TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň mej­li­si

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de­ Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň 25-nji mej­li­si ge­çi­ril­di, oňa tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň ýo­ka­ry we­zi­pe­li ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne bu ägirt uly tas­la­ma­nyň iş ýü­zün­de mun­dan beý­läk-de ama­la aşy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si gi­ri­zil­di. Hu­su­san-da, tas­la­ma­ny tap­gyr­la­ra böl­mek ba­ra­da çöz­güt ka­bul edil­di hem-de ola­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň möh­let­le­ri tas­syk­la­nyl­dy.

Mun­dan baş­ga-da, mej­li­se gat­na­şy­jy­lar ma­li­ýe ge­ňeş­çi­si­ni saý­la­mak, da­şyn­dan ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­di­ler, şeý­le hem ka­bul ed­ýän ýurt­la­ryň (Ow­ga­nys­tan we Pa­kis­tan) hö­kü­met­le­ri bi­len gol çe­kil­me­gi­ne me­ýil­leş­di­ri­len yla­la­şyk­la­ryň hu­kuk de­re­je­si­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýän “TA­PI Pi­pe­li­ne Сom­pa­ny Li­mi­tediň” ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat diň­le­nil­di.

Ýyg­na­nan­lar şeý­le hem tas­la­ma­nyň hu­kuk we teh­ni­ki ta­rap­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­le­r bo­ýun­ça yla­la­şyk­la­ry we çöz­güt­le­ri ka­bul et­di­ler.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na 2015-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Bu wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti­niň gat­naş­mak­la­ry bu tas­la­ma­nyň örän mö­hüm­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly te­bi­gy gaz gor­la­ry­na eýe­di­gi­niň hem-de mu­nuň umu­my yk­rar edi­len­di­gi­niň, şol san­da ab­raý­ly hal­ka­ra bi­ler­men­ler ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan­dy­gy bu tas­la­ma­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan esas­ly­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Ägirt uly se­riş­de müm­kin­çi­lik­le­ri ýur­du­my­za is­len­dik ugur bo­ýun­ça, şol san­da TOPH gaz geçirijisi ar­ka­ly uzak möh­let­le­ýin esas­da “ma­wy ýan­gy­jyň” ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ýyg­na­nan­lar, bu gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tiz­den-tiz ama­la aşy­ryl­ma­gy­na hem-de türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň ibe­ril­me­gi­ne ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­lap, bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar bo­ýun­ça beý­le­ki me­se­le­le­riň hem bir­nä­çe­si­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar TOPH gaz geçirijisiniň tas­la­ma­sy­ny iler­let­mek­de ýe­ti­len ösüş­le­riň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ägirt uly baş­lan­gy­jyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn ta­gal­la­la­ry­ny nyg­ta­dy­lar hem-de BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni üs­ta­şyr ge­çir­me­giň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýän tä­sir­li gu­ra­ly ke­ma­la ge­tir­mek­de türk­men Li­de­ri­niň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

 

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article11455&cat22