2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi

 

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka – Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Halkara howa menzili açyldy. 600 gektara deň bolan giň meýdanda ýerleşýän täze howa menziliniň gurluşygynda milli binagärligiň özboluşly usullary döredijilikli peýdalanyldy. Howa menziliniň girelgesiniň öňünde lebap haly görnüşinde owadan suw çüwdürimleri oturdyldy, meýdany 37 müň inedördül metre deň bolan ýolagçy terminalynyň binasy guşuçar belentlikden Oguz hanyň ýyldyzynyň keşbinde görünýär, munuň üçin bu howa menzili Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi.