Türkmenistanda binagärlik taslamalary patent bilen goralar

Türkmenistan binagärlik taslamalary göçürilmeginden goramagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda özboluşly desgalaryň we binalaryň gurulýar, olaryň köpsanlysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, potratçylar bilen baglaşylýan şertnamalara özboluşly işleriň we pikirleriň göçürilmeginden goramak maksadynda gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak babatda degişli patenti resmileşdirmek bilen bagly bölümi girizmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, şertnamada gurluşygyň taslamasy üçünji bir ýurda berlen halatda, potratçynyň we buýrujynyň mümkin bolan jogapkärçiligini görkezmeli.

Gol çekilýän her bir şertnama ýokarda görkezilen bölümi hökman içine almalydyr diýip, milli Liderimiz talap etdi hem-de wise-premýer G.Myradowa ýurdumyzdaky ähli iri we möhüm ähmiýetli gurluşyklara patent bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk üçin ähli bäsleşikleriň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilmelidigini aýtdy.