Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy Balkanabadyň durmuş düzüminiň üstüni ýetirer

Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna başlanyldy. “Türkmendöwlettaslama” Institutynyň hünärmenleriniň binagärlik ideýalaryny Senagat ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň gurluş bölümi bolan Türkmenabadyň “Zergerdemirbetonönümleri” zawodynyň işgärleri durmuşa geçirer. 

“Galkynyş” köçesiniň golaýyndaky meýdanda mehanizatorlar geljekki binalaryň binýadynyň düýbüni gazyp başladylar. Birleşigiň gurluşykçylary 148 belgili otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan hersinde 2, 3 we 4 otagly öýleriň 36-sy bolan dört gat jaýlaryň 32-sini gurarlar. Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň durmuş-ýaşaýyş düzüminde Saglyk öýi, 600 orunlyk mekdep, 160 çaga niýetlenen çagalar bagy we söwda merkezleriniň ikisi bolar. Taslama laýyklykda gurluşyk tapgyrlaýyn amala aşyrylar. 2,5 ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si we söwda merkezleriniň ikisi, ikinji tapgyrda-ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si we beýleki binalar gurlar.

 

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=10917