Täze binalaryň açylyş dabaralary

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynyň ilaty üçin ajaýyp sowgada öwrülen, döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde bina edildi.

Toplum köpugurly häsiýete eýe bolup, onuň zallary häzirki zaman sport enjamlary hem-de döwrebap serişdeler bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýylyň ähli paslynda sportuň basketbol, woleýbol, gimnastika, tennis, boks, göreşiň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we sport ýaryşlary geçirmek üçin mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem toplumda geýim çalşyrylýan, suwa düşülýän, dynç alyş toplumlary, tälimçiler hem-de eminler üçin niýetlenen otaglar bar. Toplumyň ýanaşyk ýerinde açyk sport meýdançalary, şol sanda futbol meýdançasy bar.

Täze toplumyň açylyş dabarasy baýramçylyk şowhunyna beslendi. Oňa oba adamlary we olary bu ajaýyp sowgat bilen gutlamaga gelen köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli medeniýet we sungat işgärleri, aýdym-saz hem-de tans toparlary özboluşly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Ýaş türgenler sport görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada çykyş edenler sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny bellediler. Paýtagtymyzda we welaýatlarda bu ugur boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylmagy netijesinde bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, stadionlary we beýleki sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki döwürde müňlerçe türkmenistanlylar sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli çärelere işjeň goşulýarlar. Ýurdumyzda her ýylda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dabara gatnaşyjylar sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek, oba ýerlerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek maksady bilen, ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar milli Liderimize Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.