Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi

Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şu günki şanly waka bilen gutlady. Myhman milli Liderimize berk jan saglygyny hem-de alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw edip, halkara bileleşiginiň okgunly ösüş depginlerini görkezýän Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berýändigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlary biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge hem-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri bilelikdäki taslamalarda anyk beýanyny tapýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli, däbe öwrülen dostlukly häsiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy hem-de türk holdinginiň türkmen bazarynda ýerine ýetiren işine kanagatlanma bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlarda geljekki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Işewür gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistanyň elektroenergetika düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara ugradylýan möçberini artdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary nazara almak bilen, giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawody taslama kuwwatlylygyna çykarmak hem-de beýleki käbir bilelikdäki taslamalary, şol sanda Aşgabatda Halkara bejeriş-kosmetologiýa merkeziniň gurluşygyny ilerletmek boýunça işleriň barşy hakynda habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özara söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini hem-de möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň özüne bildirilýän ynama ýokary baha berýändigini hem-de geljekde-de öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article15117&cat19