Gurluşyk we binagärlik—ýurdumyzyň we döwrüň keşbi

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýurdumyzda gurulýan iri desgalar, giň möçberli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly wakalar hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Şolarda täzeçil inženerçilik çözgütleri we tehnologiýalary beýan edilýän seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli çig maldan gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşlerini döretmek we pudagyň dünýä ösüşi babatdaky meýiller beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk-binagärlik toplumyny dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmegine, milli binagärlik ýörelgeleriniň ösdürilmegine ugrukdyrýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi, bir tarapdan durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň döredijilik we aň-paýhas kuwwatyny görkezmeli bolsa, beýleki tarapdan, türkmen medeniýetiniň özboluşly ugurlaryny we baý mirasyny özünde jemlemelidir. Bu ugurlaryň iş ýüzünde sazlaşygy üçin täze binalaryň we desgalaryň taslamasyndan başlap, ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly ähli işler degişli derejede amala aşyrylmalydyr. Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň neşir edýän we türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çap edilýän bu žurnalynda hut şu meseleler beýan edilýär.

Pudagyň dürli düzümleriniň hünärmenleriniň işjeň çekilmegi neşire işewürlik we hünär taýdan özboluşlylyk öwüşginini çaýýar. Awtorlaryň hünär ussatlygy žurnalyň abraýyny artdyrýar. Şeýlelikde, onuň her bir sany degişli derejede taýýarlanyp, okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Žurnalyň bezeg aýratynlyklarynyň ýokarydygyny bellemeli. Özboluşly bezegi arkaly bu žurnal ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly pudaklaýyn neşirleriniň arasynda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Onuň täze sany ýurdumyzda şu ýylyň dowamynda ulanmaga berlen desgalar hakyndaky makalalar bilen başlanýar. Bu desgalar “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylyň anyk mazmuna beslenýändigini alamatlandyrýar. Gürrüň şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty hakynda barýar.

Bu strategik ähmiýetli taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ýurtlary üçin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze geljegini açýar hem-de olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary halkara ulgamyna işjeň goşulmagyny şertlendirýär we Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleriň wajyp merkezi hökmündäki abraýyny belende göterýär.

Bu ägirt uly taslamanyň portuň we onuň tutuş giňişliginiň işini guramakda ulanylýan köp sanly täzeçil tehnologiýalar binagärligiň möhüm bölegi bolup durýar. Dag eteginde ýerleşen ýolagçylar terminaly öwüşginli aýnalary, altynsow bezegi, tolkunlaryň sazlaşygyny äşgär edýär özboluşly aýratynlygy bilen özbaşdak şäherçäni emele getiripdir. Onuň deňiz tarapynda bolsa ýük ýükleýän kuwwatly gurnamalaryň senagat toplumy ýerleşýär.

Belent başly gözegçilik diňi ägirt uly ýakoryň şekilinde bolup, onuň edara ediş we gulluk binalary gezelenç etmäge niýetlenen gämileri hem-de deňiz menzilinde saklanan ak guw ýaly ýahtalary ýatladýar. Awtomobil we demir ýollar portuň kenar ýakasynyň gurşawynyň çäginden geçýär. Ýokary tehnologik derejede enjamlaşdyrylan multimodal logistik düzüm häzirki zamanyň bezeg aýratynlyklaryny özünde jemläp, ýokary ekologiýa derejesine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan senagat, ulag we şähergurluşyk taslamalarynda tebigaty goramak ýörelgeleri esas bolup durýar. Ýurdumyzyň täze deňiz porty özboluşly ekologiýa derejesi we bu ýerdäki guşlaryň emeli adasy, beýleki ähmiýetli aýratynlyklary bilen bir hatarda birnäçe halkara baýraklaryna mynasyp boldy. Türkmenbaşynyň deňiz porty — munuň özi iri halkara syýahatçylyk merkezine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna çagyryşdyr. Milli Liderimiz deňiz ýakasynda gurulýan desgalaryň hemmesiniň daşky gurşaw üçin howpsuz bolmagyny üpjün etmegiň onuň ösüşiniň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitledi.

Žurnalyň täze sanynda Seýsmiki durnuklylyk ylmy-barlag institutynyň işi hakynda gürrüň berýän makala hem ýerleşdirildi. Okyjy Ylmy-barlag institutynyň düzümine girýän barlaghananyň wezipeleri, amala aşyrylýan synaglar bilen tanşar. Şol ýerde şu wagtda täze işläp taýýarlamalar, institutyň hünärmenleriniň kesgitlemeleri we maslahatlary önümçilige ornaşdyrylýar. Bu bolsa desgalaryň ygtybarlylygynyň we uzak möhletleýinliliginiň baş şertidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän zerur düzümi döretmek boýunça alyp barýan syýasatyna bagyşlanan material “Ajaýyp eýýamyň “Täze zamany” ady bilen berlipdir. Aşgabatda bina edilýän köp sanly desgalar, ilkinji nobatda bolsa soňky ýyllarda toplumlaýyn häsiýete eýe bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan strategiýasynyň anyk nyşany bolup durýar.

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde emele gelen Täze zaman ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň gurluşygy tapgyrlaýyn esasda alnyp baryldy hem-de her ýylda oňa göçüp gelýän maşgalalaryň sany artdy. Müň sany iki we bir gatly mellek ýerleri bolan ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da bu ýerde Saglyk we Medeniýet öýleri, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumy, söwda merkezi we dükanlar guruldy. Häzirki zaman ulag ýol-düzümi döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda üstünlikli amala aşyrylýan şunuň ýaly ýaşaýyş jaý toplumlary şäheriň çäginde türkmen durmuşynyň däp bolan ýörelgelerini saklamaga mümkinçilik berdi. Olarda uly bolmadyk mellekde gök ekin ösdürip ýetişdirmek üçin ýerler, hojalyk desgalary we tamdyr bar. Munuň özi şäher bilen obanyň arasyndaky serhediň aradan aýrylmagyny şertlendirýär. Oba ýerlerinde ýokary amatlylyk derejesi üpjün edilse, şäherde uly öýlerde maşgala bolup ýaşamak mümkinçiligi döreýär.

Žurnalyň sahypalarynda häzirki döwürde “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň täze magistrallary gurmak, ozal hereket edýänlerini abatlamak, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrýan işleri we bu ugurda ýetilen sepgitler hem-de geljekde pudagyň öňünde durýan wezipeler hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Bina edilýän ulag ýollarynyň hatarynda Türkmenabat — Gazojak — Daşoguz (2021 — 2031-nji ýyllar), Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan (2018 — 2028-nji ýyllar) we Mary — Serhetabat (2021 — 2025-nji ýyllar) ugurlary bar.

“Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwensaraýlar” atly makalada ýol düzüminiň taryhy beýan edilýär. Awtor makalasynda ylmy we edebi çeşmelere, şol sanda kerwensaraýlaryň ähmiýeti we gurluşy barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Milli Liderimiziň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň “Söwda kerweni çylşyrymly hyzmaty talap edýär. Şonuň üçin hem şäherleriň we obalaryň ýol çatryklarynda kerwensaraýlar gurlupdyr. Olarda täjirler we hyzmat edýänler üçin niýetlenen hüjreler, atlar we düýeler, eşekler üçin ýörite jaýlar we beýleki zerur desgalar bolupdyr” diýen jümleleri bolan bölümine ýüzlenýär.

Taryhy maglumatlara esaslananda orta asyr söwda we senetkärçilik harytlaryndan ýene-de häzirki zamanyň giň ýollaryna çykmak mümkinçiligi döreýär. “Halkara ölçegleriň derejesinde” atly makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde Mary şäherinden “Ak hünji” hususy kärhanasynyň mysalynda milli telekeçiligiň önümçilik mümkinçilikleri hakynda gürrüň berilýär. Ol ýurdumyzda ilkinji bolup penopolistroldan gurluşykda we bezeg işlerine ulanylýan önümleriň senagat taýdan önümçiligini ýola goýdy.

Häzirki döwürde bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýylylyk we ses saklaýjy plitalaryň 24 müň kub metrine, daşky bezeg üçin ulanylýan profilleriň 1,5 million pogon metrine, binalaryň daşky bezegi üçin ulanylýan profilleriň 180 müň pogon metrine, diwarlyk we üçek panelleriniň 120 müň inedördül metrine we başga-da köp sanly harytlaryň önümçiligine barabardyr. Häzirki döwürde Wekilbazar etrabynyň çäginde şunuň ýaly penopolistrol harytlaryň önümçiligi boýunça täze kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň önümçiligine 2019-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär. “Ak hünji” hususy kärhanasynyň hereket edýän zawodyny abatlamak we döwrebaplaşdyrmak üçin ýeňillikli şerti bolan ýyllyk 5 göterimi bilen karz ulgamy resmileşdirildi.

Soňky iki ýylyň dowamynda bu kärhana öz önümlerini Ukraina, Gruziýa, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara eksport edýär. Şeýle hem ol Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan we Owganystan ýaly goňşy ýurtlara durnukly eksport ulgamyny ýola goýýar. ISO 9001:2015 halkara hil kepilnamasynyň alynmagy “Ak hünji” kärhanasynda diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlara eksport ugurlaryny artdyrmaga we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Şu ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen “Türkmen aýna önümleri” täze kärhanasy hakynda “Ägirt uly aýna senagaty depginini güýçlendirýär” diýlip atlandyrylan makalada gürrüň berilýär. Bu kärhananyň Owganystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan ýaly ýurtlaryň sarp edijileri bilen şertnamalary bar. Aýna öndürijileriň goňşy ýurtlaryň sarp edijileri bilen uzakmöhletleýin söwda gatnaşyklaryny ýola goýýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleri senagaty döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi artdyrmak boýunça öňde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Aşgabatda BIM (Building Information Modeling) tehnologiýasyny şekiller arkaly ulanmak bilen binalaryň maglumat taýdan moderlirlenmegine we şu usul bilen gurlan binalara hem-de “Binagärlik bionikasy” mowzugyna bagyşlanan makalalar has-da özüne çekiji bolupdyr. Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligindäki täzeçil tehnologiýalar we taslama işlerinde 3D usulynyň giň mümkinçilikleri häzirki zaman binagärlerine gurluşy we gözelligi babatda özboluşly taslamalary döretmäge mümkinçilik berýär.

Binagärligiň bionikasy — munuň özi oňyn ösüşe eýe bolan ugurlaryň biridir. Organiki usullaryň we olary daşky gurşaw bilen baglanyşdyryp ulanmak bu usulyň tapawutly aýratynlygydyr. Gadymy döwürlerde emele gelen bu ýörelge binagärlik ulgamynda peýdalanylýar we onuň möçberleri täze görnüşe eýe boldy. Şeýle hem bu usul häzirki zaman binalaryň gurluşynda barha giňden ulanylýar.

Şeýle hem žurnalyň täze sanynda ýurdumyzda gurulmagy meýilleşdirilýän täze taslamalar, türkmen alymlarynyň seýsmiki barlaglarynyň netijesi, häzirkizaman suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy hakynda makalalar ýerleşdirilipdir. Eskizleriň, çyzgylaryň dürli bezegi bilen makalalaryň mazmunynyň utgaşdyrylmagy gürrüň berilýän ýagdaýlar hakynda giňişleýin maglumat almaga hem-de ony synlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   24.07.2018  /   Jemgyýet