Paýtagtymyzyň demirgazygynda telekeçileriň edara jaýlarynyň klasteri kemala gelýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary G. Kulyýew köçesiniň ugrunda edara binalarynyň ýüze golaýyny gurdular. Bu ýerde ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň dolandyryş edaralary, jaýlaryň birinji gatynda bolsa, lomaý-bölek söwda dükanlary, kafeler, restoranlar, okuw we dynç alyş merkezleri ýerleşer. 

Garry Kulyýew köçesi tanalmaz derejede özgerdi. Indi ol bir bölüji we iki sany goşmaça zolakly abadanlaşdyrylan köp zolakly uly ýol bolup, köçäniň birnäçe kilometre uzap gidýän ugrunda aýnalanan kaşaň binalar peýda boldy. 

Telekeçiler binalary gurmaga girişmezden ozal bu ýerde geodeziýaçylar we... buldozerçiler birneme emgenmeli boldular. Ýoluň golaýyndaky ýerlerden köne jaýlar, ammarlar aýrylyp, gurluşyk üçin ýerler taýýarlanyldy. TSTB-niň we „Türkmendöwlettaslama“ institutynyň arhitektorlary hem-de taslamaçylary iş tabşyryjylaryň talaplaryna laýyk gelýän binalaryň bäş görnüşini işläp taýýarladylar. Özboluşly bezegleri, oýlanşykly funksionallygy we edara jaýlarynyň amatly ýerleşdirilmegi işgärleiň oňaýly şertlerde işlemegini göz öňünde tutýar. Jaýlar ýyladyş we ýelediriş ulgamlary, beýleki zerur kömekçi enjamlar bilen üpjün edilendir.

Около ста офисных зданий возвели на улице Г.Кулиева члены Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана. Здесь разместится управленческий аппарат отечественных фирм и компаний, а на первых этажах - откроются магазины оптово-розничной торговли, кафе, рестораны, учебные и досуговые центры. 

Улица Гары Кулиева совершенно преобразилась. Сейчас это – благоустроенная многополосная магистраль с одной разделительной и двумя дополнительными полосами движения транспорта, вдоль которой поднялись представительные здания с застекленными фасадами. 

Однако прежде, чем предприниматели приступили к возведению зданий, пришлось немало поработать геодезистам и … бульдозеристам. На участках, прилегающих к улице, были снесены ветхие строения, складские помещения, подготовлены площадки под строительство. Архитекторы и проектировщики СППТ и института «Туркменгоспроект» разработали пять типов зданий, отвечающих требованиям заказчиков. В офисах, которые отличают оригинальные дизайнерские решения, продуманная функциональность и грамотное зонирование пространства, предусмотрены все условия для комфортной работы персонала. Они оснащены системами отопления и кондиционирования, другим необходимым вспомогательным оборудованием.