Döwletiň durmuş syýasatynyň maksady — halkyň abadançylygy

Kaka etrabynda durky täzelenen durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Çärä welaýat we etrap häkimlikleriniň, bilim ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, bilim ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden etrabyň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz, türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabara gatnaşyjylar bu çäräniň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösmegi ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyzyň ähli sebitlerinde has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, iri önümçilik we durmuş maksatly kärhanalary özünde jemleýän döwrebap etraplar, şäherler hem-de obalar peýda bolýar, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümi kemala gelýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigine we tutuş döwletimiziň rowaçlyga beslenýändigine şaýatlyk edýär.

“Bilimli nesil — Kuwwatly Watan” ýörelgesine eýerilip, häzirki döwürde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleriniň binalary gurulýar, ýokary hünärli hünärmenler taýýarlanylýar, bu ulgamyň edaralary öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilýär. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagyna hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmegine aýratyn üns berilýär.

Şu gün guralan dabaralar bu işiň yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwrüň talaplaryna laýyklykda durky täzelenen mekdep ýaşyna çenli hem-de umumybilim edaralarynda ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek üçin ähli şertler döredildi.

Täze açylan desgalaryň ählisinde ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalary we hojalyk birleşikleri tarapyndan düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Olaryň wekilleri dabaranyň barşynda mähriban topragymyza, Garaşsyz ýurdumyza, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerine buýsanç duýgularyny paýlaşdylar. Bu belent duýgular şol ýerde köp gezek ýaňlanan “Sag boluň!” diýen jümlede öz beýanyny tapdy.

Döwrebaplaşdyrylan çagalar baglarynda hem-de mekdeplerde ýyladyş we elektrik üpjünçilik ulgamlary doly täzelenildi, binalaryň üçekleri, aýnalary hem-de pollary doly çalşyldy, olara ýanaşyk ýerler bolsa abadanlaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň giň möçberli özgertmeleriniň ilerledilmegine milli parlamentiň deputatlary hem saldamly goşant goşýarlar. Durmuş meselelerini çözmek, şol sanda döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamyny kämilleşdirmek Mejlisde Ahal welaýatynyň 25-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän deputat Serdar Berdimuhamedow üçin möhüm wezipeleriň biridir.

Diňe soňky birnäçe aýyň dowamynda halkyň saýlanynyň meýilleşdirilen özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde bu sebitde keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy, Saglyk öýi, perinatal merkez, uzynlygy 15 kilometre barabar bolan Hywaabat — Kaka suw geçirijisi açyldy. Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda döwrebap dokma toplumlarynyň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi.

Geçirilýän işleriň toplumy oba ýerleriniň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, ykdysady ösüşi işjeňleşdirmek, raýatlarymyzyň, şol sanda ýaş maşgalalaryň hem-de hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilatly ýerleri düzümleýin desgalaryň hasabyna abadanlaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.

Kaka etrabyndaky bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de yzygiderli durmuşa geçirilýän obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.