Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatdaky çykyşy

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! 
Hanymlar we jenaplar! 

Biziň gadyrly myhmanlarymyza: «Türkmen topragyna hoş geldiňiz!” diýip, “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri, şeýle hem biziň bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş toýunyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin, olara çuňňur minnetdarlyk bildirýärin. 

Biz bu ýerde köp döwletleriň ýokary wezipeli wekillerini, ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, dünýäniň dürli künjeklerinden görnükli diplomatlary, syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini görýändigimize şatdyrys. Bu dabaralara şeýle giňişleýin derejede gatnaşylmagyna Türkmenistana goýulýan hormat, biziň maksatlarymyzyň we gyzyklanmalarymyzyň umumylygynyň görkezijisi diýip, doly esasda garamaga haklydyrys. Ýurdumyzyň halkynyň adyndan “Hoş geldiňiz!” diýip aýdýaryn. 

Bu halkara forumy geçirmek başlangyjy tötänleýin döremedi. Biz şu ýüzýyllykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň ähmiýetini üns bilen we düýpli öwrenmegiň, onuň dünýäniň onlarça döwletleriniň, ýüz millionlarça adamlaryň ösmegi, abadançylygy üçin açýan ägirt uly mümkinçiliklerini seljermegiň wagty geldi diýip hasap edýäris. 

Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoly belli bir geografik giňişlikleriň arasyndaky ulag ugry bolmak bilen çäklenmeýär. Bu düşünjäniň örän möhüm syýasy, ynsanperwerlik, dünýägaraýyş manysyna eýe bolýandygyna ynanýaryn. Esasan-da, häzirki döwrüň örän çylşyrymly, kähalatlarda bolsa biziň şaýady bolýan agyr ýagdaýlaryň şertlerinde munuň ähmiýeti ýokarlanýar. Beýik Ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynam, özara düşünişilmegine we açyklyga ýardam bermek ýörelgelerinde birleşdirer. 

Biziň ýurdumyzda 2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygar bilen geçýär. Bu tötänlik däldir. Köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistan Ýewraziýa ýollarynyň çatrygy, medeniýetleriň, siwilizasiýalaryň, däp-dessurlaryň we ýörelgeleriň duşuşýan künjegi boldy. 

Türkmen halky bu mirasy özüne kabul etdi, ol halkymyzyň dünýägaraýşyna ornaşdy, häzirki wagtda, öz taryhymyzyň täze tapgyrynda biz Beýik Ýüpek ýolunyň üýtgewsiz gymmatlyklaryny, onuň biziň ýaş döwletimiziň kemala gelmegine we ösüşine, beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryna ýetirýän oňyn täsirini gaýtadan dikeldýäris. 

Bulary öz dostlarymyz hem-de bütin dünýädäki pikirdeşlerimiz bilen bilelikde amala aşyrýarys. Bu halkara maslahatyň işine giň we içgin gyzyklanma munuň subutnamasydyr. Onuň dowamynda, hakykatdan-da, düýpli we içgin gürrüňdeşligiň boljakdygyna ynanýarys, ol diňe bir gün tertibine girizilen meselä ünsi çekmek bilen çäklenmän, häzirki wagtda halkara gün tertibiniň köp sanly meselelerini çözmäge ýardam berer, şunda ulag meselesi ileri tutulýan ugurlaryň hataryna girýär. 

Maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler dünýä ösüşiniň häzirki meýilleri babatynda ägirt uly amaly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ählumumy wehimler ähli ýurtlara we sebitlere gönüden-göni howp salýar, syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýa düýpli täsirini ýetirýär. 

Şu ýagdaýlarda dünýä bileleşiginiň ösüş maksatlarynyň umumylygyna, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna bilelikde garşy durmagyň zerurdygyna göz ýetirmegi, bu ugurda iş ýüzünde çäreleri geçirmäge taýýarlygy halkara gatnaşyklaryň bütin ulgamynyň durnuklylygynyň esasy şerti bolup durýar. Bu biziň sebitimiz üçin aýratyn möhümdir, ol tutuş dünýä syýasatynyň möhüm çäkleriniň hataryna okgunly geçýär. 

Dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleriň çözgüdini tapmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna düşünmegiň hem-de şeýle hyzmatdaşlyga taýýarlygyň barha artýandygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän çärelerini dünýä bileleşiginiň goldaýandygyna ýokary baha berýäris. 

Ählumumy halkara hyzmatdaşlykda düýbünden täze ugur — ulag diplomatiýasy barha berk orun eýeleýär. BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde bu mesele boýunça köpugurly anyk gepleşikleriň başyny başlan Türkmenistan ulag diplomatiýasyny döredijileriň biri bolup durýar. 

Gadyrly dostlar! 

Bu ýere ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda nähili ähmiýete eýe bolýandygyna göz ýetirýän, onuň ugurlaryna we geljekki mümkinçiliklerine dogry baha berýän adamlar ýygnandy. Maslahatyň dowamynda häzirki zaman, emele gelen ýagdaýlara kybap gelýän hem-de hyzmatdaşlyga çemeleşmeleriň talaplaryna laýyk çözgütleriň tapyljakdygyna, geljekki meýilnamalaryň kesgitlenjekdigine, täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna şübhelenmeýärin. Beýik Ýüpek ýolunyň ornuna bagyşlanan içgin gürrüňdeşligiň döwletleriň has oňat özara düşünişmegine, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, uzak geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täzeçe görnüşlerini we nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynanýaryn. 

Hyzmatdaşlyk, ynam, özara hormat goýmak — bu ýörelgeler Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr. Beýleki döwletler, halkara düzümler bilen içgin we gyzyklanma bildirilip gepleşikleri geçirmäge taýýardyr. 

Hormatly wekiliýetiň agzalary! 
Hanymlar we jenaplar! 

Şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meselelere öz çemeleşmelerini kemala getirip, Türkmenistan, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz hem-de wajyp halkasy hökmünde garalmagyndan ugur alýar. 

Birnäçe taryhy, geosyýasy, ykdysady ýagdaýlaryň täsirine baglylykda bu sebit diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, umumymilli işlerde hem möhüm orun tutýar we şeýle bolmagyny dowam edýär. Ýakyn geljekde tutuş dünýä syýasatynyň ösüşiniň ugry Merkezi Aziýanyň nähili boljakdygyna, bu ýerde nähili ýagdaýlaryň kesgitleýji we esasy derejä öwrüljekdigine köp babatda bagly bolar. 

Şoňa görä-de, biz Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegini Merkezi Aziýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldigine ynanýarys. Hut şu topraklaryň üstünden asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalary birleşdiren kerwen ýollary geçipdir hem-de hut şu ýerde siwilizasiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň merkezine öwrülen Gündogar bilen Günbataryň arasynda tebigy köpri kemala geldi. Biziň maksadymyz täze şertlerde hem-de döwrebap başlangyçlarda Merkezi Aziýanyň bu taryhy wezipesini gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr. 

Bu maksatlaryň amala aşyrylmagynda Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklara üstünlikli goşulyşmagynyň degişli ulag-üstaşyr kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmeginiň möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygy aýdyňdyr. 

Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň giňişligini gurşap alýan ulag we üstaşyr gatnawyň ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn utgaşykly düzüminiň gurluşygy barada barýar. 

Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmak bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Munuň özi täze, hyzmatdaşlygyň has giň gerimli görnüşiniň döredilmegini aňladyp, ählumumy geoykdysadyýetde hakyky täzeçil pikirlenmegiň, onuň ösüşiniň strategik geljegini görmegiň mysaly bolup durýar. 

“Demirgazyk — Günorta”, “Günbatar — Gündogar” ugurlary boýunça geçelgeleriň çatrygynda ýurdumyzyň täsin geografik ýerleşmegini nazara alanyňda, ulag düzüminiň ösdürilmegi, elbetde, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistany 2011 — 2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlarynyň gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň hem-de ilatyň isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň depginli ösdürilmegi uzak möhletleýin maksatnamanyň binýatlaýyn serişdesi bolup durýar. 

Onda ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri hem-de olary amala aşyrmagyň gurallary döredilendir. 

Türkmenistanyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlarynda geçelgeleri we halkalary baglanyşdyrýan esasy uly ýollaryň ugry boýunça milli infrastrukturanyň has-da giňeldilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. 

Şunuň bilen birlikde, ulag gatnawlarynyň has uly möçberde netijeliligini üpjün etmek, içerki, üstaşyr we eksport-import gatnawlarynda ahyrky önümiň bahasynda ulag düzüminiň paýyny azaltmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunda intermodal gatnawlaryň ulag-logistiki merkezleriniň ulgamlarynyň döredilmegi bu strategiýany amala aşyrmagyň garaşylýan netijeleriniň biridir. 

Täze ulag geçelgeleri bu ulgamda hyzmatlar bazaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa öz nobatynda işjeň marketing daşary ykdysady syýasatynyň alnyp barylmagyny, halkara ulag geçelgelerine gatnaşyjy ýurtlar bilen nyrhlaryň ýagdaýyna seredip durmagy hem-de nyrh ýeňillikleriniň çeýe ulgamyny talap edýär. Häzir Türkmenistanda ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasy” bolmaga gönükdirilen ajaýyp inženerçilik desgalary bolan demir ýol we awtomobil köprüleri ulanmaga berilýär, dünýä derejesindäki täze howa menzilleri gurulýar. 

Türkmenistanyň deňiz flotunyň hem-de ähli degişli düzümleriniň ösdürilmegi strategik ähmiýete eýe bolýar. 2013-nji ýylyň awgustynda badalga berlen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň gurulmagy onuň möhüm düzümi boldy. Häzir ol üstünlikli tamamlandy. 

Bu desganyň iri möçberliligine baha bermek kyn. Meýdany 152 gektara golaý bolan täze Halkara deňiz portunyň taslamasy parom, ýolagçy we ýük terminallarynyň gurulmagyny nazarda tutýar. Bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýän deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrakdyr. Port 300 müň ýolagça we 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat edip biler hem-de ýylda 400 müň konteýneri daşap biler. 

Deňiz portunyň umumy geçirijilik kuwwaty, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 17 million tonna ýüke barabardyr. Portuň giňişliginde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek we düşürmek işlerine gözegçilik hemra, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen amala aşyrylar. 

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň desgalary bilen bir hatarda “Balkan” diýen gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody hem guruldy. Ýylda poladyň 12 müň tonnasyny işlemek mümkinçiligine eýe bolan bu zawod gämileriň 4-sini gurmaga hem-de 20 gämini abatlamaga niýetlenendir. 

Täze deňiz porty iri möçberli ýük akymlarynyň ýolda bolmagynyň wagtyny hem-de aralygyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berip, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen, Gara deňziň ýakasyna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolmaga gönükdirilendir. 

Şonuň bilen birlikde Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar, sebitara we yklymara aragatnaşyklary täze strategik häsiýete eýe bolýar. Elbetde, porty gurmak baradaky çözgüt kabul edilende, ilkinji nobatda, içerki zerurlyklardan ugur alyndy. Türkmenistanyň günbatary, Hazar deňziniň kenary ýurdumyzyň örän depginli ösýän sebitleriniň biridir. 

Bu ýerde kuwwatly senagat, energetika, ulag, kommunikasiýa düzümi döredilýär, häzirki zaman gazhimiýa senagatynyň binýady tutulýar. Biziň maksadymyz döwrebap deňiz düzümini gurmak arkaly tutuş milli ykdysadyýetimiziň has-da depginli ösmegine, onuň dürli ugurlaryna maýa goýumlaryny çekmäge kuwwatly itergi bermekden ybaratdyr. Munuň özi Türkmenistany häzirki zamanyň senagat taýdan ösen döwletine öwürmek baradaky biziň strategik maksatlarymyza laýyk gelýär. 

Şonuň bilen birlikde, muny bu gün aýratyn nygtamak gerek. Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň ähmiýeti öz-özünden milli çäklerden daşary çykýar. Gurmak baradaky çözgüdi kabul edip, biz ulag-logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge, onuň gurluşyna täze giňişlikleriň hem-de ugurlaryň goşulmagyna tebigy ýagdaýda gönükdiriljekdiginden ugur aldyk. 

Biziň hereketlerimiziň yzygiderliligi sebitiň beýleki döwletleriniň daşarky bazarlaryna netijeli çykalgany üpjün edip biljek, yklymda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge goşmaça mümkinçilikleri açyp biljek ulag gatnawlarynyň ulgamyny döretmegiň zerurlygyna alyp bardy. 

Hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň hem-de ony halkara ölçeglere laýyk getirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi kabul edildi. Biziň ýurdumyz deňizde söwda ýüzüşiniň meselelerini kadalaşdyrýan ençeme Halkara Konwensiýalara goşuldy. 

Hormatly foruma gatnaşyjylar! 

Meniň aýdyşym ýaly, Türkmenbaşyda täze deňiz portunyň gurulmagy diňe bir iri möçberli we ykdysady taýdan esaslandyrylan milli taslama däldir, onuň kuwwatynyň ulanylmagy ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda köptaraply gatnaşyklary ep-esli giňeltmäge mümkinçilikleri açýar. Aslynda, Türkmenistanyň günbatarynda, strategik taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Hazarara gatnawlaryň möçberlerini we hilini artdyrmak üçin iri meýdança döreýär, ulag akymlarynyň täze gurluşy kemala gelýär. 

Bu taslamanyň ekologik düzüm bölegi babatda aýtman bolmaz. Işiň ähli tapgyrlarynda bu baradaky mesele biz üçin gürrüňsiz suratda ileri tutulýan ugur boldy we häzir men Türkmenbaşydaky täze Halkara portunyň ekologik howpsuzlygyň iň ýokary talaplaryna we ölçeglerine laýyk gelýändigini doly ynam bilen aýdyp bilerin. 

Taslamanyň ykdysady we täjirçilik esaslandyrmalaryndan, ekologik ölçeglerinden başga-da onuň geosyýasy ähmiýeti barada-da nygtamagy ýatdan çykarmaly däldir. Men Türkmenbaşy şäheriniň täze portunyň işläp başlamagynyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda syýasy ýagdaýlara örän oňyn täsir etjekdigine, birnäçe möhüm meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berjekdigine, ynanyşmak hem-de bähbitleriň gabat gelmegi ýörelgelerinde yklymlaýyn döwletara aragatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk berjekdigine ynanýaryn. 

Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň halkara strategiýasyna takyk goşulyşýar, ulag akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy onuň binýatlyk we üýtgewsiz ýörelgesi bolup durýar. Biz hut köpugurly nusganyň, täze ugurlaryň döredilmeginiň zerur bolan durnuklylyga hem-de ählumumy ösüşe täze depgin berip biljekdigine ynanýarys. Bu bolsa çylşyrymly, kä halatlarda bolsa mesele döredýän ýagdaýlar babatda aýratyn möhümdir. Şeýle ýagdaýlary bolsa biz häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde görýäris. 

Türkmenbaşyda täze portuň ulanmaga berilmegi bilen, halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň goşmaça mümkinçilikleri açylýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyndan bolan hyzmatdaşlar bilen onuň dürli ugurlaryny we ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Bu hormatly guramalary açylan mümkinçiliklerden has doly, netijeli peýdalanmak maksady bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge çagyrýarys. 

Türkmenbaşy portunyň biziň sebitimiziň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary tarapyndan peýdalanylmagynyň oňat geljegini görýäris. Olar bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça giňişleýin gepleşiklere taýýardyrys. 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

Mälim bolşy ýaly, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garalanda, Türkmenistan bu işlere Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň derejesine ulag meselesi babatda ählumumy gepleşikleri geçirmek başlangyjy bilen çykyp, biz onuň häzir Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen gönüden-göni arabaglanyşyklydygyndan ugur aldyk. XXI asyrda milletler bileleşiginiň möhüm meselelerini çözmäge bütin dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna bermäge, Ýer ýüzüniň serişdelerini gorap saklamaga we köpeltmäge gönükdirilen häzirki zaman ulag gurluşyny kemala getirmek häzir ýurdumyzyň ulag ulgamynda ähli halkara işleriň özenidir. 

Türkmenistan bu meselä jogapkärli çemeleşip, soňky ýyllarda birnäçe wajyp başlangyçlary öňe sürdi. Şol başlangyçlar bütin dünýäde düşünmek bilen kabul edilip, goldawa eýe boldy. Onlarça döwletleriň awtordaş bolmagynda durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň türkmen taslamalaryny biragyzdan goldap kabul edilmegi munuň subutnamasydyr. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, köpüsi şu zalda wekilçilik edýän şol döwletleriň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. 

Halkara ulag düzüminiň ösdürilmegi barada aýdyp, biz hemişe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (AÝYDK) bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň we özara hereket etmegiň zerurdygyny nygtaýarys. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, ÝYK-nyň we AÝYDK-nyň tejribesi esasynda Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak Modal Ýoly döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär. Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Modal Ýoly boýunça başlangyjy bu ugurda ulag geçelgelerini ösdürmek babatda biziň garaýan geljegimize doly laýyk gelýär. 

Biz ony doly goldaýarys hem-de örän işjeň orun eýelemäge we bu taslamanyň amala aşyrylmagyna anyk goldaw bermäge taýýardyrys. BMG-niň, ÝYK-nyň we AÝYDK-nyň düzümine girýän agza döwletleriň ählisine bu meseläni içgin ara alyp maslahatlaşmaga goşulmagy teklip edýärin. 

Bu guramalaryň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň gurluşygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy işjeňleşdirmäge çagyrýarys. 

Biz şeýle hem TRASEKA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyrys. Umuman, Merkezi Aziýadan Günbatara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmegiň hem-de Ýewraziýanyň dünýä ykdysady polýuslarynyň ikisini hil taýdan täze derejelerde birleşdirmegiň tutanýerli maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda örän uly ähmiýete eýedigine ynanýarys. 

Gadyrly dostlar! 

Biz özümiziň baý serişde binýadymyzy, infrastrukturamyzy, geografik taýdan ýerleşmegiň bähbitlerini halkara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň, Ýewraziýada döwrebap ösüşleriň hakyky zerurlyklaryna kybap gelýän täze gurluşlaryň hem-de gatnaşyk etmegiň nusgalarynyň kemala getirilmeginiň bähbitlerine peýdalanmaga taýýardygymyz barada ynamly aýdypdyk. Türkmenbaşy Halkara portunyň gurulmagy bu işlere Türkmenistanyň anyk we uly goşandy boldy. 

Men türkmen taslama düzüjilerine, inženerlerine, gurluşykçylaryna, bu taslamanyň amala aşyrylmagyna goşant goşanlaryň ählisine yhlasly zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirýärin. Taslamanyň üstünlikli tamamlanmagyna goşantlary üçin, şu ýerdäki daşary ýurt döwletleriniň we kompaniýalarynyň wekillerine minnetdarlyk bildirýärin. 

Türkmen halkyny, biziň gadyrly daşary ýurtly myhmanlarymyzy bu waka bilen gutlaýaryn. Täze portuň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy, iki yklymyň arasynda ençeme onýyllyklar üçin deňhukukly, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge giňden açylan derweze boljakdygyna ynanýaryn. 

Hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlikleri arzuw edýärin.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=10982