Türkmenistanyň Hökümetiniň göçme mejlisinde gündogar welaýatyny ösdürmegiň esasy meselelerine seredildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) 

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen ugrady, bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. 

Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. 

Bu ýerde, howa menzilinde milli Liderimiz Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, welaýatlarda degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň jeminiň jemlenýän pursatlarynda welaýatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleriň toplumlaýyn esasda ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, her bir welaýatda ilatyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň aýratyn wajypdygyny belläp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini aýtdy. 

Şunuň bilen bir hatarda döwlet Baştutanymyz welaýatlary sazlaşykly ösdürmek babatda olaryň çäk-dolandyryş gurluşyny has-da kämilleşdirmek meselesi barada durup geçip, şunda degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi. 

Milli Liderimiz iş maslahatynyň ahyrynda sebitiň oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny aýdyp, bu babatda tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden çykyp, Lebap welaýatynyň häkimligine tarap ugrady. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda oba ilatynyň hal- ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň welaýatda durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, welaýatyň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimleriniň işine baha berildi, Lebap welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmegiň ugurlary kesgitlendi, şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle hem mejlise Lebap welaýatynyň ýaşululary çagyryldy. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, soňky döwürde ýurdumyzyň keşbini tanalmaz ýaly üýtgeden düýpli özgertmeler bolup geçdi. Täze obalardyr şäherçeler döredildi. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly müňlerçe binalar we desgalar, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi diýip belledi. 

Ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, has uzakdaky obalarda hem iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bina edildi. 

Täze demir we awtomobil ýollaryny, beýleki möhüm ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işler ýokary derejede amala aşyryldy. Ylym we bilim ulgamlary, medeniýet hem-de sungat ýokary depginler bilen ösdürildi. Ak mermerli paýtagtymyz Ýer ýüzüniň iň bir gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlik bilen geçirildi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Lebap welaýatyny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Bu ugurda birnäçe kararlar kabul edildi. Welaýatda köp sanly iri desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Şol desgalaryň hatarynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, kaliý dökünlerini we sement öndürýän uly kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalary hem-de beýleki ýüzlerçe desgalary görkezmek bolar. 

Häzir hem Lebap welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, köp ugurly hassahananyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu desgalar welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. 

Emma, muňa garamazdan, welaýaty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde köp kemçiliklere hem ýol berilýär. Aýratyn-da, bu ýagdaý oba hojalyk önümlerini öndürmekde duýulýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. 

Döwletimiz tarapyndan ähli hemaýat-goldawlaryň berilýändigine garamazdan, şu ýyl welaýat bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedi. Şeýle hem, welaýatyň üç etraby pagta öndürmek baradaky meýilnamasyny berjaý etmegi başarmady. Häzirki wagtda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işlerde hem haýal-ýagallyga ýol berilýär. 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde-de kemçiliklere ýol berilýändigini aýtdy. Bu kemçilikleri düzetmek üçin netijeli işler geçirilmeýär. Welaýatyň ilatly ýerleri arassa agyz suwy, täze berlen mellek ýerleri, tebigy gaz bilen doly üpjün edilmeýär. 

Etraplardaky köprüleri abatlamak we olaryň durkuny täzelemek boýunça netijeli işler geçirilmeýär. Etrap merkezleriniň we obalaryň içerki ýollary ýaramaz, olaryň aglaba bölegi asfaltlanmaga degişli. 

Ýurdumyzyň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün etmek üçin, kabul edilen degişli kararlar esasynda welaýatda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan birnäçe ýyladyşhanany gurmak göz öňünde tutuldy. Emma, häzirki wagtda bu ýyladyşhanalaryň gurlup, ulanmaga berilmeli möhletleri gijä galýar. 

Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalar welaýatda talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, ýollaryň gurluşygy bellenen möhletlerden gijikdirilip alnyp barylýar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda dowam edýän kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem gönüden-göni jogapkärçilik çekýändigini aýratyn belledi. Bu ýolbaşçylaryň welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplaryň häkimleri bilen bilelikde, ysnyşykly işlemändikleri sebäpli, şeýle kemçilikler ýüze çykýar. Şeýle bolansoň, ilatyň durmuşynda emele gelýän derwaýys meseleler öz wagtynda çözülmeýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän işlerde bökdençlikleri döredýär. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň doly we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin, ilki bilen welaýat, şäher we etrap häkimleriniň jogapkärçilik çekýändigine ünsi jemledi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunylygyň berjaý edilmegi bilen bagly meseleleriň hemişe berk gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ugurda geçirilýän işleriň bolsa netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hasabat bermek üçin Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi. 

Hasabat berlişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda Lebap welaýatynda geçirilen barlaglaryň barşynda Serdarabat, Döwletli we Galkynyş etraplarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Galkynyş pagta arassalaýjy kärhanasynyň direktorynyň gulluk wezipelerinden hyýanatly peýdalanyp, parahorluga we korrupsiýa baş goşandyklary ýüze çykaryldy. 

Hususan-da, habar berlişi ýaly, 2014-2017-nji ýyllarda welaýatyň Serdarabat etrabynyň häkimi wezipesinde işlän I.Işankulyýew şol etrabyň häkimliginiň oba hojalyk özgertmeleri we döwrebap usullary ornaşdyrmak bölüminiň müdiri bolup işlän J.Orunow bilen bilelikde, ozal şol etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň direktory bolup işlän, soňra şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinde işlän M.Çaryýewe köp mukdarda para berip, hakykat ýüzünde ýygylmadyk 800 tonnadan gowrak pagtany döwlet harmanyna tabşyrylan hökmünde galp maglumatlary hasabata goşupdyrlar. 

Şeýle hem I.Işankulyýew J.Orunowyň üsti bilen Ýasydepe daýhan birleşiginiň başlygy J.Baltaýewden kärendeçilerden ýer üçin alnan serişdelerini daýhan birleşiginiň hasabyna girdeji etdirmän, özi para hökmünde alypdyr. 

Mundan başga-da, I.Işankulyýew etrabyň daýhan birleşikleriniň başlyklaryndan yzygiderli para alypdyr. 

Häzirki döwürde I.Işankulyýewiň, J.Orunowyň we M.Çaryýewiň eden jenaýatçylykly hereketleri bilen baglanyşykly derňew işleri dowam edýär. 

Şeýle hem Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory hasabatynyň çäklerinde welaýatyň Galkynyş pagta arassalaýjy kärhanasynda geçirilen barlag işleriniň netijeleri barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, Galkynyş etrabynyň häkimi wezipesinde işlän B.Kadyrow, şol etrabyň häkiminiň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary B.Açilow hem-de etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Halnyýazow dagy deslapdan dilleşip, köp mukdarda pagta hasylynyň tabşyrylandygy barada galp resminamalary düzüp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler. Häzirki wagtda olara jenaýat işi gozgalyp, bikanun alnan pullar döwletiň haýryna geçirildi. Şeýle jenaýatçylykly hereketler boýunça derňew işleri dowam edýär. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalaryň ýurdumyzda köki-damary bilen ýok edilmelidigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan barlag işlerini dowam etmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi. Olar geçirilýän işlere degişli derejede gözegçilik etmeýärler hem-de Ministrler Kabinetiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde köp sanly kemçiliklere ýol berýärler. 

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktorynyň hasabatyndan görnüşi ýaly, welaýatda parahorluga ýol berlen ýerler bolupdyr. Şonuň üçin etraplaryň üçüsiniň häkimleri we beýleki birnäçe wezipeli adamlar eýeleýän wezipelerinden boşadyldy. 

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Ç.Çarlyýewi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ahal welaýatynyň häkimi bolup işlän T.Atahallyýewi belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz E.Gaýypowy saglyk ýagdaýy sebäpli Lebap welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Ş.Hojanazarow bellenildi. 

Milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça işler, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça bu welaýatyň häkimlikleriniň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde geçirilen işler barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň degişli Kararynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda etraplaryň we şäherleriň taryhy atlaryny dikeltmek barada welaýatyň ilatynyň, esasan, ýaşuly nesliniň wekillerinden gelip gowşan teklipler öwrenildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” atly kitabynda beýan edilen gymmatly maglumatlardan ugur alyndy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýigrimi bäşinji maslahatynda parlamentariler tarapyndan kabul edilen şol resminamanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

Karara laýyklykda, bu sebitiň düzümine 10 etrap – Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki, Döwletli, Köýtendag, Farap, Hojambaz etraplary hem-de 1 etrap hukukly şäher—Türkmenabat şäheri girýär. 

Birata etrabynyň çäkleri öňküligine galdyryldy. Etrabyň hem-de onuň Birata şäheriniň atlary üýtgedildi, olar Darganata etraby we Darganata şäheri diýlip atlandyryldy. 

Garaşsyzlyk, Galkynyş etraplary hem-de etrap hukukly Seýdi şäheri, şeýle hem onuň düzümindäki Gabakly we Isbaz geňeşlikleri birikdirilip, täze etrap döredildi hem-de bu etraba onuň taryhy ady bolan Dänew ady dakyldy. 

Seýdi şäheriniň hukuk derejesi üýtgedilip, oňa etrapdaky şäher derejesi berildi. 

Galkynyş etrabynyň etrap merkezi bolan Galkynyş şäheriniň ady üýtgedilip, ol Dänew şäheri diýlip atlandyryldy. Dänew etrabynyň Nyýazow şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Garaşsyzlyk ady dakyldy. 

Serdarabat etrabynyň ady üýtgedilip, oňa taryhy Çärjew ady dakyldy, etrap merkezi bolan Guşçular obasynyň ady Çärjew diýlip üýtgedildi hem-de bu oba şäherçe derejesi berildi. 

Sakar, Garabekewül etraplary hem-de Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap ýatyrylyp, onuň çägi we dolandyryş-çäk birlikleri degişlilikde Saýat we Halaç etraplarynyň hem-de Döwletli etrabynyň düzümine geçirildi. 

Atamyrat etrabynyň çäkleri öňküligine galdyrylyp, etrabyň hem-de etrap merkezi bolan Atamyrat şäheriniň atlary üýtgedilip, olara taryhy ady bolan Kerki ady dakyldy. 

Döwletli etrabynyň ýerlerinden 143852 gektar ýeri Hojambaz etrabyna geçirildi. Bu çäkde ýerleşýän Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşliginiň Tölekguýy obasy (ilaty 1478 adam) Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň düzümine geçirildi. 

Magdanly şäheri, onuň düzümindäki Çärjew we Ýürekdepe geňeşlikleri Köýtendag etrabyna geçirildi. 

Farap, Hojambaz etraplary hem-de Türkmenabat şäheri öňki ýagdaýlarynda galdyryldy. 

Mejlisiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, bu Kararyň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny has-da kämilleşdirmäge ýardam eder, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegini, ähli welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşini üpjün eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, Milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyklarda bu meseläniň birnäçe gezek galdyrylandygyny belledi. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň sebitlerimiz durmuş-ykdysady ulgamda geçirilýän giň gerimli özgertmeler, dürli pudaklarda iri senagat taslamalarynyň amala aşyrylmagy netijesinde, ýokary depginler bilen ösýär. Täze ýerler özleşdirilip, giň giden meýdanlar oba hojalyk dolanyşygyna girizilýär. Döwrebap şäherçeler we senagat merkezleri gurulýar. Awtomobil hem-de demir ýollary çekilip, olaryň ugrunda degişli üpjünçilik ulgamlary emele gelýär. Elektrik, gaz we suw geçirijiler, aragatnaşyk ulgamlary bilen bilelikde ýurdumyzyň iň bir uzakdaky künjeklerine hem täze durmuş gelýär. Şunuň bilen baglylykda, käbir geňeşlikleriň düzümine girýän obalaryň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek, täze geňeşlikleri döretmek zerurlygy ýüze çykýar. 

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bularyň ählisi, her bir aýratyn alnan sebitiň mümkinçiliklerini hasaba alyp, olary tertipleşdirmek, ilat üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, dolandyryş-çäk bölünişigine gaýtadan seretmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady. 

Türkmenistanyň degişli Kanunyna laýyklykda soňky ýyllarda bu ugurda ençeme özgertmeler geçirildi. Häzirki döwürde hem bu işi dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni bu meseläniň möhüm taraplaryna çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz, ilkinji nobatda, onuň taryhy tarapy barada durup geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerde biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň köp sanly söwda şäherleriniň, taryhy welaýatlaryň we ýerleriň atlaryny galdyrandygyny belledi. Bu atlar diňe bir gadymy çeşmelerde, ylmy işlerde däl-de, eýsem halkyň hakydasynda hem saklanyp galypdyr. Dehistan, Amul, Abiwerd, Parfiýa... şeýle gözel atlary näçe sanasaň sanap oturmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda ilatly ýerleriň köp sanly täze atlary peýda boldy. Bu atlarda täze döwrüň ruhy, tapawutly aýratynlyklary beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde, gadymy ilatly ýerleriň – köne şäherleriň, şeýle hem häzirki şäherleriň we etraplaryň ozalky atlaryny dikeltmek möhüm diýip hasap edýärin diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Lebap welaýatynda hem geçmişde meşhur atlary bolan şeýle ýerler az däl. Eger biz olaryň atlaryny şol sebitiň ýer-ýurt atlarynyň sanawynda (toponimikasynda) saklap galsak, onda bu milli mirasymyzy gorap saklamagyň we soňky nesillere ýetirmegiň ýene-de bir ýoly bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň täze döredilen etraplarynyň häkimlerini we olaryň orunbasarlaryny wezipä bellemek baradaky çözgüdini yglan etdi. 

Döwlet Baştutanymyz Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine Ş. Hudaýkulyýewi belläp, ony Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipelerine B.Mamurow, Ş. Hamraýew we A.Hudaýberdiýewa bellenildi. 

Darganata etrabynyň häkimi wezipesine Ç.Çarlyýew bellenildi, onuň orunbasarlary wezipelerine bolsa, A.Amandurdyýew, R.Ýagşiýew we A.Çöliýewa bellenildi. 

Dänew etrabynyň häkimi wezipesine N.Haýytow bellenildi, onuň orunbasarlary wezipelerine bolsa, B.Babagulyýew, N.Muradow we M. Koşaýewa bellenildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine S.Abdyşükürowy, onuň orunbasarlary wezipelerine bolsa, A.Öwlýagulyýewi we L.Jumaýewany belledi. 

Halaç etrabynyň häkimi wezipesine M.Annaseýidow, onuň orunbasarlary wezipelerine bolsa B.Gylyjow, W. Rahmanberdiýew we G.Açilowa bellenildi. 

Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine M.Erkaýew bellenildi. Döwlet Baştutanymyz H.Abdyrahmanowy hem-de O.Rahmanowy özlerine ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin, bu etrabyň häkiminiň orunbasarlary wezipelerinden boşatdy. Bu wezipelere N.Saýypow, T.Çaryýew we G.Şarapowa bellenildi. 

Kerki etrabynyň häkimi wezipesine M.Gaýipow, onuň orunbasarlary wezipelerine bolsa, Y.Hajyýew, B.Karýagdyýew we D.Ýagşyýewa bellenildi. 

Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine A.Kurbandurdyýew bellenilip, ol Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasarlary wezipelerine A. Seýidow, A.Jomartow we G.Mamedowa bellenildi. 

Milli Liderimiz Saýat etrabynyň häkimi wezipesine Ş.Annamyradowy, onuň orunbasarlary wezipelerine A.Ýagmyrowy, A.Tekaýewi we G.Ryzzakowany belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylary wezipä belläp hem-de degişli resminamalara gol çekip, Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlanandan soň, Lebap welaýatynyň häkiminiň wezipä täze bellenen etrap häkimleri we olaryň orunbasarlary bilen maslahat geçirmelidigini, maslahatda welaýat häkimliginiň ýanynda topar döretmelidigini, bu toparyň täze döredilen etraplaryň häkimlikleriniň emlägini hem-de resminamalaryny kabul etmek-tabşyrmak işlerini bellenen tertipde geçirmelidigini aýtdy. 

Şunuň bilen bir hatarda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary etrap häkimleri bilen bilelikde gysga möhletlerde guramaçylyk hem-de olaryň ýerli bölümleriniň ýerleşjek ýerine we işine degişli beýleki meseleleri çözmelidir. 

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Lebap welaýatyny ösdürmek boýunça hem möhüm wezipeler bellenildi. Welaýatyň ýolbaşçylary bu wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmelidir. 

Oba hojalyk önümlerini ýetişdirmekde hususy önüm öndürijileriň paýyny artdyrmak we ýer gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, olara ekerançylyk ýerlerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça işleriň depginini güýçlendirmeli. 

Welaýatda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleriniň ylmy esasda, öz wagtynda hem-de talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gowaça meýdanlarynda galan hasyly gysga wagtyň içinde ýitgisiz ýygnap almak boýunça ähli zerur bolan guramaçylyk işlerini hem-de bugdaý ekişinden boşan we gowaça ekişinde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny geljek möwsüme çenli abatlap, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işleri geçirmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolmalydygyny aýdyp, munuň üçin welaýatyň çägindäki suwaryş we şor suw akabalarynda arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmalydygyny nygtady. Ekerançylyk meýdanlarynyň, ýaplaryň we ýollaryň gyralarynda tokaý zolaklaryny döretmeli. 

Ýerli howa şertlerini hem-de suw bilen üpjünçiligi göz öňünde tutup, suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny gazanmaly. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki çärelerini maslahat berilýän möhletlerde, ýokary hilli geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Bu baradaky gürrüňini dowam edip, döwlet Baştutanymyz welaýatda gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň we miwäniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri alyp barmalydygyny aýtdy. Bu önümleriň özümizden artýan bölegini daşarky bazarlarda ýerlemek boýunça zerur çäreleri görmeli. Ilatymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün etmek üçin döwrebap ýyladyşhanalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmeli. 

Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny köpeltmek, tohumçylygyny gowulandyrmak, olardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky meselä durup geçip, welaýatda geljekde hem ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş maksatly desgalary giň gerim bilen gurmagy dowam etmelidigini, şäher we oba ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly we bökdençsiz üpjün etmek üçin yzygiderli çäreleri görmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny we kömekçi hojalygy alyp barmak üçin, ilata mellek ýerlerini bermelidigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, Lebap welaýatynyň agzybir hem-de zähmetsöýer adamlarynyň öňde duran bu belent wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdigine, Garaşsyz ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işlere mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. 

Welaýatda Amyderýanyň üstünden ençeme köprüleriň çekilendigini bellemek bilen, milli Liderimiz “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumenti gurmak hakynda teklibiň gelip gowşandygyny aýtdy hem-de degişli resminama gol çekdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi. 

Şu gün döwlet Baştutanymyz Türkmenabatdan Mary welaýatyna ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyz boýunça iş sapary dowam edýär.