Telekeçiler gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar

„Hilli gurluşyk önümleri“ hojalyk jemgyýeti ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton we 100 müň tonna otaglaryň bezeginde ulanylýan gury gips garyndylaryny çykarar. Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerli telekeçiler bezeg materiallarynyň çykarmak boýunça kärhanany bina edýärler. Onuň sehleri gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde güýçli depginlerde önümçilik binalary, durmuş we edara jaýlary gurulýar. Gurluşygyň iş tabşyryjysy „Hilli gurluşyk önümleri“ HJ gurluşyk meýdançasyna indiki ýylyň maý aýynda islegli önümi çykaryp başlajak kärhana üçin peçleriň, owradyjy we beýleki enjamlaryň bir bölegini getirdi. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, pudaklaýyn ministrlikler we edaralar gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny we durmuş-ykdysady özgertmeleriň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň sebitleriniň ählisinde pudagyň täze edaralary gurulýar we bolanlarynyň durky täzelenilýär. Gurluşyk senagatynyň bu pudagynyň çalt depginlerde ösmeginde daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça maksatnamasynyň ähmiýeti ulydyr, onda täze önümçilikleri döretmek ýa-da bolanlarynyň ugruny üýtgetmek göz öňünde tutulýar. 

Magdanlyda gurulýan ýerli çig maldan gipsokarton we gury gips garyndylaryny çykarmak boýunça kärhana çalt depginlerde ösýän pudagyň köp görnüşli ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli gurluşyk materiallaryna bolan islegini ep-esli derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.