Wideoşekilli iş maslahatynda döwleti ösdürmegiň esasy meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň, sebitleri ösdürmegiň dürli meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. 

Paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy barada Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat berip, gurluşyk taslamalarynyň ilerledilişi hem-de çäkleri abadanlaşdyrmak, inženerçilik ulgamlaryny we ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz häkime paýtagtymyzda gurulýan binalaryň we desgalaryň ýokary hilini, gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekip, bu baýrama gabatlanyp geçiriljek dabaraly çäreleriň guralmagyna şäher gulluklaryny işjeň çekmek barada tabşyryk berdi. Şeýle hem milli Liderimiz bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna göwnejaý taýýarlyk görüp, köpçülikleýin ekologiýa häsiýetli çäräni guramaçylykly geçirmek, oturdylan agaçlara ideg etmek üçin zerur şertleri döretmegi talap etdi. 

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, ýeralmany we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, bahar baýramçylyklaryna taýýarlyk boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiň ünsüni öňde durýan wezipelere we şu günler bol hasylyň düýbüni tutýan ekerançylar barada aladalara çekip, güýzlük däne ekinlerini goşmaça iýmitlendirmek, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görmek çäreleriniň geçirilmeginiň, amatly howa şertlerinden peýdalanyp, degişli işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. 

Milli Liderimiz Halkara zenanlar gününe, Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bu çärelerde öz beýanyny tapmalydyr. 

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow deňizýaka sebitini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, ekerançylaryň ýeralmany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge görýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işlerine girişilendigi barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşandyny ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklar berip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, mineral dökünleri, suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak meseleleriniň üstünde durup geçdi. Milli Liderimiz dürli oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň geçirilişiniň hiline hemişe gözegçiligiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ajaýyp 8-nji mart bahar baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny aýtdy. Şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ähli desgalarynyň we düzümleriniň türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almaga gelýän köp sanlysyny kabul etmek üçin taýýarlygyny öz wagtynda üpün etmek barada tabşyryklar berildi. 

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde alnyp barylýan işler, oba hojalygynda geçirilýän çäreler, şol sanda ýaz ekişine taýýarlyk görmek, şeýle hem durmuş gurşawyny gowulandyrmak we oba ýaşaýjylaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Halkara zenanlar gününe taýýarlyk barada hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, möwsümleýin işleriň, şol sanda gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işlerini anyk bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji marta bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini hem-de zenanlary gutlap, olara dabaraly ýagdaýda sowgatlaryň gowşurylmalydygyny aýtdy. 

Ýazky ekiş döwründe bag ekmegiň hem haýyrly we sogap işdigine ünsi çekip, milli Liderimiz bag ekmek boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän ählihalk ýowaryna welaýatyň ýaşaýjylarynyň köpçülikleýin gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Ekilen baglara göwnejaý ideg edilmelidir hem-de olary suwarmak boýunça alnyp barylýan işler talaba laýyk guralmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüniň üstüni ýetirdi. 

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabat bermegi bilen dowam etdi, ol sebitde alnyp barylýan işler, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz emele gelen amatly howa ýagdaýynyň möwsümleýin agrotehniki çäreleri we gowaça ekişini geçirmek üçin zerurdygyna ünsi çekip, topragy iýmitlendirmek üçin niýetlenen mineral dökünleriniň möçberlerini dogry kesgitlemegiň ähmiýetini belledi, munuň özi bol hasylyň girewi bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylygy zenanlarymyza sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz 21-nji martda bellenilen bag ekmek boýunça geçiriljek ählihalk ýowary barada aýtmak bilen, olara göwnejaý ideg etmek we wagtly-wagtynda suwarmak boýunça alnyp barylýan işleri talaba laýyk guramak babatda görkezme berdi. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Halkara zenanlar gününe we ýakyn günlerde welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mart aýynyň ikinji ýarymynda pagtaçylar üçin jogapkärli döwür bolan gowaça ekişiniň başlanýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, bu möhüm möwsüme taýýarlyk görmek bilen bagly ähli meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ekişiň bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem 8-nji marty baýram etmek hem-de zenanlarymyzy sarpalamak dabaralaryny guramak, köpçülikleýin agaç nahallaryny ekmek boýunça görkezmeler berildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem wideoşekilli iş maslahatynda Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçirýän işleri barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz kanunçykaryjylyk işiniň häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, milli hukuk binýadyny, kanunçykaryjylyk işini yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini belledi. 

Milli Liderimiz kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de demokratik hukuk döwletiniň ösüş ýolunda gazananlary bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň uly ähmiýetini belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 15-16-njy mart aralygynda Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin, Astana şäherine (Gazagystan Respublikasy) gulluk iş saparyny amala aşyrar. 

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Üç dilde neşir edilen bu täze kitabyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen dünýäniň okyjylar köpçüligini tanyşdyrmakda uly orun eýelejekdigi bellenildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.