Nowruzyň şanyna ählihalk dabarasy

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramyň hormatyna Nowruz ýaýlasynda ägirt uly öýüň görnüşinde gurlan “Türkmeniň ak öýünde” däp bolan toý dabaralary ýaýbaňlandy. 

Ýurdumyzyň bu künjegi özünde gadymy medeniýetleriň gatlaklaryny saklaýar: hut Ahalyň dag eteklerinde ilkinji ekerançylar ak bugdaýy ýetişdirip ugrapdylar, türkmeniň rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri hut şu mekandan gözbaş alýarlar. Şu gün irden bu ýere özünde abadançylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetliligi hem-de dostlugy alamatlandyrýan baharyň we tebigatyň oýanyşynyň hormatyna guralan dabara ähli myhmanlar hem-de baýramçylyga gatnaşyjylar geldiler. 

Ýurdumyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän şu ýylda Nowruz asyrlaryň ilçisi hökmünde iki eýýamy — rowaçlygyň hem-de hyzmatdaşlygyň alamatyna öwrülen giň yklymyň rowaýata öwrülen durmuş gan damary dörän we hereket eden hem-de bu taryhy kerwen ýolunyň häzirki zaman görnüşinde täzeden dikeldilýän biziň günlerimiziň eýýamlaryny birleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan, ozaly bilen hem, durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistan tarapyndan anyk ädimlere beslenen möhüm halkara başlangyçlary hut şuňa hem gönükdirilendir. 

Munuň özi diňe bir ulag ulgamy boýunça başlangyçlar däl-de, eýsem, türkmen Lideri tarapyndan ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek, ajaýyp planetamyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ählumumy we doly howpsuzlygy üpjün etmek üçin öňe sürlen ähli tekliplerdir. Nurana Nowruz baýramynyň dabaralandyrylmagynyň şanyna myhmansöýer türkmen topragynda şu günki çäreler bu dabaralaryň ajaýyp beýanyna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýere dikuçarly geldi, soňra özüni garşylan hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, Nowruz ýaýlasyndaky meýdança ugrady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we myhmanlary ýoluň iki gyrasynda hatara duran elleri baýdakly we şarly talyplar hem-de mekdep okuwçylary, hormatly ýaşulular, Ahal welaýatynyň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden baýramçylyga gelenler mübäreklediler. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda Owganystanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň wekilleri bar. 

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk meýdançasyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstraliýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Norwegiýadan, Singapurdan we beýleki ýurtlardan syýahatçylar hem geldiler, bahar paslynda olaryň sany has artýar. Olar üçin bu baýramçylyk özboluşly däpleriň hemmesini — zähmet dessurlaryndan başlap, döredijilik we aşpezlik sergilerini synlap, toý dabarasyna gatnaşyp, muzeý taryhyna, halkyň kalbyna aralaşmak mümkinçiligini başdan geçirmek bolup durýar. 

Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara synçylary baýramçylygyň myhmanlary boldular, olar Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň öňde boljak saýlawlaryna monitoringi amala aşyrmak üçin ýurdumyza geldiler. 

Ýaýlada gündogar ertekilerini ýatladýan ajaýyp şäherçe özüniň ähli öwüşginlerini ýaýbaňlandyrdy. Giň sähra şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi, türkmen obasynyň aýrylmaz gymmatlyklarynyň esasynda döredilen, Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen köp sanly gyzgalaňly söwda şäherçeleri bolsa onuň bezegine öwrüldi... 

Gülşen köpöwüşginli joşgunly türkmen toýy Täze günüň, gündogar senenamasy boýunça Täze ýylyň gelendigini jar edýän aýdymlary bilen Köpetdagyň etegine röwşenlik çaýdy. Aýdymlar ýaňlanyp, myhmanlaryň öňünde döredijilik toparlarynyň folklor-horeografik çykyşlary ýaňlandy. Gyzlar hemmeleri şu gün bag oturtmak dabarasy bilen başlanan nurana baýramçylyga çagyryp, däp bolan duz-çörek, toý pişmesini, süýji tagamlary hödürleýärler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen ýowaryň geçiriljek ýerine tarap barşyna ýol ugrunda ýurdumyzyň ekerançylary üçin jogapkärli döwrüň gelendigini, Milli bahar baýramynyň dabaralandyrylýan günlerinde geljekki bol hasylyň binýadyny döredýän meýdan işlerine badalga berilýändigini aýtdy. 

Gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine girişilýän günlerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowarynyň gowaça ekişi bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr, ol halkymyzyň asylly däbine öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz şu günki wakalaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, geçirilýän çäreleriň diňe bir ýurdumyzyň keşbini gözelleşdirmek bilen çäklenmän, ýaşamak üçin amatly daşky gurşawy döretjekdigini hem-de türkmenistanlylar üçin ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrjakdygyny belledi. 

Milli Liderimiz güllere beslenen çemenzarlyklaryň gözelliklerini synlap, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça asylly başlangyjyň halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen goldanylandygyny hem-de köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýaşlara zähmet terbiýesini bermekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, agaç nahallaryna göwnejaý ideg etmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimizi köp sanly ýowara gatnaşyjylar garşylaýarlar, olaryň hatarynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar bilen birlikde, hormatly ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler hem bar. Olar asylly işe ak pata berýärler, çünki türkmenlerde gadymdan bäri agaç nahalyny oturtmak sogap iş hasaplanylýar. 

Ýowarlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler umumy möhüm ähmiýetli işe dahylly bolmaga çalyşýan adamlary birleşdirýär. Baýramçylyk gününde açyk howada ildeşlerimiz örän peýdaly durmuş çäresini ýerine ýetirip, özlerini uly we agzybir maşgalanyň bir bölegi hökmünde duýýarlar. 

Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäresi türkmen jemgyýetiniň ekologiýa medeniýetiniň derejesiniň ýokarlanmagyna türkmen halkynyň mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky arzuwyny hasyl etmäge ýardam berýär. “Bag — dünýäniň bezegi” diýlip, halk pähiminde aýdylýar. Beýik türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy gül-gülzarly bagy-bossanlygy gymmatly baýlyk bilen deňeşdiripdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag ekmek üçin taýýarlanan ýere barýar. Bu ýerde milli Liderimiz ýaş tut nahalyny oturdyp, köpçülikleýin bag ekmek möwsümine badalga berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyna ýygnananlar agzybirlik bilen goşulýarlar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň wekilleri we ýurdumyzyň daşary ýurtly myhmanlary türkmen topragynyň rysgal-berekedini artdyrýan bu asylly işe goşuldylar. 

Tut agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ady bilen sazlaşykly utgaşýar. Adamzat siwilizasiýasy möçberinde ägirt uly bu ýoly gaýtadan dikeltmek bilen, ýurdumyz tut agajynyň ýapragynyň esasynda işlenip taýýarlanylýan ýüpek matanyň adyndan gelip çykýan taryhy many-mazmuna eýe bolan nyşany dikeltmek üçin hem ähli şertleri döredýär. Şol sebäpli hem tut agajynyň 2018-nji ýylyň bag ekmek çäresiniň “baş gahrymanlarynyň” biri hökmünde bolmagy ýurdumyzda yglan edilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen kybaplaşýar. 

Agaç nahallaryny oturtmak işinden başga-da, tutuş ýurdumyz boýunça öňden ösüp oturan baglara ideg etmek işleri hem guraldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda “Türkmeniň ak öýi” dabaraly ýagdaýda açyldy we agaç nahallaryny oturtmak boýunça nobatdaky ekologiýa çäresine badalga berildi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň aýdyň netijeleri görünýär — ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň meýdanlarda ynsan eli bilen döredilen tokaýlyklar ýaýylyp gidýär. Şol ýerdäki agaçlaryň sany onlarça milliondyr. Giň tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar, ak mermerli paýtagtymyzyň töwereginde, Köpetdagyň eteginde bagy-bossanlyklar döredilýär. 

Tokaý zolaklaryny döretmek işi hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararlary bilen kadalaşdyrylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işiniň barşy hem milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar, bu mesele Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hem-de wideoşekilli iş maslahatlarynda ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylda jemi 3 million düýp agaç nahaly: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahaly, welaýat merkezleriniň we şäherleriniň eteklerinde hem şonça möçberde agaç nahallary ekiler. Bu işi amala aşyrmak ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. 

Agaç nahallarynyň dürli görnüşlerini ekmek üçin niýetlenen meýdanlaryň öz wagtynda arassalanylmagy hem-de nahallaryň sanynyň takyk paýlanylmagy, çukurlary taýýarlamagyň düzgünleri, topragyň ýeterlik derejede suw hem-de organiki dökünler bilen üpjün edilmegi bag nahallaryny agrotehniki talaplara laýyklykda ekmek üçin zerur talap bolup durýar. 

Şu gün giň möçberli bag ekmek möwsümine badalga berildi. Bu ýerde, Nowruz ýaýlasynda 15 gektar meýdanda tut nahallary, 5 gektar meýdanda bolsa miweli agaçlaryň nahallary oturdyldy. 

Tut agajynyň edenli köki bolup, onuň beýikligi 10 — 35 metre ýetýär. Tut agajy 200 — 500 ýyl ýaşaýar. 4 — 6 ýyllyk tut agaçlarynda miwe hasyly — tudana peýda bolýar. Tudana anemiýa, angina, tonzillit, stomatit, aşgazan-içege, pnewmaniýa, bronhit we beýleki keseller bejerilende ulanylýar. 

Orta Aziýada melhemlik häsiýetleri üçin tut agajyny agaçlaryň şasy we onuň miwesini şa ir-iýmişi diýip atlandyrýarlar. Miwesinde güýçli tebigy antioksidantlaryň — karotiniň, C we E witaminleriniň, seleniň bolmagy köp sanly kesellerden saplanmaga kömek edýär. 

Hünärmenleriň tassyklaýşy ýaly, hatda iň döwrebap himiki barlaghana hem, tebigatdaky ýaly, şeýle kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri sintezirlemäge ukyply däldir. Tebigat özüniň “ýaşyl laboratoriýalarynda” emeli ýol bilen döretmek mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Köp agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň miweleri bolsa, bilşimiz ýaly, adamyň kesellere garşy durmak ukybyny pugtalandyrmaga, dürli kesellerden saplanmaga ýardam berýär. 

Tut agajy köp halatlarda landşaft — seýilgäh arhitekturasynda ýaşyl element hökmünde giňden ulanylýar. Şäherleriň köçeleriniň ugrunda, seýilgählerde we dynç alyş ýerlerinde tut agaçlary köpçülikleýin ekilýär. 

Tut agajynyň ýapraklary ýüpek gurçugy üçin esasy iýmit bolup hyzmat edýär. Ýüpek gurçugynyň pileleri tebigy ýüpek matalary öndürmek üçin peýdalanylýar. Tuduň agajy hem örän gymmatly serişdedir. Aziýa ýurtlarynda tut agajy saz gurallaryny ýasamak üçin hem giňden ulanylýar. Hil häsiýetleri boýunça bu berk we agyr agaç gurluşyk we timarlaýyş serişdesi hökmünde hem peýdalanylýar. 

Miweli agaçlar barada aýdylanda bolsa, olar mähriban Diýarymyzyň dürli künjegine gaýtalanmajak gözellik çaýyp biler. Miweli agaçlar ýylyň ähli pasyllarynda täsin görnüşi bilen özüne çekijiligini ýitirmän saklaýar. Miweli agaçlaryň bezeg görnüşleriniň hem köpüsi bar. Geljekde olaryň giňden ulanylmagy ýylyň islendik paslynda Nowruz ýaýlasyny bezär. 

Geçirilýän işleriň möçberleri haýran galdyrýar, çünki tokaý zolaklary öň boşap ýatan ýerlerde peýda bolýar. Giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek işine saldamly goşantdyr, çünki ýaşyl zolaklar ýurduň ilaty üçin amatly howa ýagdaýyny döredýär. 

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna bu babatda möhüm orun degişlidir. Bu resminamada okgunly ösýän senagat düzümi, ulag kommunikasiýalarynyň giň ulgamy, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň çalt gurulmagy bilen birlikde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. 

Bu iri maksatnamanyň çäklerinde giň möçberli bag ekmek işleri alnyp barylýar. Bu işe ýurdumyzyň ähli ilaty uly höwes bilen goşulýar. Şunda ekinleri suwarmagyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ulanylýar. 

Tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowaryna 377 müň 572 adam gatnaşdy, 445 müň 130-dan gowrak düýp agaç nahaly ekildi. Aşgabat şäheri boýunça bu asylly işe gatnaşanlaryň sany 45 müň 672 adama barabar boldy, 198 müň 220 düýp agaç nahaly oturdyldy. Welaýatlarda bag ekmek işine 331 müň 900 adam gatnaşdy. Olar agaç nahallarynyň 246 müň 911 düýbüni ekdiler we ösüp oturan agaçlara ideg etdiler. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, güneşli Diýarymyz ýaşyl jülgeleriň, ajaýyp seýilgähleriň hem-de gür bagly tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Olar täzelenişiň we ösüşiň janly nyşanlarydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we baýramçylygyň myhmanlary milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda bezelen özboluşly taryhy galereýanyň girelgesine tarap ugraýarlar. 

Kitap açylýar, onuň gadymy söwda ýollary çekilen jiltleri bolsa hemmeleri bu ajaýyp özüne çekiji hem-de bu ägirt baýramçylyk görnüşiň esasy hökmünde alnan täsin rowaýat we aýtgylar bilen beýan edilen eseriň sahypalary boýunça syýahat etmäge çagyrýan derwezä öwrülýärler. 

Biziň halkymyzyň ýyl ýazgylarynda we medeni mirasynda ajaýyp yz galdyran türkmen topragynyň şäherleri boýunça syýahat başlanýar. Myhmanlary ilkinji bolup, gadymyýetde Amul diýlip atlandyrylan Lebap garşylaýar. Bu ýerde kenarynda biziň günlerimize çenli Daýahatyn kerwensaraýy ýaly geçmişiň ajaýyp şaýatlaryny saklap oturan Jeýhun joşgunly tolkunlary bilen akýar. 

Ýoluň sag tarapynda ýaýbaňlandyrylan zähmet gurallarynyň sergisinde iş başynda oturan ussatlary görmek bolýar. Olaryň altyn elleri bilen bezeg amaly-haşam sungatynyň binagärçilik gymmatlyklarynyň ajaýyp eserleri döredildi. 

Şeýle ýadygärlikleriň biri hem zyýaratçylaryň häzirki wagtda hem köp gelýän ýeri bolan Astanababa aramgähidir. Bu ajaýyp ýadygärlik toplumynyň binagärçilik görnüşini döredýän bezegleriniň ýanynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky teatrynyň artistleri hormatly Prezidentimiziň kitabynda getirilen hökümdar we derwüş hakyndaky rowaýatyň mazmuny esasynda goýlan sahna görnüşini oýnaýarlar. 

...Bir gezek öz nökerleri bilen ýörişe çykan hökümdar ýolda derwüşe duşýar. Olaryň arasynda durmuşda hemme zatdan gowy we ajaýyp zadyň nämedigi barada söhbet gyzyşýar. Ähli gündogar rowaýatlary ýaly, bu kyssa hem pelsepewi we göçme mazmunlydyr, onuň manysy bolsa adamyň öz kökleri bilen toprakdan iýmitlenýän, miweleri bilen nesli dowam edýän bagy aňladýar. Şeýle hem ýaşaýyşda mähriban toprakda ýetişdirilen gülden başga gymmatlyk dünýäde ýokdur. Gojanyň parasadyny alan hökümdar ýörişden boýun gaçyryp, yzyna dolanýar, özüniň ähli baýlygyny bolsa halka paýlaýar. Halk bolsa oňa özüniň zähmetsöýerligi we beýleki ajaýyp işleri bilen jogap berýär, şeýlelikde, hökümdar we onuň halky ozalkydan köp esse baý ýaşaýarlar. 

Soňra ýoluň boýunda Amyderýanyň kenaryndaky däplere mahsus bolan el işleriniň sergisi ýaýbaňlanýar. Bu ýerde öýde matanyň we kilimiň dokalyşy, gyýkyndy tehnologiýasy we beýlekiler görkezilýär. 

Myhmanlaryň ýolunda duş gelen indiki ýadygärlik Alamberdaryň aramgähidir, ol XI asyryň binagärlik nusgasy bolup durýar. Nowruz ýaýlasy meýdançasyndaky bezeg üçin gurnalan desganyň öň tarapy nagyşlar bilen bezelendir. Bu ýerde birleşdirilen tans topary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyndan kyrk gyz baradaky rowaýaty beýan edýän folklor çykyşyny ýerine ýetirýär. 

Tansyň dilinde gürrüň berlen bu rowaýat bilen Amyderýanyň sag kenarynda Köýten daglaryndaky tebigy täsinlikleriň biriniň adynyň gelip çykyşy baglanyşdyrylyp, ol köp asyrlardan bäri bellidir hem-de bu rowaýat Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ýaýrapdyr. “Kyrk gyz” diýlip atlandyrylýan bu künjek Hojapil obasynyň ýanynda ýerleşen çuň jülgedir. Bu jülgäniň kert gaýalarynyň beýikligi 200 metre ýetýär, ol käýerlerde on bäş metre çenli daralýar. Onuň düýbünden örän arassa suwly çeşme akýar, bu çeşme gözbaşyny ägirt uly gowakdan alyp gaýdýar. Gowagyň girelgesi elli metre ýetýär. 

Rowaýatda aýdylyşy ýaly, gadymy döwürlerde jülgäniň ýanyndaky dag obasynda kyrk sany peri ýaly gözel gyz ýaşapdyr, olar her gün tämiz howadan dem almak hem-de suwa düşmek üçin çeşme boýuna gelipdirler. Bir gün basybalyjylar oba çozupdyrlar. Ýaşajyk gözeller jülgede gizlenipdirler, emma olaryň gizlenýän ýeri aýan bolupdyr. Duşmanlar gowaga golaýlaşanlarynda, gyzlar Beýik Biribardan halas etmegi dileg edipdirler. Ine, gudrat: gaýalar süýşüp, geçit berýärler, gyzlar oňa girensoňlar gaýa ýapylýar. Gyzlaryň gowakda galan gap-gaçlary we egin-eşikleri daşa öwrülipdir... 

Şunuň ýaly jadyly rowaýatlar bilen halk tebigatyň täsinliklerini hem şahyranalaşdyrypdyr, hem-de olaryň ady bilen milli taryhyň sahypalaryny ebedileşdiripdir. 

Keramika önümleriniň sergisi türkmen halkynyň zehini we zähmetsöýerligi, nesilden-nesle geçirilýän senetkärçilik ýörelgeleri barada gürrüň berýär. Bu ýerde şeýle hem küýzegär senetkärlik ussatlygyny görkezýär, onuň elinde laýdan dürli gap-gaçlar emele gelýär. Onuň golaýynda gurnalan ussahanada samanly kerpijiň ýasalyşyny görmek bolýar. 

Daýahatyn kerwensaraýynyň şekilini alamatlandyrýan uly gurnama desganyň içinde Baş drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde küşt oýnunyň sahnasy görkezilýär. Bu sahna bizi hyýalymyzda müňlerçe ýyl mundan öňki döwre geçirip, X asyrda meşhur bolan türkmen şazadasy Abubekir as-Suli barada gürrüň berýär. Ol küşt hakynda beýan edýän “Sadrançnama” atly ylmy eseri ýazdy. 

Taryhdan belli bolşy ýaly, günleriň bir güni Bagdat halyfynyň köşgünde küşt ýaryşy geçirilip, şol döwürde ussat küştçi hasaplanan halyfyň gowy görýän küştçüsi ilkinji gezek as-Suliden asgyn gelipdir. Ol şondan soň, bu oýunda hiç kimden utulmandyr. Munuň üçin bolsa ol “Beýik küştçi” diýen hormatly ada eýe bolupdyr. 

Kerwensaraýlarda dünýäniň ähli künjeklerinden ýygnanan söwdagärler dürli harytlary daşapdyrlar. Şolaryň gymmatly görnüşleriniň biri, elbetde, ýüpek bolup, onuň ady Aziýadan Ýewropa uzalyp gidýän söwda ýoluna dakyldy. 

Dokma we ýüpek önümçiliginiň sergisinde baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylara ýüpegiň nähili emele gelşi hem-de ondan nähili önüm öndürilişi görkezilýär, serginiň çäklerinde tut agaçlarynyň dürli görnüşleri görkezilýär, bu agaçlaryň ýapragyndan ýüpek ýüplügi alynýar, şeýle hem bu ýerde keteni matasynyň ýörite enjamda dokalyşyny synlamak bolýar. 

Orta asyrlarda täjirler şeýle önümleri Beýik Ýüpek ýoly boýunça Ortaýer deňzi sebitlerine daşapdyr, şol ýerden bolsa olar tutuş Ýewropa boýunça ýaýradylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, ussaçylyk däpleri ýitirilmändir, olar üstünlikli dowam etdirilipdir. Häzirki döwürde hem olar diňe bir miras, muzeý gymmatlyklary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, nesilleriň we döwürleriň arabaglanyşygy bolup hyzmat edýär. Hakyky senetleri dowam etdirijileriň bolsa özleriniň önümlerini alyjylara hem-de täsin el işleriniň muşdaklaryna hödürlemäge mümkinçiligi bardyr. 

Çeper senetçiligiň täsin önümlerinden başga-da, durmuşda ulanylýan däp bolan ýönekeý zatlar, mysal üçin, agaçdan ýasalan gap-gaçlar hem uly gyzyklanma döredýär. Il arasynda şeýle gapdan iýilýän nahar süýji hasaplanylýar. Bu hakykatdan hem şeýledir, onda azyk önümleri göwnejaý saklanylýar, önümleriň käbiri agajyň hoşboý ysyny özüne siňdirip, tagamyny has-da süýjedýär. Galyberse-de, agaçlaryň käbir görnüşi bakteritid häsiýetine eýedir. 

Farfordan ýa-da çüýşeden tapawutlylykda, agaç gap-gaçlaryň ekologiýa häsiýeti örän ýokarydyr. Şoňa görä-de, daşary ýurtly myhmanlar türkmen ussalary tarapyndan taýýarlanylan agaçdan ýasalan gap-gaçlary, tabaklary we aşhanada hem-de naharhanada ulanylýan beýleki zatlary uly höwes bilen alýarlar... 

Elde ýasalan bu we beýleki önümler uly bolmadyk sergide ýerleşdirildi, Mary welaýatyndan gelen agaç ussasy bolsa işiň käbir tilsimlerini görkezdi. Gadymy Merwe bagyşlanan baýramçylyk dabarasynyň nobatdaky bölümi şeýle açylýar. Agaç ussasynyň özboluşly pawilýonlaryndan soň, Uly Gyzgalanyň kuwwatly diwarlary görünýär. Onuň keşbinde bu täsin desganyň ägirt uludygy görkezilýär. 

Bu ýerde Mary welaýatynyň birleşen folklor topary çykyş edip, gadymdan gelýän sapan urmak oýnuny ýerine ýetirýär. Kada boýunça, sapanyň aýlanmagy üçin ýüpden çekmek zerur bolup durýar. Oýnawaç badyny peseldip başlanda, ýene-de ýüpden çekmek bolýar. Oýnuň beýleki bir görnüşi taýajyk bilen baglanyşyklydyr. Taýajyga ýüpi daňyp, sapany aýlap goýberýärler. Kimiň sapany köp aýlansa, şol utan hasaplanylýar. 

Halkymyz Gadymy Merwiň saklanyp galan ýadygärlikleriniň köpüsini zenanlar bilen baglanyşdyrýar: mysal üçin, Gyzbibi kümmetiniň adyndan belli bolşy ýaly, olar hökümdarlardyr ýa-da şazada gyzdyr. Gyzgala ýadygärligi bilen birnäçe rowaýat baglanyşyklydyr. Olaryň birine görä, golaýda ýerleşen Uly we Kiçi Gyzgala gadymy döwürlerde Gyzgala we Ýigitgala diýlip atlandyrylypdyr, çünki olaryň birinde gyzlar, beýlekisinde bolsa ýigitler ýaşapdyr. Ýigitleriň biri gyzlaryň galasyna almany zyňyp bilse, ol şol galada ýaşaýan islendik gyza öýlenip bilipdir. 

Ine, Soltan Sanjaryň kümmeti Merwiň hakyky merjenidir. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýatlanylýan Soltanyň perä bolan söýgüsi hakyndaky rowaýat janlandyrylýar. Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri bu rowaýat barada ussatlyk bilen gürrüň berýärler. Onda kümmetiň gurluşynyň käbir aýratynlygyny düşündirýän pursat bar. Gümmezleriň arasyndaky howa çalşygy üçin niýetlenen gümmeziň deşigi özboluşly we täsindir. Ýöne daşky gümmez birmahallar weýran bolupdyr. 2004-nji ýylda dikeldiş işlerini geçirýän arhitektorlara bu gümmezi doly dikeltmek başartdy. 

Ýoluň gyrasynda ýaýbaňlandyrylan sergide zergärçilik sungatynyň önümleri ýerleşdirilipdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň işleri goýlupdyr. Bu ýerde sergide ussat zergär gurallara erk etmekde hem-de inçe iş usullaryny görkezmekde tomaşaçylary geň galdyryp, kümşüň hakyky poeziýa öwrülmeginiň jadylaýjy sungatyny görkezýär. 

Milli egin-eşikleriň nusgalary goýlan sergide ezber keşdeçileriň jadylaýjy el işlerine seredip, durman geçmek mümkin däl. Bu ýerde, aýratyn-da, aýal egin-eşikleriniň nagyşlara baýdygyny görmek bolýar. Kürte — ol ajaýyp egin-eşikleriň iň naýbaşysy hasaplanýar. 

Soňra Nowruz ýaýlasy meýdançasynda joşgunly durmuş bark urýan köpöwüşginli gündogar bazary ýaýbaňlanýar. Bu ýerde halkyň el işleriniň önümleri we harytlar ähli bolçulygynda görkezilipdir. Bazarda dükançylar telpekler we tahýalar, elde ýasalan durmuş önümleriniň gyzgalaňly söwdasyny edýärler. Bu ýerden ýüpek ýiti lowurdaýar. Dürli küýzeler we gap-gaçlaryň syrçalary şöhle saçýar. Halylar öwşün atýar. Uzak ýerlerden gelen söwdagärler bolsa bu ýerler üçin düýpgöter täsin bezemen egin-eşikleri bilen märekede saýlanýarlar. 

Daş-töwerekleri janköýer diňleýjiler bilen gurşalyp alnan bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdymlary janlandyrylan görnüşleriň ajaýyp öwüşginleri boldular. Bir gapdalda pälwanlaryň tutluşyklary we şadyýan milli oýunlar gyzyşýar. Gadymyýetde bu milli gymmatlyklara adamly ýerlerde aýratyn meýdançalar bölünip berlipdir. 

Ajaýyp bezeglere we öwüşginlere, şowhuna beslenen bazardan başga haýsy ýerde Gündogaryň sözde beýan edip bolmajak howasyna, halk durmuşynyň jümmüşine duşmak we onuň özboluşlylygyny duýmak bolar! Oba durmuşyna degişli durmuş sahnalary gadymy döwürlere syýahat etmegiň özüne çekiji täsirlerini döredýärler. Bu ýerde kimdir biri tamdyr ýasaýar. Kimsi bolsa daş-töweregi çagalardan doly täze ojakda çörek bişirýär... 

Bu ýerde däp bolan semeniniň taýýarlanylyşyny, şeýle hem bugdaýyň ýaşyl baýramçylyk öwüşginine öwrülişini görmek bolýar. Gadymy ýer sürüjileriň watany bolan Ahal welaýatynyň bölümi hut şeýle görnüşleri bilen hem açylýar. 

Ýoluň çep tarapyndaky uly teläriň astynda oturan aýallar gadymy asyrlarda hamyr taýýarlanyşynyň ähli tapgyrlaryny — bugdaýy daş degirmenlerde üwemekden başlap, uny elemäge çenli ähli işleri görkezýärler. 

Bu ýerde Ahalyň medeni ýadygärligi — orta asyrlaryň Sarahs baba ady bilen belli bolan Abul-Fazylyň kümmeti görkezilipdir. Onuň diwarlarynyň töwereginde ýaýbaňlandyrylan sahnada welaýatyň birleşdirilen folklor topary ak bugdaýyň we ekerançylyk däpleriniň gelip çykyşyny keşplerde beýan edýärler. 

Çaklaňrak etnografik oýunlarda gadymyýetde ýer sürmegiň we döwek döwmegiň iş ýagdaýlary janlandyrylýar. Soňra olaryň orny häzirki zaman görnüşleri bilen çalşyrylýar — Oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan guralan çörek we çörek önümleriniň sergisi görkezilýär. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de baýramçylygyň myhmanlarynyň öňünde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri çykyş edip, alymlaryň — astronomlaryň, matematikaçylaryň, pelsepeçi-akyldarlaryň bir ýere jemlenip, dünýäniň gurluşy hem-de täze açyşlar we bilimler barada pikirlerini paýlaşyp duran pursatlaryny şekillendirdiler. 

XV asyrda gurlan, emma 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde zeper ýeten Seýit Jemaleddin metjidi Ahal welaýatynyň çägindäki görnükli ýadygärlikleriň biridir. Biziň günlerimize çenli onuň täzeden dikeldilen galyndylary gelip ýetdi. Emma metjit öz ähmiýetini saklap galdy hem-de häzire çenli syýahatçylarda, şeýle hem alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Gaýtadan dikeldilen mozaika dikeldiji hünärmenleriň işinde esasy üstünlik boldy, ol ösümlik şekilli nagyşlaryň ýanynda aždarhalary hem-de metjidiň “Gözellik öýi” diýlip atlandyrylandygyny beýan edýän ýazgyny şekillendirýär. 

Aždarhalaryň şekili metjitler üçin mahsus däldir hem-de bu mozaika bezeginiň Orta Aziýada deňi-taýy ýokdur. Alymlar adaty bolmadyk şeýle şekiliň döremeginiň sebäbi barada köp pikir etdiler hem-de aždarhanyň şol döwürde ýerli ilatyň seždegähi bolandygy barada pikire geldiler. Galyberse-de, obanyň ýaşaýjylarynyň aždarhany beladan halas edenligi, munuň üçin bolsa altyndan serpaýa eýe bolup, bu metjidi gurdurandygy barada rowaýat bar. 

Türkmenistanyň taryhy goraghanalarynyň biri bolan Abiwerd galasy bilen hem bagly taryh teatrlaşdyrylan sahnada görkezildi. Bu ýerde senetçileriň ýaşaýan ýerleri, misgärleriň we zergärleriň ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýän metaldan ýasalan dürli zatlar tapyldy. Küýzegärçilik işi hem gülläp ösüpdir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda bularyň ählisi barada maglumatlar köpdür. 

Mundan beýläk uly teläriň aşagynda ter gök önümler we miweler gözüňi dokundyryp, türkmen ekin meýdanlarynyň, baglarynyň we mellekleriniň sowgatlarynyň sergisiniň üstüni ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri ýetirdi. Ussat aşpezler gadymy tagamnamalar boýunça milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny görkezip, olary myhmanlara hödürlediler. 

Birneme daşrakda, ak öýleriň arkasynda atlylar, düýe kerweni ýerleşip, ýaz gülleri çykan meýdanda alabaýlaryň goraýan goýun sürüleri otlap ýördi. 

Nowruz ýaýlasy meýdançasyndaky çykyşlar bolsa Nusaý galasy baradaky sahna bilen dowam edýär. Onuň diwarynyň ýanynda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde Oguz hanyň kuwwatly pälwan — bäsdeşi bilen tutluşygy beýan edildi. 

Janköýerleriň şowhunly el çarpyşmalary astynda çykyş edýän pälwanlaryň özüne çekiji tutluşyklary ýagşylygyň we ýagtylygyň güýçleri bilen utgaşýar. Ajaýyp bedewlere atlanan çapyksuwarlar bolsa ähli baýramçylyklaryň bezegidir. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow artistlere minnetdarlyk bildirip, maneže tarap ugrady. Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar, çünki “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň çykyşlary hemişe ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. 

Çakgan türkmen jigitleri ajaýyp bedewlere atlanyp, deňi-taýy bolmadyk ussatlyklaryny görkezdiler hem-de köpçülige dürli öwüşginli täsirleri, joşgunly duýgulary peşgeş etdiler. Aýratyn-da, görkezilýän her tilsimi daşary ýurtly myhmanlar haýran galmak bilen synladylar, olar şeýle aňsatlyk bilen, adaty bolmadyk täsinlikleri ýerine ýetirip bolýandygyna geň galdylar. 

Bedewleriň ajaýyplygy we ýüwrükligi çapyksuwarlaryň ussatlygyna gabat gelip, olar öz wezipesine — haýran galdyrmak, üstün çykmak, buýsanç döretmek ýaly wezipelerine örän oňat düşünýärler. Jigitleriň çykyşyna ýetginjek çapyksuwar oglanlar we gyzlar goşulyp, zehin başarnyklary bilen çykyşyň öwüşginini artdyrýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp çykyşlar üçin toparyň agzalaryna, şol sanda haýran galdyryjy tilsimleri ýerine ýetiren tomaşanyň iň körpe gatnaşyjysyna minnetdarlyk bildirip, ýoluny dowam etdi, ýol ugrunda atlaryň şaý-sepleriniň sergisini synlady. Bu önümleriň döreýşi, haýsy serişdelerden, haýsy dessurlar boýunça ýasalyşy barada ussa daşary ýurtly myhmanlara gürrüň berdi. 

Kakadylan önümler hem-de beýleki tebigy süýjülikler türkmen saçagynyň berekedini artdyrdy. Tomaşaçylara iň tagamly kişmişiň taýýarlanylyşy, Türkmenistanda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän üzümiň dürli sortlarynyň nusgalary görkezildi. Baglary we meýdanlary suwarmak üçin ulanylýan jykyryň işi daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. 

Balkan welaýaty öz bölümini “Türkmenbalyk” hojalygynyň balyk önümleriniň sergisi bilen açdy. Nowruz ýaýlasynda, hatda “Hazar deňzi” — uly bolmadyk suw howdany gurlup, onda balyklar ýüzüşip ýördi, ýurdumyzyň günbatar sebitiniň döredijilik topary bolsa, «küştdepdiniň» owazy astynda deňizden balyk toruny çekýän balykçylary şekillendirdiler. Elbetde, «küştdepdi» tansy — deňiz tolkunlarynyň badyny öz içine alýan joşgunly tans hem ýerine ýetirildi. 

Nobatdaky teatr çykyşyndan öň dabara gatnaşyjylara agaçdan ýasalan önümleriň sergisi bilen tanyşlyk garaşýardy, bu ýerde balkanly ussalardan olaryň agaç bölegini tor nagşa ýa-da ownuk şaýylary bolan gurallara öwürmeginiň jadyly syry barada soramaga mümkinçilik boldy. 

Dehistanyň ýadygärlikleriniň nusgalary hyýalyňda Missirian düzlüginiň tebigatyny janlandyrdy, bu ýerde birwagtlar ajaýyp ýaýla gülläp ösüpdir hem-de gadymy binalar saklanyp galypdyr. Dehistanyň medeniýetiniň näderejede ösendigine onuň gurluşy boýunça hem göz ýetirmek bolýardy: şäherde suw üpjünçilik we lagym ulgamlary, hammamlar, kerpiçden köprüler gurlupdyr. 

Kerwenler Dehistanyň üstünden ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda geçipdir, şonuň üçin bu ýerde ençeme kerwensaraýlaryň gurlandygy, ülkäniň özi barada bolsa gyzykly rowaýatlaryň onlarçasynyň düzülendigi geň zat däldir. Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleri Parawbibi hakynda rowaýatyň äheňi boýunça sahna görkezdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz kitabynda ýazyşy ýaly, gündogarlygyna Nusaý tarapa gidýän ýol hem bolupdyr, kerwenler günortalygyna ýöräp, Parawa barypdyrlar, ondan Dehistana ýol bar ekeni. Ýerli rowaýata laýyklykda, Parawbibiniň mazary birwagtlar Parawbibi atly edenli, hoşniýetli zenanyň kapyrlardan gaçyp gizlenen ýeri bolupdyr. Edermen aýaly öldürmek üçin duşmanlar onuň söbügini basyp diýen ýaly kowalapdyrlar. Öz ýaryna wepaly zenan barha dagyň jümmüşine aralaşypdyr. Bir görip aýalyň ýol görkezmegi bilen duşmanlar barha golaýlapdyrlar. Parawbibi alaçsyz halda Alla ýalbarypdyr. Biribaryň gudraty bilen dag gaýasy süýşüp, edenli aýaly öz goýnunda gizläpdir. Duşmana boýun bolmadyk zenan şol ýerde hem hemişelik galypdyr. 

Tebigy gözellikler jemlenen seýle owadan ýerde gurlan bu aramgähiň IX — X asyrlara degişlidigini alymlar belleýärler. Ýöne Paraw diýen adyň hem «parfiýaly zenan» diýen manyny aňladyp, bu ýerleriň taryhynyň has irki döwürlere degişlidigi ähtimal. Parawbibiniň keşbi türkmen topragynda eneolit zamanynda tagzym edilen ene hudaýa hem has ýakyn. 

Zähmetiň, däp-dessurlaryň we rowaýatlaryň bu bahar baýramçylygynda nobat Daşoguz welaýatyna ýetdi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti özüniň görkezilişini bu künjekde meşhurlyk gazanan ugrundan — ussat hünärmenleriň önümleriniň sergisini görkezmekden başlady. Soňra ähli tomaşaçylary ýörite sahnalaşdyrylan meýdança çagyrdylar. Bu ýerde Törebeg hanymyň meşhur aramgähiniň abadanlaşdyrylyşy olara tomaşa etmäge görnüş bezegi bolup hyzmat etdi. Bu oýnuň esasynda ýaş ussanyň hanyň gyzyna bolan wysal bolmadyk söýgüsiniň beýanaty ýatandyr. Bu rowaýatyň köpdürli nusgalarynyň bardygyny bellemek isleýäris. Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri bolsa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapdaky bu kyssanyň inçeden beýan ediliş äheňini çuňdan duýmak bilen sahnada örän köp aýtgylaryň bütin many-mazmunyny gysgajyk parçada şowly goýmagy başardylar. 

Bu rowaýatlaryň birinde hanyň örän zehinli gurluşykçy bolandygyna garamazdan, köreken boljak ýigide garşy çykyşy gürrüň berilýär. Ony muzdsuz işletmegi ýüregine düwen han ussa: «Maňa şeýle bir minara gurup ber, ol ýerden maňa degişli ähli ýerler görünsin. Şondan soň sen Törebeg hanyma öýlenersiň» diýýär. 

Minara gurlup bolnanda, ýigit onuň iň ýokarsynda galan eken. Han bolsa aýdan sözüniň yzynda durman: «Şondan aşak bök!» diýip, ussa buýurýar. «Diri galsaň — Törebeg hanym seniňki...» diýýär. Ýigit gurluşykdan galan matalardan we syrykdan özüne ganat ýasanyp, olary eline ýüp bilen berkidýär we aşaklygyna bökýär. Şemal ony gaýdyryp, uzaklara äkidýär. Ýigit köp ýyllap, gelen yzyna tarap ýoly gözleýär. Ahyry hem Köneürgenjiň diwarlaryna goja halynda gaýdyp gelýär. Ol şäherde eýýäm birnäçe wagt öň hanyň öldürilendigini, öz söýgülisi Törebeg hanymyň hem ýogalandygyny bilýär. Şonda ol gyzyň gubrunyň üstünde dünýäde taýsyz aramgähi dikeldýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda rowaýatyň başga görnüşi hem getirilýär. Ussa häzirki Boldumsaz etrabynyň çägindäki galanyň töwereginde ýere düşýär. Ýere şowly düşeninden soň, ol “Boldum saz” (“Sag — aman gondum”) diýip seslenipdir. Boldumsaz galasynyň ady hem şundan gelip çykypdyr. 

Törebeg hanymyň mawzoleýi Gutlug Temiriň minarasynyň golaýynda ýerleşýär hem-de Köneürgenjiň iň bir haýran galdyryjy ýadygärligi hasaplanylýar. XIV asyrda gurlan bu orta asyr binagärligiň ajaýyp gymmatlygy häzirki günlerimize çenli oňat saklanyp galypdyr. Orta Aziýanyň binagärçiligi öň hiç haçan eýwany täsin bezelen, giňişligi guramakda döredijilik erkinligine baý bolan hem-de bir bitewi çeperçilik wezipesiniň çözgüdine tabyn edilen munuň ýaly ajaýyp ýadygärligi görmändi. 

Daşoguz welaýaty ussat binagärlerden we gurluşykçylardan başga-da, deri işleýän eli hünärli adamlary bilen hem bellidir. Olaryň taýýarlan önümleri hem sergide görkezildi we gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. 

Horezm şasy Tekeşiň kümmetiniň kiçeldilen nusgasy Köneürgenjiň binagärlik desgalarynyň dürlüligini şöhlelendirdi. Ozalky döwürlerde bu kümmet şäherden 30 metr belentlikde seleňläp görnüpdir hem-de çöllük ýerlerde ugur almak üçin özboluşly görkeziji bolupdyr. Ýadaw ýolagçylar jöwzaly çöllüklerde azaşanlarynda, uzak aralykdan ony görüpdirler hem-de şeýlelikde, agyr külpetli syýahatyň şowly tamamlanýandygyna begenipdirler. 

Alymlar bu kümmet XII — XIII asyrlaryň sepgidinde gurlupdyr diýip hasaplaýarlar. Halk arasynda ony şeýh Şarapyň ýa-da Şarap babanyň kümmeti diýip atlandyrypdyrlar. Bu keramatly goja üçin halk tarapyndan uly hem-de kaşaň kümmetiň bina edilendigi barada rowaýatda aýdylýar. Şeýhi getirip, oňa bu binany görkezipdirler. Şeýh Şarap gurluşykçylary we olaryň guran binasyny öwüpdir, ýöne Taňrynyň ýönekeý guly bolan özi ýaly adam üçin şeýle kümmetde jaýlanmagynyň gelşiksizdigini aýdypdyr, haçan-da ol, aradan çykanda, şeýhi bu ajaýyp binanyň golaýynda jaýlapdyrlar. 

Hakykatdan-da, binanyň içinde hiç hili aramgäh ýokdur, emma daşynda birnäçe aramgäh, şol sanda göwnejaý bezegli aramgähler hem bar. Olaryň birinde şol keramatly goja jaýlanandyr diýip hasap edilýär. 

Horezm şasy Tekeşiň kümmetiniň görnüşiniň öňünde Daşoguz welaýatynyň birleşdirilen folklor topary Göroglynyň öýlenişinden bir sahnany ýerine ýetirdiler. Dürli tagamlar hödürlenilmeýän toý bolmaýar ahyryn?! Halwanyň we beýleki milli süýji tagamlaryň sergisi hem şu ugra degişlidir. Bu ýerde aşpezler dabara gatnaşýanlaryň ählisi üçin palaw taýýarladylar. Daşoguz tüwüsinden iň tagamly palawyň taýýarlanýandygy hemmä mälimdir. 

Hiňňildiklerde uçýanlaryň şadyýan sesleri töwerege ýaň salýar. Olarda uçmak ruhy taýdan päkizlenmegi aňladyp, Täze ýyla täze güýçler, päk ýürek we ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär diýilýär. Tämizlenmegiň simwoliki dessurlary, aýratyn-da, Nowruza mahsus bolup, olara ot ýakmak, onuň üstünden bökmek dessurlary girýär. 

Ýaýlada ýaýbaňlandyrylan bahara, türkmen tebigatyna, onuň naz-nygmatlaryna, tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan adamlara bagyşlanan çeperçilik sergisi şekillendiriş sungatynyň belli ussatlarynyň eserlerini, şeýle hem türkmen halkynyň döredijilik däplerini mynasyp dowam edýän ýaş suratkeşleriň işlerini öz içine alýar. 

Soňra baýramçylyk çäreleri şu ýyl Halkara Nowruz baýramynyň Türkmenistanda geçirilýän dabaralaryna gatnaşýan ýurtlaryň milli röwüşde bezelen bölümlerinde dowam etdirilýär. 

Bu ýerde Owganystanyň, Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy), Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň wekiliýetiniň agzalary öz ýurtlarynyň Nowruz baýramyny garşylamakda däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. Olar özboluşly däp-dessurlaryny, halk tanslaryny, milli lybaslaryny, amaly-haşam sungaty we häzirki zaman nakgaşçylyk eserlerini görkezdiler. 

Biziň halklarymyzyň Nowruz bilen baglanyşykly däpleri örän meňzeşdir, emma şonuň bilen birlikde, her bir halkyň bu baýramy bellemekde tapawutly aýratynlyklary bardyr. Awestanyň taglymatyna laýyklykda, adamlar her bahar paslynda tebigatyň janlanmagyny bellemelidirler, bu tebigatyň gaýtadan janlanmagy “alty görnüşde” — asman, suw, toprak, ösümlik, jandarlar we ynsan görnüşlerinde bolup geçýär. Şol sebäpli hem Nowruzy garşylamak üçin açyk meýdana çykyp, tebigaty synlap lezzet almak, onuň bilen ajaýyp sazlaşygy duýmak däbi hemmeler üçin umumydyr. Şonda täze ýylyň tutuş dowamynda adama bagtyýarlyk we rowaçlyk ýaran bolýar diýlip hasap edilýär. Şu gün Köpetdagyň etegindäki “Nowruz ýaýlasy” baýramçylyga gatnaşyjylaryň ählisine şeýle mümkinçiligi döretdi. 

Biziň günlerimizde Nowruz baýramyny belleýän ähli ýurtlarda folklor toparlary çykyş edýärler, köpçülikleýin gezelençler, gyzykly bäsleşikler guralýar. Nowruz baýramy özüniň köpdürli gadymy we häzirki zaman däp-dessurlary bilen gaýtalanmajak bütindünýä ähmiýetine eýe bolan baýramçylykdyr. 

Bu baýramyň şeýle derejä eýe bolmagyna Türkmenistan hem goşandyny goşdy. Nowruz ýaýlasynda guralan ägirt uly Ak öý türkmenleriň çäksiz myhmansöýerliginiň, milli medeniýetimiziň dowamatlylygynyň alamatydyr. 

Şu gün Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda baýramçylyk konserti geçirildi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konsertiň hormatly myhmany boldy. Baýramçylyk konsertine belli estrada aýdymçylary, teatr artistleri, ähli welaýatlaryň aýdym-saz toparlary gatnaşdylar. 

Köpöwüşginli çykyşlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň köpugurly döredijilik zehinini açyp görkezdi. Nowruza hem-de Watanymyza bagyşlanan halk aýdymlary we häzirki zaman kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. 

Konsert Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň hem-de “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Beýik türkmen milletiniň ýüregi Siz, Arkadag!” diýen belent watançylyk ruhuna hem-de milli Liderimize çäksiz söýgä we buýsanja beslenen aýdym bilen açyldy. Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Nowruz geldi ilime” diýen aýdym, “Alabahar”, “Kerwen”, “Bäri gel” ýaly aýdymlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. 

“Halkyň bar” atly aýdym tebigatyň gaýtadan janlanmagyny alamatlandyrýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň, Halkara Nowruz baýramynyň belent taglymlarynyň dabaralanýandygynyň subutnamasy bolan Bahar baýramyna bagyşlanan konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. 

Soňra milli Liderimiz şu günki dabaralar mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy. 

Hormatly Prezidentimiz sadaka gatnaşyjylary tutuş tebigatyň ýazky täzeden janlanmagyny alamatlandyrýan baýramçylyk — Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlap, onuň parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýaly üýtgewsiz gymmatlyklary alamatlandyryp, adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýändigini belledi hem-de hemmelere bagt we abadançylyk arzuw etdi. 

Toý sadakasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 
 

***

Türkmenistan röwşen Nowruz baýramyny şatlyk we şowhun bilen garşylady. Şu bahar günleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bellenilýän dabaralar gadymy türkmen topragyny ruhy gymmatlyklaryň nury we ýylysy, asyrlaryň paýhasy bilen şöhlelendirip, ony aýdymdyr sazlar, gadymy dessurlaryň gözelligi bilen baýlaşdyryp, ajaýyp duýgulary we täsirleri peşgeş berdiler. 

Şu gün baýramçylyk konsertleri we beýleki dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde we Aşgabat şäherinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=10765