Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna

22-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn paýtagtymyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirilýär.

Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­wi ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry gar­şy­la­dy­lar. Ha­ly dü­şe­len ýo­da­jy­gyň gy­ra­syn­da be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň hor­ma­ty­na Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zül­di. Asyl­ly dä­be gö­rä, mil­li ly­bas­da­ky og­lan we gyz­ja­gaz dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri­ni duz-çö­rek we gül des­se­le­ri bi­len gar­şy­la­dy­lar.

Ho­wa men­zi­lin­den Azer­baý­ja­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ulag ker­we­ni mo­to­sik­let­çi­le­riň ug­rat­ma­gyn­da sa­par ma­ha­ly özi üçin ni­ýet­le­nen ka­şaň “Oguz­kent” myh­man­ha­na­syn­da­ky ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy.

Bi­raz wagt­dan dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, şeý­le hem 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de we­pat bo­lan­la­ryň ha­ty­ra­sy­na ebe­di­leş­di­ri­len “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gel­di. Bu ýer­de Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew “Ba­ky şöh­rat” ýa­dy­gär­li­gi­ne gül des­se­si­ni goý­dy we bu top­lu­myň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Wa­tan mu­kad­des­li­gi” mu­ze­ýi­niň gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Goň­şy ýur­duň Baş­tu­ta­ny bu ýer­de Hor­mat­ly myh­man­lar üçin ni­ýet­le­nen ki­tap­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy goý­dy.

Şol gün Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çesi­ne gel­di. Bu ýer­de 2017-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li geç­di. Şu ýyl bol­sa bu top­lum­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty bol­dy. Bu iri sport des­ga­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra bäs­le­şik­ler Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gal­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň sport des­ga­la­ry­nyň bi­rin­de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we ýur­du­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da taý­ýar­la­ny­lan sport ly­bas­la­ry­nyň ser­gi­si gör­ke­zil­di. On­da goý­lan dür­li gör­nüş­dä­ki we bir­nä­çe be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan, tür­gen­ler üçin ni­ýet­le­nen egin-eşik­le­riň ti­ki­li­şi, ola­ryň taý­ýar­la­ny­ly­şy ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly la­ýyk gel­ýär. Be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men pag­ta­syn­dan taý­ýar­la­nan we “Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di” di­ýen ny­şan­ly bu ly­bas­la­ryň hil de­re­je­si­ne we ýa­kym­ly­lyk ta­rap­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň mo­no­rels ýo­ly bi­len bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len bi­na edi­len bu kö­pu­gur­ly sport dü­zü­mi bi­len tan­şyp, be­lent mer­te­be­li myh­man onuň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çöz­gü­di­ne eýe­di­gi­ni hem-de örän oý­la­ny­şyk­ly me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li des­ga­la­ryň bir ýer­de jem­len­me­gi bi­na­gär­lik çöz­gü­di­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­dir.

Soň­ra Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi­ne ba­ryp gör­di. Mu­ze­ýiň gym­mat­lyk­la­ry gö­zel­li­gi we ne­pis­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň ga­ra­ma­gy­na gel­jek ne­sil­ler üçin top­la­nan we aýaw­ly sak­lan­ýan ba­ha­syz ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar, şeý­le hem öz­bo­luş­ly mil­li däp­le­riň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýän hä­zir­ki za­man ne­pis ha­ly önüm­le­ri gör­ke­zil­di. Mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty ge­çen asyr­la­ryň mi­ra­sy­ny we us­sat ha­ly­çy­la­ryň köp ne­sil­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik zäh­me­ti­ni özün­de jem­le­mek bi­len, türk­men hal­ky­nyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­ne ägirt uly go­şan­dy bo­lan ga­dy­my sun­gat­la­ryň bi­ri­dir. Mu­zeý bi­len ta­nyş­lyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 16-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­ny ga­dy­my dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar. Mu­nuň özi iki do­gan­lyk hal­kyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da­ky ta­ry­hy-me­de­ni umu­my­ly­gy­nyň ne­ti­je­si­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň tä­ze maz­mun bi­len üs­ti ýe­ti­ril­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa amat­ly müm­kin­çi­lik­ler we şert­ler bar.

Ab­raý­ly se­bi­ta­ra we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra iş­jeň hä­si­ýet mah­sus­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let­le­riň iki­si-de äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne bo­lan umu­my ga­ra­ýyş­la­ry we çe­me­leş­me­le­ri öňe sür­ýär.

Dür­li de­re­je­de we­ki­li­ýet­le­riň iki­ta­rap­la­ýyn sa­par­la­ry­ny gu­ra­mak, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, iki döw­le­tiň Ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi, şeý­le hem hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri çä­re­le­riň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy ýurt­la­ry­nyň we Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mit­le­ri­ni ge­çir­mek ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy üs­tün­lik­li ös­dür­me­giň wa­jyp şer­ti bo­lup dur­ýar.

2017-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Azer­baý­ja­na bo­lan res­mi sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­di. Onuň jem­le­ri bo­ýun­ça iki ýur­duň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky Jar­na­ma, dür­li ul­gam­lar­da öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri ber­ýän beý­le­ki res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çe­kil­di.

Bu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Il­ham Ali­ýew türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ugur­la­ry, şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bi­ta­ra we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­ýar­lar.

Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li we kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi­ne äh­mi­ýet ber­ler. Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň ägirt uly te­bi­gy se­riş­de müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, şol san­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň baý gor­la­ry­na eýe bol­ma­gy mö­hüm pu­dak­lar­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin ägirt uly şert­le­ri üp­jün ed­ýär.

Iki goň­şy döw­le­tiň geog­ra­fi­k taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­ny bag­la­nyş­dyr­ýan hem-de ýük da­şa­mak we ony hal­ka­ra lo­gis­tik dü­zü­me goş­mak üçin amat­ly gu­ry ýer we de­ňiz ugur­la­ry­ny üp­jün ed­ýän hä­zir­ki za­man yk­ly­müs­ti ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek­de we işe­wür gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-azer­baý­jan hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­na, şeý­le hem işe­wür dü­züm­le­riň gat­na­şyk­la­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Iki do­gan­lyk hal­kyň baý me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy, bo­zul­maz dost­luk gat­na­şyk­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýurt­la­ryň iki­si-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ra, şol san­da bi­lim, ylym, me­de­ni, sport hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär­ler.

Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da­ky şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da ka­bul edi­len Kon­wen­si­ýa­ny na­za­ra al­mak bi­len, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň de­giş­li şert­na­ma­la­ýyn-hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek iki ýurt üçin hem mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň Li­der­le­ri­niň öň­de bol­jak du­şu­şy­gyn­da ta­rap­la­ryň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de saz­la­şyk­ly ös­ýän hem-de ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­me­giň hem-de çuň­laş­dyr­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm ädi­me öw­rül­jek iri res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.