Aşgabadyň günbatarynda täze ýaşaýyş jaý toplumy gurlar

Türkmen paýtagtynyň günbatarynda, Magtymguly şaýolunyň ugrunda şäheri gurmagyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumy kemala geler. Taslamada bu ýerde 72 otagly jaýlaryň onusyny we alty sany 48 otagly jaýlary bina etmek göz öňünde tutulan.

Maşgalalaryň bir müňden gowragy ýokary amatlykly öýlere göçüp bararlar. Magtymguly şaýoly bilen Köşi köçesiniň kesişýän ýerinde amatly ýollaryň, ulag duralgalarynyň, awtobus duralgalarynyň, gök zolaklaryň we iri söwda merkeziniň gurulmagy bu ýeriň ýaşaýjylaryna zerur amatlyklary döreder. Täze ýaşaýyş jaý toplumy paýtagtyň görküne görk goşar we onuň oňaýlylygyny, ekologiýa talaplaryna laýyk gelýänligi, owadanlygy we sazlaşygyny açyp görkezer.