Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine paýtagtymyzda binalar toplumyny gurmak üçin ýer bölünip berildi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyny gurmak üçin, Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda 8 gektar ýer bölegini hemişelik peýdalanmaga bermek bellenildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan ýer bölegini bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyna barýan köçeleriň we ýanýodalaryň, estakada görnüşli köprüleriň, suw çüwdürimleriniň, çagalar dynç alyş meýdançalarynyň, emeli kanalyň hem-de olara degişli bolan gök zolaklaryň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Beýik — Bina” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgalary 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article11832&cat19