Daşoguz welaýatynda durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň sany artýar

Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň administratiw merkezinde köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi gurulýar. Olaryň üçüsini, degişlilikde on alty, ýirgimi dört we otuz iki öýli jaýlary “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň, ýene bir - 32 öýli jaýy bolsa.“Gölli baý” şahsy kärhanasynyň işgärleri bina edýärler. 

Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan we ýokary amatlykly täze jaýlar köne jaýlardan boşan ýerlerde bina edilýär. Ýerden rejeli peýdalanmagyň we hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň bolmagy netijesinde Daşoguzyň döwrebap binagärlik toplumyna sazlaşykly goşuljak ösen durmuş-ýaşaýyş düzümli häzirkizaman ýaşaýyş jaý toplumy kemala getirilýär. Jaýlar geljekki ýaşaýjylaryň paýynyň hasabyna gurulýar. 

Köneürgenç şäherinde şahsy gurluşyk kompaniýasy Medeniýet öýüniň gurluşygyna girişdi. Taslamanyň esasy bölegi – sahnalaşdyrylan oýunlary we konsertleri, tematiki maslahatlary geçirmek üçin ýörüteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen 200 tomaşaça niýetlenen köpugurly zaldyr. Medeniýet öýünde dürli döredijilik gurnaklary, şeýle hem garbanyşhana, lukmançylyk otagy bolar. Tans, aýdym-saz, çeper döredijilik bilen meşgullanmaga niýetlenen otaglar zerur enjamlar we tehniki serişdeler bilen üpjün ediler. 

Şu güne çenli demirgazyk sebitiň etraplarynyň hemmesinde ösüp gelýän ýaş nesliň döredilikli ösmegi we manyly dynç almagy üçin zerur şertleriň ählisi döredilen döwrebap medeniýet merkezleri guruldy.

 

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=10921