„Parahat-7“ ýaşaýyş jaý toplumynda iri söwda merkezi açylar

„Parahat-7“ ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezinde ýigrimi müň inedördül metrden gowrak ýerde „Bereketli“ söwda merkeziniň gurluşygytamamlanyp barýar. Taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tabşyrygy boýunça „Belent jaý“ hususy kärhanasy amala aşyrýar. 

Eýýäm şu ýylyň özünde bu ýerde senagat we azyk harytlary satylýan söwda nokatlarynyň, et, süýt, balyk we beýleki önümlere ýörüteleşdirilen pawilýonlaryň 280-si açylar. Söwda zalyndan başga-da, kafe, şeýle ýurdumyzda belli belgili „Halk market“ uniwersal dükan hereket eder. 

Täze sowda merkezi dürli nokatlaryň oýlanşykly ýerleşdirilişi bilen tapawutlanýar. Onuň birinji we ikinji gatlarynda ýerleşýän dükanlar alty bölege bölünip, olaryň arasynda giň geçelgeler bar. Ýapyk meýdanynyň merkezinde gök-miwe önümleri bölekleýin satylýan söwda hatarlary bar. Birinji we ikinji gatlardaky söwda nokatlaryna basgançaklar, eskalatorlar we liftler bilen galyp bolýar. Merkezleşdirilen ýelejirediş we ýyladyş ulgamy oňaýly howa şertlerini döretse, durnukly elektrik üpjünçiligini transformator kiçi bekedi üpjün edýär. Söwda merkeziniň golaýynda 300 awtomobile niýetlenen duralga açylar.

Täze söwda merkezi paýtagtyň günorta-gündogaryndaky iri ýaşaýyş jaý toplumynyň ösýän durmuş-dynç alyş düzüminiň üstüni ýetirer. Bu ýerde eýýäm umumy bilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, Saglyk öýleriniň birnäçesi, dükanlar, kafeler, durmuş hyzmaty kärhanalary, aragatnaşyk nokatlary guruldy, gara ýollar, ýaşaýyş jaýlaryna barýan ýollar abadanlaşdyryldy, pyýadalar üçin ýodalar gurnaldy, müňlerçe nahallar oturdyldy.