Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezini gurmagyň taslamalary bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabyna iş sapary bilen bardy, bu ýerde milli Liderimiz Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz “Gorjaw” geňeşliginiň çägine geldi, bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi, bu welaýatdan saýlanan milli parlamentiň deputatlary, şeýle hem taslamalaryň degişli bolan edaralarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer D.Amangeldiýewiň hödürlän teklipleri bilen tanyşdy, ol desgalaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş desgalarynyň hem-de beýleki edaralaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň binalarynyň toplumynyň taslamalaryna we çyzgylaryna garady. Ol ýadygärlik binasyny, Döwlet baýdagy üçin beýik sütüni bolan meýdançany, häkimligiň hem-de beýleki düzümleriň edaralaryny, şol sanda jemgyýetçilik guramalaryna, oba hojalyk, maliýe-ykdysady pudaklaryna, saglygy goraýyş toplumlaryna, ulag, aragatnaşyk, jemagat hojalygy we söwda pudaklaryna degişli edaralary özünde jemleýär. Taslama laýyklykda, Ruhyýet köşgi, welaýat medeniýet we baş bilim müdirligi üçin binalar, drama teatry hem-de kitaphana, muzeý bar.

Bu ýerde häzirki zaman sport düzümleri hem göz öňünde tutuldy. Stadion hem-de sport toplumynyň ikisi onuň esasyny düzer. Seýilgäh gurmak hem meýilleşdirilýär.

Bank toplumy üçin Merkezi bankyň Ahal welaýat dolandyrmasy hem-de ýurdumyzyň iri banklarynyň şahamçalarynyň desgalary bina ediler.

Taslamalarda görkezilişi ýaly, Ahal welaýatynyň hukuk goraýjy düzümleri üçin niýetlenen binalaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, wise-premýerler D.Amangeldiýewe we E.Orazgeldiýewe hem-de Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe ýüzlendi, gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň aýratynlyklaryny, sebitiň ykdysady, durmuş, ekologiýa we oba hojalyk ugurlaryny düýpli öwrenmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleriniň ösüp-örňän mekanynda ynsan gylykly bedewler üçin hem binalar meýilleşdirilýär. Şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy watany hökmünde meşhur bolan Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde aýlawy türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini gurmak maksat edinilýär. Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele getirer, bu bolsa, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

Täze gurluşyklarda orta hünär okuw mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy bilen bilim ulgamynyň edara binalary emele getiriler.

Durmuş düzümine degişli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýi, aragatnaşyk edarasy, köp gatly awtoduralga we açyk awtoduralga, işewürlik merkezi, Bagt köşgi, bazar we söwda merkezi bar.

Sebitiň dolandyryş merkezi häzirki zamanyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen hem düýbünden täze keşbe eýe bolar. Taslamalaryň görnüşleriniň birinde 874 gektar meýdanda öýleriň 208-sini gurmak teklip edilýär. Şolaryň, umuman, 13 müň 452 maşgala niýetlenen 142 öýi — 12 gatly, 66-sy bolsa 9 gatlydyr. Şeýlelikde, şeýle ýaşaýyş toplumynyň ilaty 67 müň 260 adam bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen taslamanyň beýleki görnüşi 212 sany bäş hem-de ýedi gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolup, olar jemi 7 müň 916 hojalyga ýa-da 39 müň 580 adama niýetlenendir. Taslamanyň üçünji görnüşinde jaýlaryň 235-sini gurmak göz öňünde tutulýar, şonda jaýlaryň köpüsi 9 gatly hem-de 72 öýli 12 gatly bolar. Umuman, şeýle ýaşaýyş toplumy 67 müň 770 adamyň ýaşap biljek öýleriniň 13 554-sine niýetlenendir.

Taslamanyň dördünji görnüşiniň eýeleýän meýdany 880 gektara deňdir. Bu ýerde 5 we 7 gatly jaýlary gurmak meýilleşdirilýär.

Bäşinji görnüş bolsa, 862 gektar meýdany eýelär, onda dört hem dokuz gatly jaýlary gurmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna jemgyýetçilik binalarynyň ýerleşdirilişiniň hem-de dürli gatlardan ybarat ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň ýene-de ençeme görnüşleri teklip edildi. Taslamalaryň her biri ýaşaýyş jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşişi we gatlary boýunça iki çözgüt boýunça taýýarlanyldy.

Bu künjekde gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalar, ozaly bilen, bu ýerde ýaşaýan adamlar üçin niýetlenendir. Şonuň üçin Ahalyň täze dolandyryş merkeziniň taslamasynyň maksadalaýyklygy şolaryň pikirine baglydyr. Biz hakyky taryhy ähmiýetli çözgüdi kabul etmeli, şonuň üçin ony ähli derejelerde ylalaşmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Halkyň bähbidini goraýan deputatlar şu günki seredilen tekliplere hemmetaraplaýyn baha berip, ilatyň ähli gatlaklarynyň garaýyşlaryny we elbetde, ýaşlaryň nukdaýnazaryny göz öňüne almalydyrlar, sebäbi bularyň hemmesi olaryň geljegine gös-göni degişlidir.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow öz nobatynda bu çäkde gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary boýunça hasabat berdi.

Baş meýilnama boýunça iki ýüz orunlyk Ýokanç keselleri hassahanasy üçin 4 gektara deň bolan ýer bölegi berler. Desganyň umumy meýdany 9 müň 200 inedördül metre, ähli binalaryň we desgalaryň umumy meýdany bolsa 19 müň 500 inedördül metre barabar bolar. Hassahananyň üç gatly binasyndan başga-da, onuň çäginde dynç almak, awtoulaglary goýmak üçin ýerler, hlorator, hojalyk ammarlary, agyz suwy, suwaryş suwy üçin çelekler, ýangyna garşy gidrantlar, tehniki desgalar, transformator bekedi, sanitar ulaglary üçin garaž hem-de ýokançsyzlandyrma üçin meýdança ýerleşdiriler.

Hassahananyň birinji gatynda kabul ediş bölümleri, reanimasiýa bölümleri, şol sanda çagalar üçin reanimasiýa bölümi, anyklaýyş, ýokançsyzlandyryş, barlaghanalar, dispanser ýerleşer. Ikinji we üçünji gatlarda hassalar üçin otaglar ýerleşdiriler. Bu ýerde, esasan, aýratyn howply kesellileri — wirusly gepatitli hassalary bejererler. Angina bölümi we respirator keselleri bölümi, howa-damjalaýyn ýol arkaly ýokuşýan keseller bölümi göz öňünde tutuldy.

2020-nji ýylyň iýunynda ulanmaga beriljek täze hassahana köne ýerli hassahananyň ornuny tutup, hassalara hili we derejesi boýunça düýbünden başga hyzmatlary hödürlär, olar innowasion lukmançylyk tehnologiýalary, öňdebaryjy bejeriş we anyklaýyş, endoskopiki, rentgen enjamlary bilen üpjün ediler.

Ýokanç keselleri immuno ferment usuly bilen kesgitlemek üçin molekulýar — genetiki barlaghana göz öňünde tutuldy. Bulardan başga-da, taslama boýunça dünýäniň önüm öndürijilerinden täze enjamlaryň esasynda kompýuter tomografiýasyny, ultrases barlagyny peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Hassahananyň sygymlylygy welaýatyň ähli etraplaryndan we beýleki ýerlerden ýaşaýjylary kabul etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, deputatlaryň taýýarlanylan taslamalary ýerli ilat bilen ara alyp maslahatlaşmagynyň, olaryň tekliplerini öwrenmeginiň, degişli çözgütler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu işlerde halkyň pikirini we tekliplerini nazara almak möhümdir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ýerde taýýarlanylan durmuş maksatly taslamalaryň konsepsiýasy üç ugurdan ybaratdyr. Şunlukda, ol dünýäde ykrar edilen ekologiýa, innowasiýa we täzeçillik talaplaryna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde gurmagy meýilleşdirilýän binalaryň gurluşygynda ekologiýa bilen bir hatarda, seýsmologiýa talaplary berk berjaý edilmelidir. Munuň özi täze bina ediljek şäheriň gurluşygyna bildirilýän esasy talap bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe düzedişleri girizdi hem-de aýdan maslahatlaryny nazara almak bilen, olary täzeden işlemek barada tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň saýlaw okruglaryndan saýlanan Mejlisiň deputatlaryna ýüzlenip, welaýatyň ilaty bilen bilelikde, täze dolandyryş merkeziniň takyk ýerleşjek ýerini kesgitlemegiň hem-de ýakyn wagtda kämilleşdirilen taslamalara laýyklykda saýlanyp alnan ýeri toplumlaýyn özleşdirmäge başlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny döretmek şunda esasy ýörelge bolup, dolandyryş merkeziniň ilatynyň zähmet çekmäge, okamaga, dynç almaga, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga, söwda, dynç alyş we sagaldyş ulgamlarynyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga ähli mümkinçilikleri bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda adamlar üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, medeni-durmuş binalary gurulmalydyr, jemagat gulluklarynyň işi ýola goýulmalydyr. Soňra welaýatyň dolandyryş düzüminiň edaralar toplumynyň işewürlik, ylym-bilim, senagat we medeni merkezleri, iş orunlaryny, ýaşaýyş jaý toplumynyň durmuş düzümini, ulag, inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol düzüm türkmenistanlylaryň oňaýly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri üpjün etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde peýda bolan täze obalaryň, etraplardaky şäherleriň hem-de welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň döwrebaplaşdyrylan keşbi ähli ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir. Şol obalarda gurlan binagärlik-gurluşyk desgalary Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada onuň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar.

Häzir köp mukdardaky serişdeler welaýatlarda täze zawodlaryň we fabrikleriň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurulmagyna gönükdirilýär. Ýurdumyzyň gurluşyk senagaty, dag-magdan senagaty ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň hasabyna uly goldawa eýe boldy.

Sebitleri ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmaga döwlet hem-de dürli ugurly hususy kärhanalar işjeň gatnaşýarlar. Goşmaça maliýeleşdirmekden başga-da, bularyň hemmesi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilaty iş bilen üpjün etmegiň derejesiniň artdyrylmagyny öz içine alýar.

Durmuş derejesi — bu ekologiýa abadançylygydyr, şol bir wagtda-da adamlaryň netijeli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin oňat şertlerdir. Şu maksat bilen ýurdumyzda şäherleri we obalary bagy-bossanlyga büremek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar, serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, medeni-dynç alyş sport merkezleriniň işi höweslendirilýär.

Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünliklere aýdyň şaýatlyk edýär. Şol üstünlikler ýurdumyzyň alys künjeklerinde ýaşaýan raýatlarymyz üçin hem döwrebap siwilizasiýanyň eşretlerine, olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna beslenýär.

Türkmen döwletiniň başyny başlan özgertmeleriniň gerimi beýik maksatlara — gülläp ösýän, ýokary sepgitlere ýeten, kuwwatly döwleti gurmagyň maksatlaryna laýyk gelýär, şonda ähli raýatlar üçin amatly şertler üpjün edilmelidir, halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleri amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer D.Amangeldiýewe gurulýan binalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi hem-de gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribesiniň utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Alnyp barylýan gurluşyklaryň zerur bolan serişdeler bilen üpjünçiligi, işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Aýratyn-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmek, adamlaryň oňaýly ýaşamagy üçin şertleri döretmek meselelerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz deputatlara hem-de ýerli häkimiýetiň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerine ýüzlenip, welaýatyň täze dolandyryş merkezinde teklip edilen jaýlaryň dürli görnüşleriniň gurulmagy bilen gyzyklandy.

Bir tarapdan, seýsmiki ýagdaýyny, beýleki bir tarapdan bolsa, ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň gazananlaryny, onuň ylmy mekdebini, ozaly bilen, seýsmiki durnukly gurluşyk pudagynda, ýokary hilli gurluşyk serişdelerini öndürmekde ýetilen sepgitleri göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Olar aňrybaş gorag derejesi bolan mäkäm we uzak möhletleýin belent binalary gurmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz öz nukdaýnazaryndan ýaşaýyş jaýlarynyň dürli görnüşlerini teklip etdi. Çünki adamlaryň bir bölegi köp öýli uly jaýda ýaşamak isleýän bolsa, bir bölegi kottej jaýda ýaşamagy, ýere ýakyn bolup, öz howlusynyň bolanyny kem görenok.

Wagtyň geçmegi bilen Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi öz binagärlik keşbi boýunça ak mermerli paýtagtymyzdan pesde bolmaly däldir. Onuň baý taryhyny nazara alanyňda, has-da üýtgeşik bolar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şähergurluşyk çözgütleri barada aýdylanda, ýurdumyzda soňky ýyllarda gurluşygyň nusgawy ýörelgelerini we milli däplerini utgaşdyrýan özbaşdak ugur kemala geldi. Şeýle-de bolsa, bu ugurda kämilleşmek bilen, gurluşygyň birmeňzeşliginden gaça durmak, özboluşly binagärlik taslamalaryny goldamak gerek. Çünki biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň gözelligi olaryň ýaşaýjylar üçin amatlylygynyň bir aýratynlygydyr.

Taslamanyň ikinji tapgyry täze ilatly ýeriň yzygiderli we özbaşdak ösmegini üpjün edýän, netijeli işleýän dolandyryş bölegini döretmek bolup durýar. Üçünji tapgyrda innowasion usullary we tehnologiýalary peýdalanmak bilen netijeliligiň, ykjamlylygyň we özara baglylygyň esasynda beýleki düzümleri döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz deputatlary welaýatyň dolandyryş merkeziniň ýerleşjek ýerini seçip almak meselesine oýlanyşykly çemeleşmegi maslahat berip, olaryň Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen bilelikde işlemeginiň, oýlanyşykly, esaslandyrylan, delillendirilen teklibi ylalaşykly işläp taýýarlamak üçin dürli hünärmenler bilen maslahatlaşmagyň möhümdigini belledi. Soňra şol teklip hökümetiň garamagyna berilmelidir.

Milli Liderimiz ýerli arçyna bu ugurda häkimiýetiň kanunçykaryjy hem-de ýerine ýetiriji edaralarynyň işini ilata ýetirmek barada tabşyryk berdi. Ýerli ilatyň durmuş şertleri diňe gowy tarapa üýtgemelidir hem-de paýtagtymyzda kabul edilen ölçeglerden pesde durmaly däldir, gerek bolsa olardan hem öňe geçmelidir.

Ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaşaýyş giňişliklerini döretmegiň üýtgewsiz talaby bolup durýar. Şeýle hem şäheriň ýaşaýjylaryna iň gowy şertleri döretmek maksady bilen, esasy ýollaryň ýerleşişini göz öňünde tutmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleri bejeriş edaralary gurlanda, hökmany bolan düzgünleriň we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi bilen gyzyklanyp, bu ulgamyň ýolbaşçysyna olaryň taslama böleginde ýerine ýetirilişine, şeýle hem täze welaýat hassahanasy gurlanda hem gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Bu lukmançylyk edarasynyň öňdebaryjy tehnologiýalar, lukmançylyk kömegini bermegiň täze usullaryna eýe bolan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini ýokary derejede guramagyň, ähli zatlary, şol sanda hassahananyň ýanynda tiz kömek gullugynyň ýola goýulmagyny göz öňünde tutmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz ony gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Gylyjowa welaýatyň täze dolandyryş merkezini döretmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine gözegçilik etmek boýunça görkezmeleri berip, merkeziň binalarynyň we desgalarynyň toplumynyň gurluşygy ugrunda halkara bäsleşigi yglan etmegi degişli wise-premýerlere tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bäsleşige näçe köp kompaniýa gatnaşsa, şonça-da tejribeli we jogapkärli potratçyny saýlamaga mümkinçilik köp bolar. Ol innowasion tehnologiýalary we çemeleşmeleri peýdalanmak bilen ähli işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini kepillendirip biler. Türkmen hususy kärhanalary hem bäsleşige gatnaşmalydyr, sebäbi soňky ýyllarda olar möhüm we iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda özlerini gowy tarapdan görkezdiler hem-de daşary ýurtly kompaniýalar bilen mynasyp bäsleşdiler.

Türkmen telekeçileri diňe gurluşyk pudagynda däl-de, eýsem, beýleki ulgamlarda hem üstünlikleri we artýan mümkinçilikleri bilen tapawutlandylar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň şeýledigini görmek üçin islendik dükana girmek hem ýeterlikdir: häzir ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň azyk we senagat harytlary olarda görnükli orny eýeleýär. Ozal daşary ýurtlardan getiren harytlarymyzyň dürli görnüşleri indi ýurdumyzda çykarylýar, netijede olar özi üçin täze eksport mümkinçiliklerini açýarlar. Olaryň hatarynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bolup, olar birnäçe ugurlar boýunça türkmen bazaryndan import görnüşlerini çykardylar, galyberse-de, daşary ýurtly sarp edijileriň mynasyp bahasyna eýe boldular.

Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlary boýunça gozgalan söhbetdeşligiň netijelerini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini döretmek ýaly ägirt uly taslamanyň durmuş ähmiýetli derejesini belledi hem-de onuň maksatlaýyn ugurlaryny kesgitledi. Olaryň hatarynda ilat üçin amatly durmuş şertlerini döretmek, ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýokary ekologiýa derejesi, ähli ugurlar boýunça innowasiýalylygy: desgalaryň gurluşygyndan we üpjünçiliginden başlap, täze ilatly ýeriň ösüşini dolandyrmaga çenli ugurlar bar.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň bähbitlerine wekilçilik edýän deputatlaryň hem-de hökümet agzalarynyň öňünde täze wezipeleri goýup, gozgalan meseleleri hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça kabul edilen çözgütler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Bu ägirt uly taslama uly möçberde maýa goýumlaryny talap eder, emma biziň döwletimiz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine örän batyrgaý we giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly ykdysady kuwwata we durnuklylyga eýedir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň raýatlarynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmek, adamlaryň oňaýly ýaşamagy üçin şertleri döretmek meselelerine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşykda öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatyna iş saparyny tamamlap, bu ýerden ugrady.

 

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article15345&cat19