Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­ýär

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da “Türk­men­gur­lu­şyk — 2018” hal­ka­ra ser­gi we “Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösü­şi” at­ly mas­la­hat açyl­dy. Hal­ka­ra fo­ru­my gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýär. Fo­rum Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi, “Türk­me­naw­to­ýol­la­ry” döw­let kon­ser­ni bi­len bi­le­lik­de gur­nal­dy. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len we­la­ýat­lar­da we paý­tag­ty­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li gur­lu­şyk iş­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny ok­gun­ly ös­dür­me­giň mö­hüm şer­ti­dir. Gur­lu­şyk iş­le­ri­niň möç­be­ri­niň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi bu pu­da­gyň gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu iş­ler gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­la­ry gur­mak, he­re­ket ed­ýän kär­ha­na­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak, önüm­çi­li­ge tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly ýo­la go­ýul­ýar. Ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­ler gur­lu­şyk we se­na­gat pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. 

Şu ge­zek­ki ser­gi ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ok­gun­ly ösü­şi­niň öz­bo­luş­ly gör­ke­zi­ji­si bo­lup dur­ýar. Hal­ka­ra fo­ru­myň esa­sy mak­sa­dy we we­zi­pe­si gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni hem-de ýe­ten sep­git­le­ri­ni we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, tas­la­ma­la­ry hem-de gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ha­ryt­la­ry­ny gör­kez­mek­den, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­den, in­no­wa­si­ýa iş­le­ri­ni ös­dür­mek­den, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­den, no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li gur­lu­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­myn­da tej­ri­be­le­ri we mag­lu­mat­la­ry alyş­mak­dan, ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň hem-de sarp edi­ji­le­riň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. 

Hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi ge­çi­ril­ýän ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da gur­lu­şy­gyň, bi­na­gär­li­giň, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri se­na­ga­ty­nyň hem-de bi­na­la­ryň be­zeg iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek ul­ga­myn­da iň ab­raý­ly hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­liş­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Fo­ru­ma gat­naş­ýan­la­ryň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi hem-de bar­ha art­ýan sa­ny dün­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän gur­lu­şyk pu­da­gy­na ägirt uly is­leg bil­dir­ýän­dik­le­ri­niň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Hal­ka­ra ser­gi­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hö­kü­me­tiň ag­za­la­ry, Mej­li­siň, pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­riň we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň işe­wür­le­ri, alym­lar, bi­ler­men­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. 

Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gut­la­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ýa­şa­ýyş-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly döw­re­bap bi­na­la­ryň­dyr des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry güýç­li dep­gin bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk­la­ryň dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän­di­gi we şo­lar­da mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wam et­di­ril­ýän­di­gi gu­wan­dyr­ýar. Bu bol­sa, ýer­li hü­när­men­le­ri­mi­ziň ýyl­sa­ýyn tej­ri­be top­la­ýan­dy­gy­na hem-de ne­ti­je­li iş­le­me­gi ba­şar­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu ge­zek­ki hal­ka­ra ser­gi­niň hem-de mas­la­ha­tyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň ýe­ten sep­git­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek­de, hü­när­men­le­ri­mi­ziň hem-de ola­ryň dost­luk­ly döw­let­ler­den kär­deş­le­ri­niň tej­ri­be alyş­ma­gy, gel­jek­ki tä­ze bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak­la­ry üçin şert­le­ri dö­ret­mek­de uly äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy joş­gun­ly el­çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy. 

Her ýyl ge­çi­ril­ýän ser­gi oňa gat­na­şy­jy­la­ryň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi hem-de sa­ny bo­ýun­ça ab­raý­ly ser­gi­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di, bu bol­sa dün­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň bat­ly dep­gin­ler bi­len ös­ýän gur­lu­şyk se­na­ga­ty­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. 

Şu ýyl giň ge­rim­li ser­gä dün­ýä­niň 14 döw­le­tin­den — Hy­taý­dan, Rus­si­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Is­pa­ni­ýa­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Awst­ri­ýa­dan, Fran­si­ýa­dan, Gre­si­ýa­dan, Finl­ýan­di­ýa­dan, Pol­şa­dan, Tür­ki­ýe­den, Ga­za­gys­tan­dan, Azer­baý­jan­dan, Uk­rai­na­dan 130-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­lar iri möç­ber­li ser­gi­le­ri bi­len gat­naş­ýar­lar. 

Bu ýer­de gör­ke­zil­ýän önüm­ler we gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri işe­wür­le­ri, hü­när­men­le­ri hem-de öz ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny, eda­ra bi­na­sy­ny, kot­te­ji­ni abat­la­mak ýa-da be­ze­mek is­le­ýän is­len­dik ra­ýa­ty hem-de gur­lu­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­da, en­jam­lar, se­riş­de­ler we gu­ral­lar ba­ba­tyn­da di­ňe okuw ki­tap­la­ry bi­len däl-de, iş ýü­zün­de ta­nyş­mak is­le­ýän ta­lyp­la­ry we or­ta okuw mek­dep­le­rin­de oka­ýan okuw­çy­la­ry gy­zyk­lan­dy­ryp bi­ler. Ser­gi tä­jir­çi­lik şert­na­ma­la­ry­ny bag­laş­mak, ma­ha­bat iş­le­ri­ni ge­çir­mek, ma­ýa­dar­la­ry göz­läp tap­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­re­bap yl­my önüm­çi­lik­le­riň ula­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. My­sal üçin, ser­gi­de yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­lar, dür­li pu­dak­lar­da, şol san­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan in­no­wa­sion tas­la­ma­lar gör­ke­zil­di. Bu ýer­de Ma­ry­nyň Döw­let elekt­rik be­ke­di­niň çä­gin­de bi­na edil­ýän ga­ry­şyk bug-gaz elekt­rik be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­ny gör­mek bol­ýar. Onuň gur­lu­şy­gy “Türk­me­ne­ner­go” döw­let elekt­roe­ner­ge­ti­ka kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň bu­ýur­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. 

Ma­ry­nyň DES-niň dü­züm bö­le­gi bo­lup dur­ýan elekt­ro­be­ket 1574 me­ge­wat bo­lan kuw­wat­ly­ly­ga ni­ýet­le­nen­dir. Onuň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy DES-iniň umu­my kuw­wat­ly­ly­gy iki es­se ar­tar. Ýö­ne onuň esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy eko­lo­gi­ýa­ly­ly­gy hem-de ga­lyn­dy­syz önüm­çi­lik hä­si­ýet­li bol­ma­gy, şeý­le hem se­riş­de­le­riň tyg­şyt­lan­ma­gyn­dan yba­rat­dyr, çün­ki ga­ry­şyk elekt­ro­be­ket üçin ýan­gyç bo­lup, di­ňe bir gaz däl, eý­sem, suw bu­gy hem hyz­mat eder. 

Şun­da peý­da­ly he­re­ket­le­riň gör­ke­zi­ji­si (PHG) bir ýa­rym es­se — 34,2 gö­te­rim­den 57 gö­te­ri­me çen­li ar­tar, ho­wa bö­lü­nip çyk­ýan zy­ýan­ly ga­lyn­dy­lar bol­sa 3 es­se azal­ýar. Ýan­gy­jyň sarp edi­li­şi hem azal­ýar. Şeý­le tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy­lar we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ba­bat­da­ky ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler bi­len bag­ly­lyk­da, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy­na mak­sa­da­la­ýyk ge­çil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. 

Ser­gi­de ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän hu­su­sy bö­lü­miň alyp bar­ýan iş­le­ri giň­den gör­ke­zil­ýär, soň­ky ýyl­lar­da «Nu­saý ýol­la­ry», «Al­tyn ne­sil», «Ak­tab», «Aja­ýyp gur­lu­şyk»,«Be­ýik bi­na» we beý­le­ki köp san­ly kom­pa­ni­ýa­lar iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hu­su­sy bö­le­gi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de te­le­ke­çi­lik işi gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň has ne­ti­je­li ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. 

Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň on­lar­ça gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­di­ler. Şo­la­ryň ara­syn­da ýer­li çig mal­dan ön­dü­ril­ýän hem-de bu ha­ry­dyň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän gör­nüş­le­ri­niň or­nu­ny tut­ma­ga gö­nük­di­ri­len aý­na mo­zai­ka­sy bi­na­la­ry be­ze­mek­de köp ula­nyl­ýar. 

Hä­zir Aş­ga­ba­dyň bi­na­gär­li­gin­de mo­zai­ka pan­no­la­ry­ny ulan­ma­gyň şow­ly my­sal­la­ry­ny gör­kez­mek bol­ýar, şo­lar paý­tag­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş we do­lan­dy­ryş bi­na­lar top­lu­myn­da saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar. Çe­per çöz­gü­di bo­ýun­ça dür­li mo­zai­ka­la­ry mil­li öwüş­gin hem-de halk ama­ly sun­ga­ty­nyň däp­le­ri bir­leş­dir­ýär. Şu gün pu­dak­la­ýyn ser­gi­de gör­ke­zi­len, ýur­du­myz­da aý­na mo­zai­ka­sy­nyň ön­dü­ril­me­gi türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry­na be­zeg se­riş­de­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän şu gör­nü­şin­den do­ly ýüz öwür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. 

Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk­men önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­mak mak­sa­dyn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri art­dyr­mak bi­len bag­ly ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri gön önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni hem ýo­la goý­du­lar, mu­nuň üçin çig mal ýer­li mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ryn­dan ge­lip go­wuş­ýar. Tä­ze önüm­çi­lik­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni, şol san­da, döw­re­bap ýo­ka­ry hil­li aýak­gap­la­ry we me­bel­le­ri ön­dür­me­giň müm­kin­çi­li­gi peý­da bol­dy. Bu önüm­ler eý­ýäm içer­ki ba­zar­da da­şa­ry ýurt­ly önüm­ler bi­len üs­tün­lik­li bäs­leş­ýär, gel­jek­de bol­sa da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dy­lar. 

Ser­gi­de öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry, şeý­le hem in­no­wa­sion gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri­ni, ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ry ön­dür­ýän «Poya­tos», «Bu­ig», «Rö­ne­sans», «He­bei Weiz­heng­heng Mo­du­lar Hou­se Techno­lo­gy», «Gap In­şaat», «Ticcuri­la», «Hof­mann GmbH» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. 

Ýol gur­lu­şy­gyn­da öz “nou-hau­la­ry­ny” Türk­me­nis­ta­na tek­lip et­mä­ge taý­ýar kom­pa­ni­ýa­la­ryň di­war­lyk­la­ry ser­gä gat­na­şy­jy­lar­da aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­bir ki­ta­byn­da jik­me-jik be­ýan edi­len bu ta­ry­hy ýo­ly gaý­ta­dan di­keld­ýän döw­re­bap ulag dü­zü­mi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň müň­ler­çe ki­lo­metr­le­ri, köp­rü­ler, es­ta­ka­da­lar, ýol aý­ryt­la­ry — aý­ra­tyn in­že­ner­çi­lik çöz­güt­le­ri­ni we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ta­lap ed­ýän des­ga­lar gu­rul­ýar. 

Ör­tül­ýän da­şy, se­ment, ker­piç, mag­dan däl gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni, me­tal gur­na­ma­la­ry ön­dür­ýän eda­ra­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň di­war­lyk­la­ry ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň ösüş dep­gin­le­ri­ni gör­kez­di. 

Se­men­tiň ön­dü­ri­li­şi gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri se­na­ga­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Ýur­du­my­zyň za­wod­la­ryn­da se­men­tiň uly is­leg bil­di­ril­ýän gör­nüş­le­ri — örän berk we ýo­ka­ry hil­li port­land se­men­ti ön­dü­ril­ýär. Ol seýs­mi­ki zo­lak­da köp gat­ly bi­na­la­ry hem-de beý­le­ki des­ga­la­ry gur­mak­da ula­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ne­bit we gaz pu­dak­la­ry üçin ze­rur tam­po­naž se­men­tiň, bi­na­la­ryň bin­ýa­dy­ny tut­mak­da, köp­rü­le­riň sü­tün­le­ri­ni we beý­le­ki gid­ro­teh­ni­ki des­ga­la­ry gur­mak­da ula­nyl­ýan sul­fat dur­nuk­ly se­men­tiň ön­dü­ri­li­şi ýo­la go­ýul­dy. 

Şeý­le hem ser­gi­de ke­ra­mi­ki ker­pi­jiň, ar­ma­tu­ra­nyň, me­tal pro­fil­le­riň, plast­mas we aý­na sü­ýüm­li tur­ba­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len kär­ha­na­lar bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy, bu önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi ýur­du­myz­da art­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­niň baý gor­la­ry ke­ram­zi­tiň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky Ýag­man ýa­ta­gyn­dan alyn­ýan ar­gil­lit onuň üçin esa­sy çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň yl­my-önüm­çi­lik bi­le­le­li­şi­gi­niň öňün­de na­no we kom­po­zit se­riş­de­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga iş­jeň go­şul­mak ba­ra­da we­zi­pä­ni goý­ýar. Hä­zir Türk­me­nis­tan­da ýer­li çig ma­lyň esa­syn­da ýur­du­myz üçin tä­ze önüm­le­ri — örän in­çe ba­zalt sü­ýü­mi­ni we şon­dan taý­ýar­la­nyl­ýan ýy­ly­lyk sak­laý­jy hem-de kom­po­zit gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ýan se­na­gat önüm­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri do­wam ed­ýär. Bu önüm­ler di­ňe bir içer­ki ba­zar­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­la­ryň ba­za­ryn­da hem uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. 

Ba­zalt sü­ýü­mi örän berk­li­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Ol po­lat­dan 2,5 es­se, aý­na sü­ýüm­den 1,5 es­se berk­dir. Bu önüm ýe­ňil­li­gi, örän ýo­ka­ry we pes tem­pe­ra­tu­ra­la­ra, şeý­le hem pos­la­ma­la­ra, aş­gar­la­ryň, kis­lo­ta­la­ryň we beý­le­ki hi­mi­ki mad­da­la­ryň tä­si­ri­ne dur­nuk­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şu hä­si­ýet­le­re eýe bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de ba­zalt sü­ýü­mi we şo­nuň esa­syn­da taý­ýar­la­ny­lan, ses ge­çir­me­ýän hem-de ýy­ly­ly­gy sak­la­ýan se­riş­de­ler hä­zir­ki wagt­da dür­li iş­ler­de giň­den ula­nyl­ýar. Bu se­riş­de­le­riň ula­nyş möh­le­ti 100 ýyl­dan hem geç­ýär. 

Hu­su­san-da, olar se­na­gat we dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da, ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Ba­zalt sü­ýü­min­den ön­dü­ri­len önüm­ler eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz se­riş­de­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär, bu bol­sa mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­re bil­dir­ýän esa­sy ta­lap­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. 

Dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň nus­ga­la­ry paý­tag­ty­my­zy, ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­ni we oba­la­ry­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi­ni şöh­le­len­dir­di. Olar do­lan­dy­ryş we eda­ra, söw­da hem-de dynç alyş mer­kez­le­ri­niň, ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­dyr. Yk­dy­sa­dy ser­gi­de gör­ke­zi­len ka­şaň ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň, ak mer­mer­li do­lan­dy­ryş bi­na­la­ry­nyň, kär­ha­na­la­ryň in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ry eý­ýäm ýa­kyn wagt­da dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Di­war­lyk­la­ryň mow­zu­gy hem gy­zyk­ly­dyr, çün­ki türk­men şä­her­le­ri­niň we oba­la­ry­nyň gel­je­gi­ne ser sal­ma­ga, öz­bo­luş­ly tas­la­ma­la­ra ba­ha ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Be­lent bi­na­lar, tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry, gök zo­lak­lar «Se­bi­tiň bi­na­gär­lik mer­je­ni» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ak mer­mer­li paý­tag­ty­nyň be­ze­gi­dir. Aş­ga­bat şä­he­ri bar­ha gö­zel­le­şip, ok­gun­ly ke­ma­la gel­ýän me­ga­po­li­siň çäk­le­ri­ni gi­ňel­dip, dün­ýä­niň gö­zel paý­tagt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da my­na­syp or­nu­ny ber­kid­ýär. Şä­her ila­ty­nyň aja­ýyp dur­muş­da ýa­şa­ma­gy we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin amat­ly daş­ky gur­şa­wy dö­ret­mek, göw­ne­jaý dynç al­mak hem-de boş wag­ty­ňy peý­da­ly ge­çir­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri we hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek onuň ösü­şin­de esa­sy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­ýär. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ýa­şa­ýyş jaý gaz­na­sy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ýo­ka­ry amat­lyk­ly we otag­la­ry­nyň ýer­leş­di­ri­li­şi go­wu­lan­dy­ry­lan be­lent jaý­la­ry däl-de, eý­sem, kot­tej gör­nüş­li jaý­la­ryň gu­rul­ma­gy öň­de goý­lan mak­sat­la­ry ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň ýa­ly bi­na­lar döw­re­bap ta­lap­la­ra, adam­la­ryň şah­sy is­leg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän amat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny saý­lap al­mak­da müm­kin­çi­lik­le­ri art­dyr­ýar. 

Ata Wa­ta­ny­my­zyň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da he­mi­şe­lik ala­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ba­şy­ny baş­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz äh­li ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, gel­je­ge ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýar. 

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry bo­ýun­ça iş sa­par­la­ry­ny yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryp, türk­men top­ra­gy­nyň äh­li kün­jek­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän mak­sat­la­ýyn çä­re­ler, Di­ýa­ry­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri do­ly peý­da­lan­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi bi­len ýe­rin­de ta­nyş­ýar. 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we­la­ýat­la­ry öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu adam­la­ra ýo­ka­ry ýa­şa­ýyş-dur­muş, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi, göw­ne­jaý dynç al­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

Ýer­li çig ma­lyň esa­syn­da gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän ul­gam, düýp­li we ýa­şa­ýyş jaý gur­lu­şy­gy bi­len bir ha­tar­da, uly döw­let gol­da­wy­na eýe bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ul­ga­ma we­la­ýat­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň esa­sy ala­ma­ty hök­mün­de ga­ra­ýar. Hä­zir pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry gur­lu­şyk ba­za­ry­na se­men­ti, di­war­lyk pa­nel­le­ri­ni we ar­mir­le­nen blok­la­ry, ke­ram­zi­ti de­mir­be­ton önüm­le­ri­ni, ke­ra­mi­ki ker­pi­ji, ör­tül­ýän daş­la­ry, ter­mo­ýyl­ma­nan aý­na­ny we beý­le­ki­le­ri ön­dür­ýär hem-de ug­rad­ýar. 

Gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň we­zi­pe­le­ri hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da öz işi­ne baş­lan “Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň ösü­şi” at­ly mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Oňa ýur­du­my­zyň pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­ri­niň we eda­ra­la­ry­nyň, hu­su­sy işe­wür­li­giň ýol­baş­çy­la­ry hem-de hü­när­men­le­ri, kä­bir da­şa­ry ýurt­la­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we kär­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, žur­na­list­ler, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. 

Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem-de dün­ýä­niň şä­her­gur­lu­şyk tej­ri­be­si­niň ös­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, gur­lu­şyk se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nan ha­sa­bat­lar we ha­bar­lar hö­dür­le­nil­di. 

Mas­la­hat­da dür­li gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň, şol san­da gu­rul­ýan des­ga­la­ryň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny hem-de mä­käm­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, eko­lo­gi­ýa we seýs­mi­ki howp­suz­ly­gyň ta­lap­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ne de­giş­li me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne de­giş­li çy­kyş­lar diň­le­nil­di. 

“Türk­men­gur­lu­şyk — 2018” at­ly hal­ka­ra ser­gi 30-njy aw­gus­ta çen­li do­wam eder.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=11495