýonkalaryň görnüşlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. 

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda arassalaýjy desgalaryň we aýlawly suw üpjünçiliginiň täze senagat ulgamy ulanylmaga berildi. Kompýuter arkaly dolandyryş gullugy täze desganyň toplumynda iň möhüm düzümdir. Paýlamak ulgamy arkaly arassalaýjy desgalaryň inženerçilik bölümlerine hem-de arassalanan akymlary gaýtadan peýdalanmak üçin senagat we durmuş akymlarynyň çeşmelerinden arassalaýyş bölümlerine hem-de ters ugur boýunça çekilen estakadalarda turbageçirijilere gözegçilik etmek işleri amala aşyrylýar. 

Tehnologiýa bölümlerinden başga-da, operatorlaryň monitoring giňişligine senagat we durmuş galyndylary üçin gaplar, köp şahaly lagym ulgamy, gradirniler, nebit galyndylaryny zyýansyzlandyrýan enjamlar hem-de arassalaýjy desgalaryň beýleki düzüm bölekleri girýär. 

Birinji toplumyň çykyş tapgyrynda alnan arasssa suw zawod önümçilikleriniň suw dolanyşyklarynyň üstüni doldurmak üçin gaýtadan yzyna akdyrylýar. Deňiz düzümine laýyk gelýän suwuň bir bölegi Hazardan aýrylaşdyrylan suw kabul ediji desgalara akdyrylýar. Ikinji goýberiş toplumy durmuş-hojalyk galyndy suwlary ýygnamak üçin niýetlenendir, bu suwlar arassalanandan soňra gök zolaklary suwarmak üçin peýdalanylýar. 

Tutuşlygyna arassalaýyş desgalarynyň öndürijilik kuwwaty gije-gündizde 30 müň kub metrden gowrakdyr. Olardan gaýtadan peýdalanmak üçin arassa suwuň 25 müň kub metri yzyna getirilýär, munuň özi iri deňiz suwuny arassalaýjy desganyň ulanylmaga berilmegi bilen deňeçerdir. 

Täze binanyň desgalar toplumyna sanitar barlaghanasy hem girýär, ol ABŞ-nyň we Ýewropanyň belli şereketleriniň ýokary takyk seljeriş enjamlary bilen üpjün edildi. 

Şeýle iri möçberli arassalaýyş desgalary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçiligiň täze ekologiýa hil derejesini üpjün etmäge, diňe bir kärhananyň çäginde däl-de, eýsem, onuň çäkleriniň daşynda hem – şypahana şäherinde we onuň töwereklerinde daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga kömek eder, munuň örän möhüm meseledigini milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe nygtaýar. 

Mahlasy, Balkan welaýatyny senagatlaşdyrmagyň barşy tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetini tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmagyň giň gerimine şaýatlyk edýär. Bu işler obasenagat toplumyndaky häzirkizaman taslamalary we oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegini, gurluşyk pudagyny hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini, lukmançylygy, ýeňil we azyk senagatyny, balyk hojalygyny hem-de beýleki köp ugurlary öz içine alýar. 

Türkmen ykdysadyýetiniň täze senagat nusgasy häzirki wagtda awtomatlaşdyrylmagyny we kompýuterleşdirilmegini, önümçiligiň ekologiýa häsiýetini, ýokary tehnologiýaly hyzmatlar ulgamyny aňladýar. Bularyň ählisi garyşyk pudaklaryň hil taýdan ösmegini, şol sanda ulag-aragatnaşyk we logistika ugurlarynyň kämilleşdirilmegini, ýokary hilli hyzmatlary, bilimleri hem-de zähmet başarnyklarynyň ösdürilmegini kepillendirýär.