Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Türk­me­nis­tan­da baş döw­let baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni uly we köpöwüş­gin­li da­ba­ra­lar bi­len bel­le­nil­di. Bu baý­ram­çy­lyk il­deş­le­ri­mi­ziň äh­li­si üçin eziz Wa­ta­ny­my­zyň yk­ba­lyn­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu eý­ýam bol­sa ägirt uly üs­tün­lik­le­re, äh­li ul­gam­lar­da düýp­li öz­gert­me­le­re bes­len­di. Ine, in­di 27 ýyl­dan bä­ri ag­zy­bir türk­men hal­ky ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mäh­ri­ban top­ra­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk­ly we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şap hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çe­kip, şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň däp­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär­ler.

Ga­raş­syz­ly­gyň her bir şan­ly se­ne­si mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zy ynam­ly öňe alyp bar­ýan be­ýik dö­re­di­ji­lik­li ýo­lun­da ýe­ne-de bir sep­git­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lyk­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da go­laý­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si şu ýy­lyň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­dir. On­da ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di we ýa­kyn gel­jek üçin döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz baý­ram­çy­ly­gyň öň­ ýa­nyn­da­ky Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de çy­kyş edip hem-de ge­çi­len ýo­la ba­ha be­rip, şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň bi­ze ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz­baş­dak döw­let ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren­di­gi­ni, müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan mil­li we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, be­lent yn­san­per­wer däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mä­ge şert dö­re­den­di­gi­ni bel­le­di. Şu ýyl­la­ryň için­de ýur­du­myz dün­ýä­niň ok­gun­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, dur­muş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň beý­le­ki şä­her­le­rin­de we ilat­ly ýer­le­rin­de şu ýy­lyň do­wa­myn­da gur­lan hem-de ulan­ma­ga ber­len köp­ san­ly dur­muş-me­de­ni, önüm­çi­lik, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da şu aý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da açy­lan iri se­na­gat mak­sat­ly des­ga­lar hem bar — Bal­kan we­la­ýa­tyn­da gur­lan, hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­ti­ren “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­ny hem-de Ma­ry we­la­ýa­tyn­da gur­lan, ýur­du­myz­da­ky il­kin­ji ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän bug-gaz elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gör­kez­mek bo­lar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry hem özü­niň anyk ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hem-de beý­le­ki mö­hüm fo­rum­la­ryň mün­be­rin­den be­ýan edi­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň yk­rar­na­ma­sy­na we gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy.

Şo­ňa gö­rä-de, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň je­bis­li­gi­niň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň, ne­sil­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de biz bu baý­ra­my uly ag­zy­bir maş­ga­la bo­lup, giň ge­rim­de bel­le­ýä­ris. Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň äh­li­si­niň kal­by döw­le­ti­mi­ze bo­lan buý­sanç duý­gu­syn­dan do­lu­dyr.

Ýur­du­my­zyň baş meý­da­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li esa­sy da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ri­len ýe­ri­ne öw­rül­di. Bu ýe­re aş­ga­bat­ly­la­ryň müň­ler­çe­si hem-de ýur­du­my­zyň we dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len köp­ san­ly myh­man­lar ýyg­nan­dy­lar. Mün­ber­de hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da iş­le­ýän il­çi­le­ri hem-de döw­le­ti­miz­de iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry we da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler bar.

Ga­raş­syz­lyk meý­da­nyn­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň go­şun­la­ry­nyň äh­li ky­sym­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry ny­za­ma dü­zül­di­ler.

Sa­gat 10.00. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­let mün­be­ri­ne çyk­ýar. Ýyg­na­nan­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi ru­hu­be­lent­lik bi­len mü­bä­rek­le­ýär­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Gö­rel­de­li har­by or­kest­ri fan­far çal­ýar.

Baý­ram­çy­lyk har­by ýö­riş­den baş­lan­ýar. Bu ýö­riş eziz Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty­ny hem-de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň, mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň we asu­da­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da du­ran türk­men es­ger­le­ri­niň ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek gör­kez­di.

Go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowdan Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ýa­rag­ly Güýç­le­riň hem-de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şah­sy dü­zü­mi­niň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe baş­la­ma­ga rug­sat so­ra­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz ýö­ri­şi baş­la­ma­ga rug­sat ber­ýär.

Go­ran­mak mi­nist­ri aw­tou­lag bi­len da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gat­naş­ýan şah­sy dü­züm­le­riň öňün­den ge­çip, ola­ry gut­la­ýar. Şah­sy dü­züm­le­riň ha­ta­ryn­da har­by gul­luk­çy­lar hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp ýaş­la­ry, Mil­li go­şu­ny­my­zyň es­ger­le­ri hem-de ser­ker­de­le­ri egin-eg­ne be­rip dur­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar we şol wagt Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy gal­dy­ryl­ýar. 27 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz ýa­şyl Tu­gu­nyň as­tyn­da özü­niň tä­ze ta­ry­hy­ny dö­re­dip, aba­dan­çy­lyk we ösüş ýo­ly bi­len öňe gi­dip, has be­lent sep­git­le­ri eýe­le­ýär hem-de ga­raş­syz ösü­şiň tä­sin nus­ga­ly döw­le­ti hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de ber­ka­rar bol­ýar.

Meý­dan­ça­da ny­za­ma dü­zü­len türk­men har­by­la­ry eziz Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny aýd­ýar­lar.

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­miz Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk et­me­gi hem-de ola­ryň maş­ga­la­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy üçin göw­ne­jaý şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy we ýol­baş­çy­ly­gy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şun­da Mil­li go­şu­ny­my­zyň äh­li kuw­wa­ty­nyň di­ňe pa­ra­hat­çy­ly­ga gul­luk et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Ga­raş­syz hem-de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän Har­by dokt­ri­na­sy di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir we onuň esa­sy mak­sa­dy ýur­du­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.

Türk­men es­ger­le­ri döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik ala­da­sy­na my­na­syp jo­gap ber­mek bi­len, iň tä­ze har­by teh­ni­ka we ýa­rag­la­ra erk et­me­giň us­sat­ly­gy­ny, sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­kez­ýär­ler. Yzy­gi­der­li gu­ral­ýan tak­ti­ki okuw­lar hem-de har­by-wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si, be­den taý­ýar­ly­gy­ny, öň­de­ba­ry­jy sö­weş­jeň teh­ni­ka­nyň we ýa­rag­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ne erk et­me­giň hem-de do­lan­dyr­ma­gyň tä­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çä­re­ler, hu­su­san-da, şu ýy­lyň maý we aw­gust aý­la­ryn­da ge­çi­ri­len çä­re­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­ni baý­dak gö­te­ri­ji­ler to­pa­ry aç­ýar. Es­ger­ler da­ba­ra­ly sa­zyň as­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny hem-de Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň go­şun ky­sym­la­ry­nyň sö­weş­jeň baý­dak­la­ry­ny alyp geç­ýär­ler.

Soň­ra da­ba­ra­ly har­by ýö­riş bi­len Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň har­by okuw­çy­la­ry geç­ýär­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň Wa­ta­ny go­ra­mak­da we har­by bor­jy ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gör­ke­zen şah­sy eder­men­li­gi, Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da gör­ke­zen ba­tyr­ly­gy hem-de gaý­duw­syz­ly­gy üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy — “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­dal bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy gel­jek­ki Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň buý­san­jy­na öw­rü­lip, ola­ry tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy.

Soň­ra mün­be­riň öňün­den Mil­li go­şu­ny­my­zyň ser­ker­de­ler ba­tal­ýo­ny geç­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny we asu­da­ly­gy­ny üp­jün et­mek işi­ne go­şant goş­ýan ze­nan har­by gul­luk­çy­lar baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­ni do­wam ed­ýär­ler.

Döw­let­li Di­ýa­ry­my­zyň go­ra­gyn­da sars­maz ga­la bo­lup du­ran mo­toa­ty­jy es­ger­ler da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şiň ha­tar­la­ry bi­len bar­ýar­lar. Ola­ryň yzy­sü­re eziz Wa­ta­ny­my­zyň asu­da as­ma­ny­ny yg­ty­bar­ly go­ra­ýan Har­by-ho­wa güýç­le­ri­niň uçar­man­la­ry da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi do­wam ed­ýär­ler.

Ýur­du­my­zyň ho­wa gi­ňiş­li­gi­niň go­rag­çy­la­ry döw­let mün­be­ri­niň öňün­den ny­za­ma dü­zü­lip geç­ýär­ler. Olar beý­le­ki go­şun ky­sym­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry ýa­ly, öz öň­le­rin­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­ýär­ler.

Da­ba­ra­ly ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da de­ňiz-py­ýa­da ba­tal­ýo­ny bar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri Har­by de­ňiz güýç­le­ri­niň ab­ra­ýy­ny art­dy­ryp, olar Ha­zar­da ýur­du­my­zyň ser­het­le­ri­ni hüş­gär go­ra­mak bi­len, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny we asu­da­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär­ler. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de, har­by de­ňiz go­şun­la­ry­ny ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi ne­ti­je­sin­de, har­by flo­tuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär.

Da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi ýö­ri­te mak­sat­ly de­sant ba­tal­ýo­ny do­wam ed­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň, hal­ky­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ber­jaý ed­ýän bu berk be­den­li hem-de ru­hu­be­lent ýaş es­ger­ler türk­me­nis­tan­ly­la­ryň kal­by­ny buý­sanç­dan dol­dur­ýar.

Ga­raş­syz­lyk meý­da­nyn­dan ar­til­le­ri­ýa di­wi­zio­ny­nyň şah­sy dü­zü­mi geç­ýär. Olar har­by okuw-tür­gen­le­şik­ler­de kuw­wat­ly ar­til­le­ri­ýa ýa­rag­la­ry­na ba­şar­nyk­ly erk edip, ta­kyk ot atyş ur­gu­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da us­sat­lyk gör­kez­ýär­ler.

Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň bi­möç­ber ala­da­sy ne­ti­je­sin­de dö­re­di­len tä­ze go­şun ky­sy­my — Ter­ri­to­rial go­ra­nyş go­şun­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry do­wam ed­ýär­ler. Ýur­du­my­zyň çä­gin­dä­ki döw­let we aý­ra­tyn mö­hüm des­ga­la­ry go­ra­ýan bu har­by gul­luk­çy­lar baş­la­ry­ny be­lent tu­tup bar­ýar­lar.

Baş meý­dan­dan ra­ýat go­ra­nyş we ha­las ediş ba­tal­ýo­ny­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry geç­ýär­ler. Onuň şah­sy dü­zü­mi adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­da hem-de şo­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni ara­dan aýyr­mak­da des­sin kö­mek ber­me­giň en­dik­le­ri­ni us­sat­lyk bi­len ele al­ýar­lar.

Soň­ra mün­be­riň öňün­den Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te mak­sat­ly to­pa­ry hem-de Ser­het gul­lu­gy­nyň ýö­ri­te mak­sat­ly bö­lüm­le­ri bat­ly ga­dam urup geç­ýär­ler. Däp bol­şy ýa­ly, bu bö­lüm­ler öň­de­ba­ry­jy tak­ti­ki we iň tä­ze teh­ni­ki se­riş­de­le­ri ulan­mak ar­ka­ly ope­ra­si­ýa­la­ra gat­naş­ýar­lar. Ýö­ri­te bö­lüm­le­riň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy sö­weş­jeň, ama­ly we be­den taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ryň işi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri sö­weş­jeň we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de çalt he­re­ket et­me­gin­den yba­rat­dyr.

Bi­li­miň we yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýaş es­ger­le­ri ata Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Öz­le­ri­ne yna­ny­lan mö­hüm hem-de jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­riň ab­raý bi­len höt­de­sin­den gel­ýän ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň esa­sy we­zi­pe­si Mil­li go­şun üçin ser­ker­de­le­riň ýaş nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr. Şun­da okat­ma­gyň hi­li­ne we ne­ti­je­li­li­gi­ne, döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry hem-de en­jam­la­ry do­lan­dyr­mak en­dik­le­ri­ni ele al­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň işi hut şu mak­sat­la­ra ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Onuň ta­lyp­la­ry meý­dan­dan bat­ly ga­dam urup geç­ýär­ler. Beý­le­ki­ler­de bol­şy ýa­ly, bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de hem okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi hä­zir­ki ýo­ka­ry ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy we gol­daw ber­me­gi bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň hem-de Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň go­şun bö­lüm­le­rin­de dö­re­di­len at­çy­lyk bö­lüm­le­ri­niň ýö­ri­şi döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len har­by ýö­ri­şiň ha­ky­ky be­ze­gi­ne öw­rül­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz öz­le­ri­niň dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­län be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­rip­dir­ler. Meş­hur be­dew­ler türk­men­le­riň buý­san­jy­dyr we kal­by­nyň aý­dy­my­dyr, tä­sin sun­gat ese­ri­dir, eder­men hal­ky­my­zyň dün­ýä­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na go­şan aja­ýyp go­şan­dy­dyr. Köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri gaý­duw­syz ýi­git­le­ri­mi­ziň we­pa­ly ýol­da­şy, baý­ram­çy­lyk­lar­da bol­sa ola­ryň ýa­kyn dos­ty bo­lup­dyr.

Soň­ra döw­re­bap har­by teh­ni­ka­la­ryň göz­den ge­çi­ri­li­şi baş­lan­ýar.

Meý­dan­da dür­li go­şun ky­sym­la­ry­nyň me­ha­ni­zir­le­nen ker­wen­le­ri peý­da bol­ýar. Şo­la­ryň ýö­riş ha­ta­ry­nyň öňü­ni «Com­bat Guard» ky­sym­ly har­by aw­tou­lag­la­r çek­ýär. Ola­ryň yzy­sü­re tä­ze ge­lip gow­şan, ýö­ri­te mak­sat­ly bö­lüm­ler ta­ra­pyn­dan sö­weş­jeň we­zi­pe­le­ri çalt hem-de bök­denç­siz ýe­ri­ne ýe­tir­me­k üçin ni­ýet­le­nen tä­ze mo­tou­lag se­riş­de­le­ri geç­ýär­ler. Olar­da or­naş­dy­ry­lan döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­ler is­len­dik şert­ler­de sö­weş­jeň we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Göz­den ge­çi­ri­li­şi «MRZR-D2», «MRZR-D4», «DA­GOR», «AJ­BAN» ky­sym­ly har­by aw­tou­lag­lar do­wam ed­ýär­ler. Olar ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­lar üçin ni­ýet­le­nen­dir. Bu yk­jam we şol bir­wag­tyň özün­de kuw­wat­ly tak­ti­ki ulag se­riş­de­le­ri bar­ma­sy kyn ýer­ler­de jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge kö­mek ber­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da “Land Ro­wer” we «NIMR» ky­sym­ly so­wut­la­nan aw­tou­la­g ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň dü­zü­mi­ne ka­bul edi­len kä­mil teh­ni­ka­dyr. Da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gat­naş­ýan bu döw­re­bap har­by aw­tou­la­gyň üs­tün­de sö­weş alyp bar­mak üçin Şer­şen ky­sym­ly tan­ka gar­şy ra­ke­ta­lar, tak­ti­ki uçar­man­syz uçar­lar, 82 mm-lik mi­nom­ýot­lar hem-de brau­ning ky­sym­ly pu­lem­ýot­lar bar.

Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly har­by ýö­riş­de Mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň dü­zü­min­dä­ki kä­mil sö­weş teh­ni­ka­la­ry bo­lan «KA­RA­KAL» ky­sym­ly sö­weş­jeň teh­ni­ka­lar geç­ýär­ler. Şo­la­ryň üs­tün­de de­sant har­by gul­luk­çy­lar as­ma­na aty­jy göç­me ra­ke­ta top­lu­my bi­len geç­ýär­ler.

Da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi «Al SHIBL 2» ky­sym­ly har­by aw­tou­lag­lar do­wam ed­ýär. Bu har­by teh­ni­ka­lar Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň dü­zü­mi­ne tä­ze ka­bul edil­di. Da­ba­ra­ly har­by ýö­riş bi­len BTR 80A we «Kir­pi» ky­sym­ly sö­weş teh­ni­ka­la­ry geç­ýär­ler.

Meý­dan­da 2-nji me­ha­ni­zir­le­nen ker­wen peý­da bol­ýar. Onuň dü­zü­min­de «Ro­de Şwars» ky­sym­ly hä­zir­ki za­ma­nyň döw­re­bap har­by ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry ýer­leş­di­ri­len «Land Ro­wer» ky­sym­ly teh­ni­ka­lar geç­ýär­ler.

Soň­ra har­by ýö­riş­den «FM-90» ky­sym­ly as­ma­na aty­jy ra­ke­ta top­lum­la­ry hem-de «S-200» ky­sym­ly as­ma­na aty­jy ra­ke­ta top­lum­la­ry geç­ýär­ler. Olar ho­wa gi­ňiş­li­gin­dä­ki hem-de suw üs­ti ny­şa­na­la­ry ýo­ka­ry ta­kyk­lyk bi­len ha­tar­dan çy­kar­ýar­lar.

3-nji me­ha­ni­zir­le­nen ker­we­niň dü­zü­min­de da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şiň ha­tar­la­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň har­by aw­tou­lag­la­ry — «Toyo­ta HI­LUX», «COB­RA», «MANT­RA», «PMV-SURVIVOR II», «KIR­PI» ky­sym­ly aw­tou­lag­la­ry geç­ýär­ler. Bu ulag­lar kuw­wat­ly­ly­gy, tiz­lik hä­si­ýet­le­ri hem-de ýo­ka­ry ge­çi­ji­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar.

Soň­ra mün­be­riň öňün­den “IVECO” ky­sym­ly aw­tou­lag­la­ry geç­ýär, olar­da otur­dy­lan ZU-23 ky­sym­ly as­ma­na aty­jy ra­ke­ta top­lum­la­ry pes be­lent­lik­de uç­ýan uçar­la­ry ýok et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir.

4-nji me­ha­ni­zir­le­nen ker­we­niň no­ba­ty gel­ýär. Onuň dü­zü­min­de Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň OTO­KAR, «PMV-SURVIVOR II», «TOYO­TA TUND­RA», «GMS Sier­ra» ky­sym­ly ýe­ňil so­wut­la­nan aw­tou­lag­la­ry bar. Bu döw­re­bap aw­tou­lag­lar hal­ky­my­zyň asu­da­ly­gy­nyň we ra­hat­ly­gy­nyň, hu­kuk hem-de jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­niň üp­jün edil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Soň­ra meý­dan­dan Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň mo­tou­lag­la­ry geç­ýär­ler.

Baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi as­man­da do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň Har­by ho­wa güýç­le­ri eziz Wa­ta­ny­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň pa­ra­hat dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek işin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär.

Meý­da­nyň ýo­kar­syn­dan «AGUS­TA-109» we «AGUS­TA-139» ky­sym­ly di­ku­çar­la­ry uçup geç­ýär­ler. Ola­ryň teh­ni­ki hä­si­ýet­le­ri Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­na dag­lyk we beý­le­ki bar­ma­sy kyn ýer­ler­de gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Har­by ýö­riş Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň «Eurocop­ter — 365» hem-de Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň «Eurocop­ter — 145» ky­sym­ly di­ku­çar­la­ry bi­len do­wam et­di­ril­ýär.

Soň­ra «SU-25» ky­sym­ly sö­weş­jeň uçar­la­r baş meý­da­ny­my­zyň ho­wa gi­ňiş­li­gin­de peý­da bol­ýar­lar. Har­by uçar­man­la­ry­myz äh­li­halk baý­ram­çy­ly­gyn­da hü­när us­sat­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär­ler. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­my­zyň as­ma­ny­nyň pa­ra­hat­­ly­gy­nyň we asu­da­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly el­ler­de­di­gi­niň ke­pi­li bo­lup dur­ýar.

Ýö­ri­şe gat­naş­ýan bu döw­re­bap ýe­rüs­ti we har­by-ho­wa teh­ni­ka­la­ry hem-de ýa­rag­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça we ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan har­by öz­gert­me­le­riň esa­sy we­zi­pe­si hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­mu­my we­him­le­ri­ne hem-de howp­la­ry­na gar­şy dur­ma­ga ukyp­ly yk­jam, go­ra­nyş ukyp­ly Mil­li go­şu­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Bu ba­bat­da şu gün­ki har­by ýö­riş yzy­gi­der­li döw­re­bap en­jam­lar hem-de har­by teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün edil­ýän har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­le­riň kuw­wa­ty­nyň ep-es­li art­dy­ry­lan­dy­gy­ny aý­dyň­lyk bi­len gör­kez­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň çäk bi­te­wü­li­gi­niň, mil­li howp­suz­ly­gy­nyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da­ly­gyň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Soň­ra döw­let mün­be­ri­niň öňün­de Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Aý­ra­tyn Hor­mat ga­ra­wu­ly ba­tal­ýo­ny­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry peý­da bol­ýar­lar. Olar Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 27 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­ny ny­zam emel­le­ri bi­len be­ze­ýär­ler. Mün­be­riň öňün­de Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň şah­sy dü­zü­mi ny­zam ýö­ri­şi bi­len “27” bel­gi­niň hem-de Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­nyň şe­ki­li­ni eme­le ge­tir­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň gö­rel­de­li har­by or­kest­ri­niň joş­gun­ly çy­ky­şy baş baý­ra­myň hor­ma­ty­na gu­ra­lan har­by ýö­ri­şiň jem­leý­ji çä­re­si bol­dy.

Ine-de, da­ba­ra­ly sa­zyň owa­zy du­ta­ryň sa­zy bi­len ut­ga­şyp gid­ýär.

Mün­be­riň öňün­dä­ki baş meý­dan­ça Gü­nüň şöh­le­si­ne al­tyn reňk­de öw­şün at­ýan, şaý-sep­le­re bes­le­nen ahal­te­ke be­de­wi­ni çy­kar­ýar­lar. Ýi­git­ler aja­ýyp aty idip ge­ti­rip, onuň gö­zel­li­gi­ni we sy­rat­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär­ler. Soň­ra be­dew us­sat­lyk bi­len çar­pa­ýa ga­lyp, haý­ran ga­lan to­ma­şa­çy­la­ryň el­ çar­pyş­ma­la­ry­na my­na­syp bol­ýar.

Eziz Wa­ta­ny­my­zyň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň hem-de bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne çek­ýän tu­tan­ýer­li zäh­me­ti we Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za egin­deş­le­ri­niň adyn­dan bu aja­ýyp be­dew sow­gat be­ril­ýär.

Da­ba­ra­ny alyp­ ba­ry­jy mil­li Li­de­ri­miz­den äh­li­halk söý­gü­si­niň be­ýa­ny hem-de äh­li be­ýik we asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ahal­te­ke be­de­wi­ni ka­bul et­me­gi­ni ha­ýyş ed­ýär.

Türk­men at­la­ry be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ýur­du­my­zyň aja­ýyp baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da türk­men be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty has-da be­len­de gal­dy.

Şu ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Fon­tan­ka­da­ky” sirk sun­ga­ty­nyň I Hal­ka­ra fes­ti­wa­lyn­da “Türk­men at­la­ry” döw­let bir­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sir­ki­niň “Türk­men ji­git­le­ri” to­par­la­ry bu hal­ka­ra fes­ti­wa­ly­nyň baş baý­ra­gy­na — “Al­tyn Gae­ta­no” al­tyn heý­kel­ji­gi­ne my­na­syp bol­dy.

Baş meý­da­na seý­kin ba­syp, ýe­ne-de bir aja­ýyp, ak reňk­li, kü­müş­söw be­dew çyk­ýar. Ol özü­niň owa­dan­ly­gy hem-de sy­rat­ly­ly­gy bi­len ýyg­na­nan­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze de­giş­li bo­lan bu Ak­han at­ly be­dew çar­pa­ýa ga­lyp, uzak ara­ly­gy geç­mek­de ga­za­nan üs­tün­li­gi bi­len Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.

Ak­han mün­be­riň öňün­de baş eg­ýär we ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el­ çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da çar­pa­ýa ga­lyp, bir­nä­çe ara­ly­gy geç­ýär.

Ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nan joş­gun­ly şy­gyr­lar ýaň­lan­ýar. Öňün­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny gö­te­rip bar­ýan ýi­gi­diň yzyn­dan bar­ýan at­ly­lar to­pa­ry türk­men hal­ky­nyň özü­niň kök­le­ri­ne we­pa­ly­dy­gy­ny hem-de gel­je­ge ym­tyl­ma­gy, je­bis­li­gi, tä­ze mak­sat­la­ra ýet­mä­ge ok­gun­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýar.

Meş­hur küşt­dep­di­niň owa­zy­nyň as­tyn­da at­ly­lar we mil­li ly­bas­ly gyz­lar baş meý­da­na çyk­ýar­lar. Olar döw­re gu­rap söý­gü­li halk tan­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Bu öz­bo­luş­ly çy­kyş gyz­la­ryň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­niň sy­rat­ly be­dew­le­riň gö­zel­li­gi bi­len ut­gaş­ýan­dy­gy bi­len haý­ran gal­dyr­dy. Sa­zyň owa­zy bar­ha be­lent­den ýaň­lan­ýar we be­dew­ler “tans­çy­la­ryň” we­zi­pe­si­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip, çy­ky­şyň tä­si­ri­ni has-da art­dyr­ýar­lar.

Soň­ra at­ly­lar to­pa­ry meý­dan­dan ug­ra­ýar we bu ýer­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­na ba­gyş­la­nan sah­na­laş­dy­ry­lan ede­bi — aý­dym-saz­ly çy­kyş ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Meý­da­na bir­ma­hal­lar söw­da ýol­la­ry­nyň ug­run­da köp bo­lan ker­wen­sa­raý çy­ka­ryl­ýar. Bu ýer­de dur­muş gaý­nap jo­şup­dyr, dür­li ýurt­lar­dan adam­lar du­şu­şyp­dyrlar, olar ha­ryt­la­ry alyş­mak bi­len, ar­zuw-mak­sat­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyp­dyrlar.

Kom­po­zi­si­ýa folk­lor, tans we beý­le­ki dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar köp adam­ly Gün­do­gar ba­za­ry­nyň öz­bo­luş­ly keş­bi­ni dö­ret­di­ler.

Ýi­git­le­riň joş­gun­ly tan­sy bu ker­wen ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen söw­da şä­her­le­ri­niň tä­sin dur­mu­şy­nyň ru­hu­ny be­rip, ga­dy­my dö­wür­le­riň dur­mu­şy­ny be­ýan ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da şol dö­wür­ler ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň be­ril­ýär. Ga­dy­my ýo­luň ta­ry­hy-me­de­ni äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän bu ne­şi­riň ikin­ji ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy wa­tan­daş­la­ry­my­za baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bol­dy.

Hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­ly di­ňe bir geç­mi­şiň si­wi­li­za­sion tä­sin­li­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň hem-de ulag, yn­san­per­wer ul­gam­da, sport­da iri tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän tä­ze ýag­daý­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si Türk­me­nis­ta­na dün­ýä­niň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­le­ri bi­len dost­luk, do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga ýar­dam edip, ga­dy­my dö­wür­ler­de bol­şy ýa­ly, yk­ly­myň halk­la­ry­ny hem-de se­bit­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän köp­ri bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Baş meý­dan­da “Şöh­rat! Şöh­rat! Şöh­rat!” di­ýen ru­hu­be­lent söz­ler yzy­gi­der­li ýaň­lan­ýar — Türk­me­nis­ta­na buý­san­ma­ga hem-de be­ýik iş­le­riň ýyl­ýaz­gy­sy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­mä­ge zat köp­dür.

Ýur­du­my­zyň baş meý­da­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri peý­da bol­ýar­lar. Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler öň ha­tar­da bar­ýar­lar.

Ýö­riş ma­ha­ly da­ba­ra­ny alyp ­ba­ry­jy döw­le­ti­mi­zi ös­dür­mek­de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýo­ka­ry ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk eda­ra­sy­nyň, ra­ýat hem-de jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň ägirt uly or­ny ba­ra­da gür­rüň ber­ýär.

Go­laý­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len äh­li­halk fo­ru­myn­da — Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm çöz­güt­le­riň bir­nä­çe­si ka­bul edil­di. Bi­ziň Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­ne saý­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­te­ren şan­ly wa­ka bol­dy.

Soň­ra äh­li we­la­ýat­la­ryň we­kil­le­ri geç­ýär­ler. Ola­ryň yzy­sü­re bar­ýan aw­tou­lag­da mäh­ri­ban oja­gyň, je­bis­li­giň hem-de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip gel­ýän däp­le­riň ny­şa­ny bo­lan tam­dyr or­naş­dy­ry­lyp­dyr.

Ýö­ri­şi Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­niň iş­gär­le­ri do­wam et­dir­ýär­ler. Mün­be­riň öňün­den paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik aja­ýyp ýer­le­ri­niň, tä­ze des­ga­la­ry­nyň, ýa­dy­gär­lik­le­riň ma­ket­le­ri ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň keş­bi has-da gö­zel­leş­di.

Ila­ty­my­zyň dur­mu­şy­nyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, ra­ýat­la­ry­my­zyň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy üçin döw­re­bap dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­miň dö­re­dil­me­gi şol öz­gert­me­le­riň esa­sy gör­ke­zi­ji­si bol­dy. Şu ýyl paý­tag­ty­myz­da tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry, döw­re­bap bi­na­lar, se­ýil­gäh­ler we beý­le­ki des­ga­lar ulan­ma­ga be­ril­di.

Ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dy wasp ed­ýän ru­hu­be­lent goş­gu­lar ýaň­lan­ýar, as­ma­na köp­ san­ly şar­lar uçu­ryl­ýar.

Soň­ra meý­da­na ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­nyň we­kil­le­ri çyk­ýar­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ul­gam­la­ra ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­niň in­tel­lek­tual iler­le­di­ji­si hök­mün­de ga­ra­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len bu ul­gam­lar­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ola­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ň ta­lap­la­ry­nyň de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­sin­de eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da bu me­se­lä aý­ra­tyn üns be­rip, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň öňün­de tä­ze we­zi­pe­le­ri goý­dy.

Şu mak­sat­lar bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dü­ril­ýär, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de okat­ma­gyň tä­ze ugur­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Şu ýyl paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze döw­re­bap or­ta mek­dep­le­riň hem-de ça­ga­lar bag­la­ry­nyň en­çe­me­si ulan­ma­ga be­ril­di. Bu­la­ryň äh­li­si in­no­wa­sion ösü­şiň esa­sy­na öw­rü­len bi­lim ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, ta­lyp ýaş­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi mü­bä­rek­läp, dö­re­di­ji­lik, in­tel­lek­tual kuw­wa­ty kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýär­ler.

Soň­ra we­lo­si­ped­çi­le­riň uly to­pa­ry ha­tar bo­lup geç­ýär. Ola­ryň ara­syn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça us­sat­lar, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ýa­ryş­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri hem-de baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan­lar bar. Hä­zir­ki dö­wür­de aja­ýyp sport top­lum­la­ry we sta­dion­lar, se­bit­dä­ki iri Olim­pi­ýa şä­her­çesi ola­ryň yg­ty­ýa­ryn­da­dyr.

Da­ba­ra­ny alyp ba­ry­jy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça BMG ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi we el­bet­de, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de yl­gaw ýa­ry­şy we we­lo­si­ped­li ýö­riş şu ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry bol­dy. Bu sport çä­re­le­ri ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­di we be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­niň ös­me­gi­ne tä­ze kuw­wat­ly iter­gi ber­di.

Mün­be­riň öňün­den ge­çip bar­ýan aw­tou­la­gyň be­ze­gin­de Ga­ra­gu­muň keş­bi dö­re­dil­di. Ga­ra­gum çö­lü­niň için­den ral­li­niň ýo­ly geç­di. Bu ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak üçin dün­ýä­niň 20 ýur­dun­dan tür­gen­ler gel­di­ler. Türk­men ýy­gyn­dy­sy­nyň ulag­la­ry­nyň şe­kil­le­ri­niň ara­syn­da 100 bel­gi­li meş­hur aw­tou­lag aý­ra­tyn orun eýe­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şol aw­tou­lag­da ýa­ryş­la­ryň baş­lan­gyç tap­gy­ry­ny ge­çip, bäs­le­şi­ge ba­dal­ga ber­di. Türk­men to­pa­ry hut şu aw­tou­lag­da 80-den gow­rak to­pa­ryň ara­syn­da 3-nji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.

Baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­niň no­bat­da­ky mow­zu­gy Awa­za bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­dy. Sa­ry, ak we gök reňk­ler Gün şöh­le­le­ri­ni, aja­ýyp çä­ge­li su­wa dü­şül­ýän ýer­le­ri, my­la­ýym deň­zi, ak ýel­ken­li gä­mi­le­ri hem-de Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky ak mer­mer­li bi­na­la­ry ýat­lat­dy. Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na ba­gyş­la­nan aý­dym-saz­ly we tans­ly çy­kyş­la­ra gat­na­şan­la­ryň ly­bas­la­ry hem şol reňk­ler­de bol­dy.

Be­ze­len ulag­lar­da şu ýyl açy­lan “Awa­za” ak­wa­par­ky­nyň att­rak­sion­la­ry­ny, de­ňiz şy­pa­ha­na­sy­nyň beý­le­ki des­ga­la­ry­nyň şe­kil­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan bu ägirt uly tas­la­ma tu­tuş ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Awa­za di­ňe bir sy­ýa­hat­çy­la­ry we dynç al­ýan­la­ry özü­ne çek­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ryň, fes­ti­wal­la­ryň, mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Şu ýyl bu ýer­de ak­wa­park­dan baş­ga-da, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da dür­li in­no­wa­sion hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän “Awa­za” şy­pa­ha­na­sy hem açyl­dy.

Awa­za ge­lip gör­mä­ge ça­gyr­ýan aý­dym hem-de de­ňiz tol­kun­la­ry­ny ýat­lad­ýan joş­gun­ly tans “Öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” di­ýen söz­le­riň ru­hu­be­lent­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi bi­len jem­len­di. Bu jüm­le Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly ýö­ri­şiň öze­ni­ni düz­di.

Meý­da­na sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri çyk­ýar. Hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň köp şa­ha­ly ul­ga­my ýur­du­myz­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ke­pil­len­dir­ýär. Döw­le­ti­miz şo­la­ryň gur­lu­şy­gy­na we en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na uly möç­ber­dä­ki se­riş­de­le­ri gö­nük­dir­di. Aş­ga­bat iri luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­di, bu ýer­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly has­sa­ha­na­lar he­re­ket ed­ýär. Le­bap we­la­ýa­tyn­da kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, Ma­ry şä­he­rin­de we­la­ýat ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky tä­ze üs­tün­lik­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Soň­ra mün­be­riň öňün­den yk­dy­sa­dy dü­züm­le­riň, ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri geç­ýär. Pan­no­lar we ma­ket­ler Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ösü­şi­ni şöh­le­len­dir­ýär. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge ägirt uly mad­dy se­riş­de­le­ri gö­nük­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Her ýyl zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň muk­da­ry ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Dur­nuk­ly ma­li­ýe ul­ga­my­nyň, oý­la­ny­şyk­ly ma­li­ýe sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar üçin özü­ne çe­ki­ji­li­gi ýo­kar­lan­ýar.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry öz zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­dy­lar. Söw­da we te­le­ke­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň köpöwüş­gin­li ýö­ri­şi da­ba­ra­nyň tä­si­ri­ni has-da art­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, söw­da we hyz­mat­la­ryň, hu­su­sy ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dö­ret­me­giň mö­hüm şer­ti­dir. Hu­su­sy kär­ha­na­lar — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan gur­lan köp­ san­ly dur­muş hem-de se­na­gat des­ga­la­ry bu ul­gam­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri aly­jy­la­ryň yna­my­na my­na­syp bol­dy hem-de içer­ki ba­zar­da my­na­syp orun eýe­le­di, in­di bol­sa olar da­şar­ky ba­zar­la­ry ynam­ly öz­leş­dir­ýär­ler. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şyk­da, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da, hal­kyň sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry­ny, azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de ne­ti­je­li iş­läp, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len üs­tün­lik­li bäs­leş­ýär­ler. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ne tä­ze giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ry ynan­mak bi­len, şo­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär we hu­su­sy ul­ga­myň ös­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär.

Ýur­du­my­zyň baş meý­da­nyn­dan bu gün yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň zäh­met­keş­le­ri, döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän müň­ler­çe adam geç­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry, meş­hur us­sat­lar we esa­sy hü­när­men­ler, ýaş iş­gär­ler bar.

Dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Dok­ma se­na­ga­ty­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ry dün­ýä­niň ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän, bäs­deş­li­ge ukyp­ly kär­ha­na­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ha­ly­çy­ly­gyň ösü­şi hä­zir tä­ze iter­gä eýe bol­dy, we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň ul­gam­la­ry gi­ňel­dil­ýär, deň­siz-taý­syz türk­men ha­ly­la­ry­nyň şöh­ra­ty bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň ha­ly­çy­lyk we dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri ga­dy­my se­ne­diň däp­le­ri­ni do­wam edip, baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şin­de öz pu­da­gy­na my­na­syp de­re­je­de we­kil­çi­lik et­di­ler.

Baş meý­dan­da joş­gun­ly baý­ram­çy­lyk aý­dy­my ýaň­lan­ýar. Folk­lor-et­nog­ra­fi­ki to­par onuň owa­zy­nyň as­tyn­da köpöwüş­gin­li tan­sy ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. To­pa­ra gat­na­şy­jy­la­ryň eg­nin­de owa­dan mil­li ly­bas­lar, sport eşik­le­ri, jin­si ma­ta­syn­dan ti­ki­len egin-eşik­ler bar. Mu­nuň özi Türk­me­nis­tan­da taý­ýar dok­ma önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Önüm­çi­lik kär­ha­na­sy­ny ýat­lad­ýan aw­top­lat­for­ma bi­len bi­le­lik­de baş meý­da­na se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri çyk­ýar­lar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Ýur­du­myz­da iri kär­ha­na­lar gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň se­na­ga­tyn­da zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar hem-de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek pu­da­gyn­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Şu ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe di­ýen ýe­rin­de aý­na önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän “Türk­men aý­na önüm­le­ri” kär­ha­na­sy ulan­ma­ga be­ril­di. Onuň önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­ly aly­jy­la­ryň uly is­leg­le­rin­den peý­da­lan­ýar.

Mün­be­riň öňün­de owa­dan be­ze­len aw­tou­lag­lar peý­da bol­ýar. Şo­la­ryň bi­rin­de sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň önüm­le­ri hem-de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň ha­ryt­la­ry ýer­leş­di­ri­lip­dir, beý­le­ki ulag­da bol­sa dag ge­riş­le­ri, şag­la­wuk­lar, te­bi­ga­tyň go­rag­ha­na kün­jek­le­rin­de ýa­şa­ýan haý­wan­lar şe­kil­len­di­ri­lip­dir we aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi öň ha­ta­ra çy­ka­ry­lyp­dyr.

Eke­ran­çy­lyk­da we mal­dar­çy­lyk­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­be­ri ýyl­sa­ýyn art­ýar, pu­da­gyň dü­zü­mi gi­ňel­dil­ýär we tä­ze­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­nyň ag­la­ba bö­le­gi gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär, türk­men döw­le­ti şeý­le hem bug­da­ýy da­şa­ry ýurt­la­ra iber­ýär, azyk bol­çu­ly­gy do­ly üp­jün edil­di. Şu ýyl döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry, mi­we we gök önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar ulan­ma­ga be­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Halk Mas­la­ha­ty­nyň go­laý­da bo­lan mej­li­sin­de top­ra­ga aýaw­ly we ho­ja­lyk gö­zi bi­len ga­ral­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­ýän hem-de oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ösü­şi­niň tä­ze gel­je­gi­ni aç­ýan tä­ze oňyn öz­gert­me­le­riň ba­şy­ny baş­la­dy.

Ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­ma­ga, bio­köp­dür­lü­li­gi üp­jün et­mä­ge, se­bit we äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Soň­ra mün­be­riň öňün­den ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň iş­gär­le­ri­niň, de­mir­ýol­çu­la­ryň, de­ňiz­çi­le­riň we der­ýa­çy­la­ryň ly­ba­syn­da­ky adam­lar geç­ýär­ler. Ola­ry pu­dak­la­ýyn mow­zu­ga la­ýyk­lyk­da be­ze­len aw­tou­lag­lar ug­rad­ýar­lar. Ho­wa we de­ňiz port­la­ry­nyň men­zil­le­ri­niň bi­na­la­ry, ot­lu­lar, köp­rü­ler, be­ýan edi­len şe­kil­le­riň gap­da­ly bi­len “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň, de­mir ýol eda­ra­sy­nyň, suw ula­gy gul­luk­la­ry­nyň iş­gär­le­ri geç­ýär­ler.

Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan geo­sy­ýa­sy taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da de­mir ýol, ho­wa, de­ňiz we der­ýa ulag­la­ry­nyň, söw­da flo­tu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri yzy­gi­der­li çö­zül­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si hal­ka­ra ho­wa ýol­la­ry­nyň, ýe­rüs­ti we suw ulag­la­ry ar­ka­ly ýük da­şa­ma­gyň hem-de ýo­lag­çy gat­nat­ma­gyň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

2018-nji ýyl­da Türk­me­na­bat­da tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li ulan­ma­ga be­ril­di. Ol özü­niň tä­sin bi­na­gär­lik çöz­gü­di ar­ka­ly Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açyl­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da mö­hüm ädim bol­dy. Onuň dü­zü­mi­ne “Bal­kan” gä­migur­lu­şyk za­wo­dy gir­di. Bu tas­la­ma­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan hem bir­nä­çe baý­rak­lar gow­şu­ryl­dy, por­tuň gur­lu­şy­gyn­da dö­re­di­len eme­li ada hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Mun­dan baş­ga-da, türk­men ýol gur­lu­şyk­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan gys­ga wagt­da Ser­he­ta­bat (Türk­me­nis­tan) — Tur­gun­dy (Ow­ga­nys­tan) de­mir ýo­ly çe­kil­di.

Ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň ok­gun­ly ösü­şi ýaş aý­dym­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len est­ra­da aý­dy­myn­da be­ýan edil­di.

Ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň hem-de Mil­li kos­mos agent­li­gi­niň iş­gär­le­ri baý­ram­çy­ly­gy ýo­ka­ry ne­ti­je­ler bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Türk­me­nis­tan eý­ýäm ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Äle­me ikin­ji eme­li hem­ra­sy­ny çy­kar­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Mu­nuň özi bol­sa döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Baş meý­dan­da ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri peý­da bol­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry ony dün­ýä­niň esa­sy ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak üçin hal­ka­ra tur­ba­ge­çi­ri­ji­ler bo­ýun­ça giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň ba­şy baş­lan­dy. Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan —Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýö­ri­te aw­tou­la­gyň mow­zuk­la­ýyn be­ze­gin­de ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri — çö­li il­kin­ji bo­ýun eg­di­ri­ji­le­riň ýa­dy­gär­li­gin­den baş­lap, döw­re­bap bu­raw gu­ýu­la­ry­nyň, gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ryň, tur­ba­ge­çi­ri­ji­le­riň ma­ke­di­ne çen­li ýe­ti­len sep­git­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ony pu­da­gyň iş ly­ba­syn­da­ky zäh­met­keş­le­ri­niň ha­tar­la­ry ug­rad­ýar­lar. Olar öz­le­ri­niň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýar­lar.

Ýö­ri­şi ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri do­wam et­dir­ýär­ler. Aw­tou­la­gyň üs­tün­de art­ýan içer­ki is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň, türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny goň­şy döw­let­le­re ýe­tir­ýän ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň ma­ket­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Şu ýyl türk­men-ow­gan ser­he­din­de, TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ug­ry bo­ýun­ça tä­ze elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ge­çi­ri­ji­si­niň düý­bi tu­tul­dy, Ma­ry DES-in­de bol­sa kuw­wa­ty 1574 me­ga­wat bo­lan bug-gaz elekt­rik stan­si­ýa­sy işe gi­ri­zil­di.

Joş­gun­ly aý­dym-saz­lar we tans ýur­du­my­zyň se­na­gat ösü­şi­niň dep­gi­ni­ni, hä­zir­ki öz­gert­me­le­riň kuw­wa­ty­ny şöh­le­len­dir­ýär.

Soň­ra meý­dan­da Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň hem-de “Türk­me­naw­to­ýol­la­ry” döw­let kon­ser­ni­niň we­kil­le­ri peý­da bol­ýar. Bu eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri äş­gär gö­rün­ýär. Olar paý­tag­ty­my­zyň hem-de tu­tuş ýur­du­my­zyň keş­bi­ni öz­ger­dip, tä­ze dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­ly des­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si hem-de döw­re­bap ýol­la­ryň müň­ler­çe ki­lo­met­ri bi­len be­ze­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da şä­her­gur­lu­şy­gy adam­lar üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­ler bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Paý­tag­ty­myz­da­ky “Tä­ze za­man” ýa­şa­ýyş top­lu­my mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Onuň des­ga­la­ry­nyň ýe­ne-de bir tap­gy­ry şu ýyl ulan­ma­ga be­ril­di.

Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri hem baý­ram­çy­ly­ga zäh­met sow­gat­la­ry bi­len gel­di­ler. Ýur­du­myz döw­re­bap aw­to­bus­la­ry we beý­le­ki dür­li aw­tou­lag­la­ryň ýüz­ler­çe­si­ni yzy­gi­der­li sa­tyn al­ýar. Mu­nuň özi ýo­lag­çy­la­ra edil­ýän hyz­ma­tyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak işin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Da­ba­ra­ly ýö­riş­de ýaş nes­liň hem-de me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň no­ba­ty ge­lip ýet­ýär. Ýur­du­my­zyň baş meý­da­ny­na iň go­wy ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry çyk­ýar­lar, ýaş ar­tist­ler şa­dy­ýan tans kom­po­zi­si­ýa­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler, bag­ty­ýar ça­ga­lyk hem-de eziz Wa­ta­ny­myz ba­ra­da ru­hu­be­lent aý­dym ýaň­lan­ýar.

Biz ola­ra — ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly däp-des­sur­la­ry­ny do­wam et­dir­ýän ýaş nes­le ata Wa­ta­ny­my­zyň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň gel­jek­ki yk­ba­ly­ny ynan­ýa­rys. Şo­ňa gö­rä-de, döw­le­ti­miz gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ryň tä­ze we ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­gy, üs­tün­lik ga­zan­ma­gy, er­kin we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li hem-de ru­hu­be­lent­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär we gel­jek­de hem dö­re­der di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­ýar.

Sun­gat us­sat­la­ry­nyň hem-de Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ha­tar­la­ry hem köp ­san­ly bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len her ýyl Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň ge­çi­ril­me­gi hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ul­ga­ma ägirt uly üns ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu ýyl Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­di. Şu ýyl şeý­le hem Aş­ga­bat­da “Aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ga­dy­my çeş­me­le­ri” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat we fes­ti­wal, “Ýü­pek ýo­ly — ýü­rek ýo­ly” at­ly teatr fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di.

Mun­dan baş­ga-da, türk­men me­de­ni­ýe­ti we onuň baý mi­ra­sy yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri­niň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­lar­da giň­den we iş­jeň wa­gyz edil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow wa­jyp me­de­ni tas­la­ma­la­ry gol­da­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, şo­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na iş ýü­zün­de ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi has giň hal­ka­ra de­re­je­sin­de wa­gyz et­mek, mil­le­ta­ra me­de­ni gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa­da “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de bü­rünç eý­ýa­my­nyň pa­ty­şa­ly­gy” at­ly ser­gi do­wam ed­ýär.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­ Mosk­wa Hal­ka­ra ki­tap ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň “Ki­tap sun­ga­ty” at­ly 15-nji hal­ka­ra bäs­le­şi­gin­de ab­raý­ly baý­ra­ga — “Me­de­ni­ýet­le­riň gat­na­şyk­la­ry” ug­ry bo­ýun­ça I de­re­je­li dip­lo­ma my­na­syp bol­dy.

Baş meý­dan­da aý­dym-saz­ly tans kom­po­zi­si­ýa­sy ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar — halk we est­ra­da aý­dym­la­ry ýaň­lan­ýar, bag­şy­lar to­pa­ry­nyň çy­ky­şy gu­ral­ýar. Je­bis­li­giň we halk joş­gu­ny­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rü­len küşt­dep­di şo­la­ryň hem­me­si­ni bir­leş­dir­ýär.

Ýur­du­my­zyň baş meý­da­nyn­da­ky baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne, eziz Wa­ta­ny­my­za we be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­za ba­gyş­la­nan köpöwüş­gin­li aý­dym-saz-tans kom­po­zi­si­ýa­sy bi­len jem­len­ýär. Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da ýe­ne-de “Öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” di­ýen söz­ler ru­hu­be­lent­lik bi­len ýaň­lan­ýar.

Mil­li baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar tu­tuş ýur­du­myz­da, äh­li şä­her­ler­de we oba­lar­da do­wam et­di­ril­di.

***

Şu gün ag­şam Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li “Älem” me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da kon­sert bol­dy. Bu ýe­re paý­tag­ty­my­zyň köp ­san­ly ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry ýyg­nan­dy­lar.

Kon­ser­te est­ra­da ýyl­dyz­la­ry, us­sat we ýaş aý­dym­çy­lar, folk­lor hem-de tans, hor to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Kom­po­zi­tor­lar we şa­hyr­lar baý­ram­çy­ly­ga ga­bat­lap tä­ze aý­dym­la­ry dö­ret­di­ler. Ar­tist­ler şeý­le hem to­ma­şa­çy­la­ryň söý­ýän aý­dym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Kon­sert ta­mam­la­nan­dan soň, baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki atyl­dy. Ag­şam­ky as­man­da köpöwüş­gin­li şöh­le­ler peý­da bo­lup, şat­lyk­ly baý­ram­çy­ly­gyň ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri­ni gal­dyr­dy.