Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler

Şu gün türk­men paý­tag­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len ge­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Ir­den Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň aw­tou­lag ker­we­ni mo­to­sik­let­çi­ler to­pa­ry­nyň ug­rat­ma­gyn­da Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­sy­na gel­di. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi taý­dan gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti­ni Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti mä­hir­li gar­şy­la­dy. Iki ýur­duň Li­der­le­ri dost­lar­ça sa­lam­la­şyp, ýö­ri­te bel­le­nen ýe­re bar­ýar­lar.

Hor­mat ga­ra­wu­ly ro­ta­sy­nyň baş­ly­gy da­ba­ra­ly ha­sa­bat ber­ýär. Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Iki ýur­duň Li­der­le­ri Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň öňün­den geç­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow azer­baý­jan­ly kär­de­şi­ni Türk­me­nis­ta­nyň res­mi we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Be­lent mer­te­be­li myh­man ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len hem ta­nyş­ýar. Öz no­ba­tyn­da, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­ny Azer­baý­ja­nyň hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar.

Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­syn­dan da­ba­ra­ly ýö­räp geç­ýär­ler.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aw­tou­lag ker­we­ni at­ly­lar to­pa­ry­nyň ug­rat­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Oguz­han” köşk­ler top­lu­my­na ta­rap ug­ra­ýar.

Bu ýer­de, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, ýo­ka­ry de­re­je­de iki­çäk gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny tüýs ýü­rek­den mü­bä­rek­läp, azer­baý­jan­ly kär­de­şi­ne döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns ber­ýän­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Ga­dym­dan gel­ýän dost­luk däp­le­ri, iki goň­şy hal­ky bir­leş­dir­ýän ta­ry­hy-me­de­ni we ru­hy umu­my­lyk şol gat­na­şyk­la­ryň esa­sy­ny düz­ýär.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan we Azer­baý­jan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de hem üs­tün­lik­li gat­na­şyk edip, se­bit hem-de äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň umu­my­ly­gy­ny gör­kez­ýär­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň bu berk bin­ýa­da esas­lan­mak hem-de ägirt uly kuw­wa­ta eýe bol­mak bi­len, mun­dan beý­läk-de umu­my aba­dan­çy­ly­gyň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yg­lan eden Dur­nuk­ly ösüşiň mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­gyň bäh­bi­di­ne üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew Aş­ga­ba­da res­mi sa­par bi­len ge­lip gör­mä­ge ça­ky­ly­gy hem-de myh­man­sö­ýer­lik üçin mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­ni bel­le­di. Şol müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we ru­hy ga­ryn­daş­lyk däp­le­ri bi­len bag­la­ny­şan do­gan­lyk halk­la­ry­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär.

Azer­baý­jan­da dost­luk­ly Türk­me­nis­ta­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den gu­wan­ýar­lar di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man aýt­dy we öz sa­pa­ry­nyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­läp, ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Dost­luk­ly we öza­ra yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da ge­çen gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de şol gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kyp, stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk hä­si­ýe­ti­ne eýe bol­dy. Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Il­ham Ali­ýew deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik hem-de uzak­ möh­let­le­ýin­lik ýö­rel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çe­kip, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň kö­pu­gur­ly kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň umu­my aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Ta­rap­lar şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.

Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de — iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­wi we onuň ýa­nyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­par bi­len ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin azer­baý­jan­ly kär­de­şi­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň ýur­du­myz bu sa­pa­ra uly äh­mi­ýet ber­mek bi­len, oňa hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek, bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer-me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek we ös­dür­mek, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň do­wa­my hök­mün­de ga­ra­ýar.

Döw­le­ta­ra sy­ýa­sy gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu gat­na­şyk­lar äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, se­bit­de hem-de tu­tuş dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça çe­me­leş­me­le­riň ga­bat gel­ýän­di­gi ýa-da meň­zeş­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Biz Azer­baý­ja­na Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny he­mi­şe gol­da­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­dy­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iki ýur­duň hem ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň we ÝHHG-niň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek bi­len dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de bi­rek-bi­re­gi he­mi­şe gol­da­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz gel­jek­de-de ter­ror­çy­lyk, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy, ser­he­tüs­ti je­na­ýat­çy­lyk ýa­ly hä­zir­ki za­ma­nyň we­him­le­ri­ne we howp­la­ry­na gar­şy dur­mak­da hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­mä­ge yg­rar­ly­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ha­zar­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­si ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, ýa­kyn­da ke­nar­ýa­ka döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Bu res­mi­na­ma hem türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek, pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk deň­zi hök­mün­de Ha­za­ryň de­re­je­si­ni ber­kit­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky me­se­le­le­re ge­çip, ola­ry ös­dür­mek­de we ha­ryt­la­ryň sa­na­wy­ny gi­ňelt­mek­de bi­le­lik­dä­ki Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň eýe­le­ýän or­nu­ny bel­le­di, şeý­le hem öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň ok­gun­ly dep­gi­ni­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. Şu ýy­lyň do­kuz aýy­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri mu­nuň şeý­le­di­gi­ne şa­ýat­lyk edip, olar öň­ki ýyl­la­ryň gör­ke­zi­ji­le­rin­den ýokarydyr.

Dür­li pu­dak­lar­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da, gur­lu­şyk­da, se­na­gat­da hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn me­ýil­le­ri gö­ze il­ýär. Türk­me­nis­tan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da hem Azer­baý­jan bi­len gat­na­şyk­la­ra gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär, mu­nuň özi san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bo­ýun­ça äh­lu­mu­my iş­ler bi­len bag­ly­lyk­da mö­hüm bo­lup dur­ýar.

Ulag ul­ga­my türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup, bu ugur­da üs­ta­şyr-ulag we lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, Ýew­ro­pa çyk­ýan Ow­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe (La­zu­rit) ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça gol çe­ki­len yla­la­şy­gy anyk my­sal hök­mün­de ge­tir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow de­giş­li hal­ka­ra dü­züm­ler — TRA­SE­KA, hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi (IRU) ýa­ly dü­züm­ler bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Edil Türk­me­nis­tan ýa­ly, Azer­baý­jan hem bu ugur­da döw­re­bap dü­zü­me, hu­su­san-da, port dü­zü­mi­ne eýe bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi aw­to­mo­bil-pa­rom hem-de de­mir ýol-pa­rom gat­naw­la­ry, kö­pu­gur­ly lo­gis­ti­ka ul­ga­my bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­ri şert­len­dir­ýär.

Ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk üçin kuw­wat­ly äti­ýaç­lyk­lar bo­lup, biz bu me­se­le­de go­şu­lyş­mak ug­run­da, şol san­da se­bit de­re­je­sin­de bir­leş­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýä­ris di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bel­le­di. Şun­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni eks­port et­me­giň kö­pu­gur­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek hem-de hal­ka­ra ba­zar­la­ra bi­le­lik­de çyk­mak bo­ýun­ça oňat müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.

Yn­san­per­wer ul­gam döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň aý­ryl­maz hem-de mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar, ol bi­ziň halk­la­ry­my­zy bir­leş­dir­ýän ta­ry­hy we ru­hy kök­le­riň, me­de­ni däp­le­riň ýa­kyn­ly­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da biz bi­lim we ylym ul­gam­la­ryn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge, sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de sport ugur­la­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Bu­la­ryň hem­me­si do­gan­lyk türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na ky­bap gel­ýär hem-de gel­jek­ki ne­sil­le­riň bäh­bi­di­ne hyz­mat eder.

Türk­me­nis­tan­da hem, Azer­baý­jan­da hem ha­ly­çy­ly­gyň mil­li sun­ga­ty­ny aýaw­ly sak­la­mak we ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Bu ba­bat­da ha­ly­la­ryň öza­ra ser­gi­le­ri­ni gu­ra­mak, şeý­le hem bu ugur­dan hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­mek ha­kyn­da tek­lip­ler mö­hüm bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky gür­rü­ňe gaý­dyp gel­mek bi­len, hä­zir iki ýur­duň te­le­ke­çi­le­ri­niň ara­syn­da, hu­su­san-da, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­lik ba­bat­da işe­wür gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin oňat şert­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Şu gün gol çek­mek üçin taý­ýar­la­nan res­mi­na­ma­la­ryň bi­ri mu­ňa ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hyz­mat­daş­ly­ga şu­nuň ýa­ly çe­me­leş­me üçin azer­baý­jan ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Şeý­le­lik­de, Türkmenistan we Azer­baý­jan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy gör­kez­ýär­ler, bu hyz­mat­daş­ly­ga hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak we yna­nyş­mak ru­hy mah­sus­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň şu sa­pa­ry­nyň gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len äh­li me­se­le­ler bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra tä­ze kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny be­lent mer­te­be­li myh­ma­na jan sag­ly­gy­ny hem-de döw­let işin­de üs­tün­lik­le­ri, Azer­baý­ja­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa äh­li go­wu­lyk­la­ry ar­zuw et­di.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne söz be­ril­ýär. Goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin türk­men Li­de­ri­ne ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, dost­luk­ly Türk­me­nis­ta­nyň top­ra­gyn­da ýe­ne-de bol­ýan­dy­gy­na şat­dy­gy­ny bel­le­di. Be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň nyg­taý­şy ýa­ly, düýn ol ýur­du­my­zyň yzy­gi­der­li we ynam­ly ösü­şi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de äh­li do­gan­lyk türk­men hal­ky­ny dö­re­di­ji­lik ýo­lun­da ga­za­ny­lan tä­sir gal­dy­ry­jy uly üs­tün­lik­ler bi­len gut­lap, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew Azer­baý­ja­nyň hem hä­zir­ki sa­pa­ra mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Be­lent mer­te­be­li myh­man şu gün­ki gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, şo­la­ryň öz wag­tyn­da ama­la aşy­ry­lyp, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk üçin has oňat şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Azer­baý­jan Türk­me­nis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ra uly üns ber­ýär. Şol gat­na­şyk­la­ryň bin­ýa­dy ta­ry­hyň, ru­hy-me­de­ni kök­le­riň umu­my­ly­gy­na, iki goň­şy hal­kyň ýa­kyn­ly­gy­na esas­la­nan­dyr. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­li­gi­ni art­dy­ryp, bi­rek-bi­re­gi gol­da­mak bi­len hal­ka­ra dü­züm­ler­de hem iş­jeň öza­ra he­re­ket ed­ýär­ler. Bu bol­sa se­bit howp­suz­ly­gy­nyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu me­se­le­ler aý­ra­tyn mö­hüm hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, hä­zir Azer­baý­ja­nyň hem, Türk­me­nis­ta­nyň hem dur­nuk­ly ösü­şiň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­kez­ýän­di­gi örän wa­jyp­dyr, mu­nuň özi ola­ryň saý­lap alan ug­ru­nyň dog­ru­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär di­ýip, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew bel­le­di.

Türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim­li ugur­la­ra eýe­dir. Şu gün hem iki­çäk gör­nüş­dä­ki du­şu­şyk­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň en­çe­me mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy, şo­la­ryň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy we­ki­li­ýet­le­riň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di­ri­ler di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man aýt­dy. Gel­jek­de gat­na­şyk et­me­giň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri hem-de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di di­ýip, azer­baý­jan Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di hem-de öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny has-da art­dyr­mak, türk­men ha­ryt­la­ry­nyň Azer­baý­ja­na we azer­baý­jan ha­ryt­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­na eks­port edi­li­şi­ni kö­pelt­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni gol­dap çy­kyş et­di.

Goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýän gol çek­mä­ge taý­ýar­la­ny­lan res­mi­na­ma­lar ba­ra­da­ky gür­rü­ňe do­la­nyp ge­lip, şo­la­ry ama­la aşyr­mak üçin he­re­ket et­me­giň me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Türk­me­nis­tan we Azer­baý­jan te­bi­gy se­riş­de­le­riň, şol san­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ägirt uly gor­la­ry­na eýe­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ener­ge­ti­ka ul­ga­my ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Azer­baý­jan türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni üs­ta­şyr iber­mek müm­kin­çi­li­gi­ni hö­dür­le­ýär.

Be­lent mer­te­be­li myh­man ulag ul­ga­my­ny türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­läp, hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ha­ta­ryn­da Azer­baý­ja­nyň äh­li ulag dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Olar eý­ýäm türk­men kär­deş­le­ri bi­len iş­jeň iş alyp bar­ýar­lar.

Azer­baý­jan Li­de­ri aý­dan­la­ry­ny jem­läp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ile­ri tu­tul­ýan we iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn, şol san­da se­bit hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da umu­my bäh­bit­le­re ky­bap gel­ýän ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­li bir­leş­dir­mek üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­ler bar.

Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­re do­ly ka­na­gat­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, umu­man, şu sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri­niň iki ýur­duň we ola­ryň halk­la­ry­nyň has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny mä­hir­li ka­bul ediş­lik üçin ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk bil­di­rip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan sag­lyk hem-de giň ge­rim­li iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we ösüş ar­zuw et­di.

Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Te­le­ke­çi­ler (iş be­ri­ji­ler) gu­ra­ma­la­ry­nyň mil­li kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi bi­len «Azer­baý­ja­nyň de­mir ýol­la­ry» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da ulag we üs­ta­şyr ge­çir­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let güm­rük ko­mi­te­ti­niň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän ha­ryt­lar we ulag se­riş­de­le­ri ba­bat­da des­lap­ky mag­lu­mat­la­ry alyş­ma­gy gu­ra­mak ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky «ADA» uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky «ADA» uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň çä­gi bi­len hal­ka­ra gat­naw­la­ra gat­na­şy­jy­lar üçin wi­za düz­gün­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­mek bo­ýun­ça Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy bi­len «Azer­baý­ja­nyň Ha­zar De­ňiz Gä­mi­çi­li­gi» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da de­ňiz söw­da gä­mi gat­na­wy­ny ös­dür­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty bi­len «Ba­ku Hal­ka­ra De­ňiz Söw­da Por­ty» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da mag­lu­mat­la­ry aw­to­mat­laş­dy­ry­lan usul­da alyş­mak ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy bi­len «Ba­ku Hal­ka­ra De­ňiz Söw­da Por­ty» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we Ba­ku Hal­ka­ra de­ňiz söw­da por­tu­nyň ara­syn­da ýük ge­çir­me­le­ri­niň muk­da­ry­ny art­dyr­mak ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da iki ýur­duň port­la­ryn­dan de­ňiz ula­gy ar­ka­ly geç­ýän hal­ka­ra gat­naw­la­ry ös­dür­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag, ara­gat­na­şyk we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hal­ka­ra aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­ny ös­dür­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ulag ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň 2019 — 2022-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da se­na­gat ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da 2019 — 2021-nji ýyl­lar­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Mak­sat­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da uzak ­möh­let­li söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek we öza­ra go­ra­mak ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Gir­de­ji­ler we em­läk üçin sal­gyt­lar ba­bat­da iki ge­zek sal­gyt sa­lyn­ma­gy­ny ara­dan aýyr­mak ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Azer­baý­ja­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet we sun­gat ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ulag, üs­ta­şyr ge­çir­mek we lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça türk­men-azer­baý­jan bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry­ny dö­ret­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­ýär.

Ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Il­ham Ali­ýew Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma gol çek­ýär­ler.

Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren bu köp san­ly res­mi­na­ma­lar Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Azer­baý­ja­nyň köp ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň ös­dür­mek, do­gan­lyk halk­la­ry­my­zy bir­leş­dir­ýän, ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri do­wam ed­ýän dost­lu­gy hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak meý­li­niň bar­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Soň­ra iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­bat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni tes­wir­läp, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di, şol gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň äh­li ugur­la­ry­na, şo­la­ryň ýag­da­ýy­na we müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, şeý­le hem se­bit we dün­ýä gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Azer­baý­ja­nyň hal­ka­ra me­se­le­ler bo­ýun­ça, il­kin­ji no­bat­da, di­ňe bir se­bit­de däl-de, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy sak­la­mak ba­bat­da ga­ra­ýyş­la­ry­nyň bir­meň­zeş­di­gi­ni ýa-da ýa­kyn­dy­gy­ny nyg­ta­mak bi­len, azer­baý­jan ta­ra­py­na ýur­du­my­zyň äh­li baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şol baş­lan­gyç­lar Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne esas­la­nan da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­sin­den ugur al­ýar. Türk­me­nis­tan hem öz ta­ra­pyn­dan do­gan­lyk Azer­baý­ja­ny he­mi­şe gol­da­ýar.

Iki goň­şy ýur­dy bir­leş­dir­ýän Ha­zar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da hem pi­kir alyş­dyk di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­kyn­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da Kon­wen­si­ýa ka­bul edil­di. Biz he­mi­şe Ha­zar deň­zi­niň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň deň­zi­di­gi­ni nyg­tap gel­ýä­ris, mun­dan beý­läk-de şu sy­ýa­sa­ty alyp ba­ra­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Şeý­le hem ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gy, gur­lu­şyk, se­na­gat, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly gel­je­gi uly pu­dak­lar­da türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­niň giň to­pa­ry­na se­re­dil­di. Ulag ul­ga­myn­daky öza­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky me­se­lä-de deg­lip ge­çil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ener­ge­ti­ka ug­ru­ny gör­kez­di. Şun­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni se­bit we hal­ka­ra ba­zar­la­ra çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len, umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin oňat müm­kin­çi­lik­ler bar. Bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky hö­kü­me­ta­ra to­par iş­le­ýär, ol örän köp iş­le­ri bi­tir­ýär hem-de gel­jek­de ne­ti­je­li iş­le­ri ugur edin­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň esa­sy­ny düz­ýän me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň halk­la­ry­nyň ta­ry­hy-me­de­ni kök­le­ri­niň umu­my­ly­gy­nyň mö­hüm şert bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da bu asyl­ly däp­le­ri do­wam edip, gel­jek­ki ne­sil­le­riň wa­tan­çy­lyk we mil­li gym­mat­lyk­la­ryň ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gi­ne ýar­dam et­me­gi buý­sanç­ly ýag­daý­dyr.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, du­şu­şy­gyň bar­şyn­da halk­la­ry­myz üçin dä­be öw­rü­len, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­myz bo­lan ha­ly­la­ry­myz ýa­ly mö­hüm ug­ra deg­lip ge­çil­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Türk­me­nis­tan we Azer­baý­jan öz ha­ly­la­ry bi­len he­mi­şe şöh­rat­la­nyp­dyr. Şo­nuň üçin ýurt­la­ryň iki­sin­de hem ha­ly ser­gi­le­ri­ni gu­ra­ma­gyň mak­sa­da la­ýyk bol­jak­dy­gy, şeý­le hem hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­mek ba­ra­da bir pi­ki­re gel­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Şeý­le­lik­de, şu gün me­se­le­le­riň giň to­pa­ry­na ga­ral­dy hem-de res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, ola­ryň ün­sü­ni iki ug­ra çek­di, ola­ryň bi­rin­ji­si ulag ul­ga­my­dyr. Şun­da ta­rap­lar üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri hem-de de­giş­li lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak ba­ra­da pi­kir­le­ri­ni aýt­dy­lar, goý, bu aw­to­mo­bil, pa­rom gat­na­wy ýa-da ho­wa gi­ňiş­li­gi, de­mir ýol­la­ry bol­sun, ýö­ne esa­sy zat, in­di bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni we lo­gis­ti­ka­ny ös­dür­mek me­se­le­le­ri bi­len meş­gul­lan­jak ýö­ri­te to­par iş­läp baş­lar.

Hyz­mat­daş­lyk­da Türk­me­nis­ta­nyň hem, Azer­baý­ja­nyň hem nus­ga­lyk my­sal­la­ry köp­dür. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Ow­ga­nys­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Gru­zi­ýa­nyň we Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da Ýew­ro­pa çy­kal­ga­ny üp­jün et­jek üs­ta­şyr-ulag ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça gol çe­ki­len yla­la­şyk bar. Bu Gün­do­gar — Gün­ba­tar ug­ry bo­ýun­ça ýol bo­lup, ol tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa­ny Ýew­ro­pa bi­len bir­leş­di­rer. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da, şun­da hyz­mat­daş­lyk üçin, hu­su­san-da, TRA­SE­KA, şeý­le hem IRU ugur­la­ry bo­ýun­ça oňat müm­kin­çi­lik­ler bar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam edip, bu ba­bat­da 28-nji no­ýabr­da biz hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çi­re­ris di­ýip bel­le­di. Biz şu gün gat­na­şy­jy ýurt­la­ra bel­li bir ýe­ňil­lik­le­ri, aý­da­ly, ýe­ňil­lik­li tö­leg­le­ri we şu­ňa meň­zeş­le­ri edip bil­jek­di­gi­mi­zi kär­deş­ler de­re­je­sin­de ara alyp mas­la­hat­laş­dyk. In­di bol­sa esa­sy dog­ry lo­gis­ti­ka­ny ös­dür­mek gal­ýar.

Ikin­ji me­se­le, şu gün gol çe­ki­len iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­na gi­ren, 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da mak­sat­na­ma bi­len bag­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Ol hem mun­dan beý­läk-de ha­ryt do­la­ny­şy­gy­my­zy ös­dür­mä­ge ýar­dam eder. Hä­zir bu ba­bat­da oňat ýag­daý­lar dö­re­di, sta­tis­ti­ka la­ýyk­lyk­da, ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar, bu bol­sa ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, tak­my­nan, 17 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­niň wa­jyp or­nu­ny bel­le­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti sö­zü­ni jem­le­mek bi­len, şu gün­ki gep­le­şik­ler öza­ra hor­mat goý­mak we yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da ge­çip, ta­rap­la­ryň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­di di­ýip bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­we halk­la­ry­my­zyň we ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky dost­luk gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de be­lent mer­te­be­li myh­ma­na we Azer­baý­ja­nyň äh­li do­gan­lyk hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni be­ýan edip, mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den hoşallyk bil­dir­di hem-de do­gan­lyk türk­men top­ra­gyn­da bol­mak bi­len ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şin­dä­ki ga­za­ny­lan­lar bi­len ta­nyş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Azer­baý­jan­da Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­le­ri­ne öz üs­tün­lik­le­ri ýa­ly gu­wan­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­tap, be­lent mer­te­be­li myh­man dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, azer­baý­jan hal­kyn­dan äh­li türk­men hal­ky­na do­gan­lyk sa­la­my­ny ýe­tir­di.

Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti­niň nyg­taý­şy ýa­ly, bi­zi ta­ryh, me­de­ni­ýet, umu­my kök­ler, däp-des­sur­lar, dün­ýä­ga­raý­şy­myz bir­leş­dir­ýär. Mu­nuň özi kuw­wat­ly bin­ýat bo­lup, ol bi­ze gat­na­şyk­la­ry­my­zy deň­hu­kuk­ly­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk we do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Em­ma, eý­ýäm hä­zir­den bu sa­pa­ryň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­jek­di­gi­ni ynam­ly aýt­mak bo­lar. Bu gat­na­şyk­la­ryň uly müm­kin­çi­lik­le­ri bar.

Azer­baý­jan Li­de­ri sö­zü­ni do­wam edip, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň jem­le­nen­di­gi­ni hem-de mun­dan beý­läk öza­ra he­re­ket et­me­giň ýol­la­ry­nyň bel­le­nen­di­gi­ni aýt­dy. Res­mi­na­ma­la­ryň 20-den gow­ra­gy­na gol çe­kil­di. Ola­ryň her bi­ri anyk hä­si­ýe­te eýe­dir. Bu bol­sa türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň de­re­je­si­niň, hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­niň hem-de ta­rap­la­ryň mak­sat­la­ry­nyň, bi­rek-bi­re­ge do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­my­zyň gör­ke­zi­ji­si­dir.

Di­ňe ýa­kyn ýurt bi­len dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­leş­mek müm­kin­dir di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man nyg­ta­dy. Biz gel­jek­de hem hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­da we dü­züm­ler­de bi­rek-bi­re­ge öza­ra gol­daw ber­mek ba­ra­da yla­laş­dyk. Bu eý­ýäm ada­ty ýag­da­ýa öw­rül­di. Bu hem döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­my­zyň tüýs ýü­rek­den ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny bel­le­di.

Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew türk­men Li­de­ri­niň gi­ňiş­le­ýin be­ýan eden, gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri­ne de­gip ge­çip, iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­ma­gyň üs­tün­de giň­den iş­le­mek mak­sa­dy­ny tas­syk­la­dy. Bu ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ra de­giş­li tab­şy­ryk­lar be­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eý­ýäm bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek me­se­le­si­ne uly orun be­ril­di di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man aýt­dy. Sa­pa­ryň öň­ýa­nyn­da iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri dep­gin­li iş­le­di­ler, gep­le­şik­le­riň bir­nä­çe tap­gyr­la­ry­ny ge­çir­di­ler hem-de «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» hal­ka­ra ge­çel­ge­si­niň iş­le­me­gi­niň esa­sy me­se­le­le­ri­ni yla­laş­dy­lar.

Türk­me­nis­tan we Azer­baý­jan ge­çen ýyl­lar­da döw­re­bap ulag dü­zü­mi­ni we lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mek üçin uly iş­le­ri ge­çi­rip, ugur­daş ýö­rel­ge­le­re eýer­di­ler di­ýip, goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny bel­le­di. Munuň özi te­bi­gy ýag­daý­dyr, çün­ki ol bi­ziň ýurt­la­ry­my­za we halk­la­ry­my­za ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu ýyl Türk­me­nis­tan­da we Azer­baý­jan­da hal­ka­ra söw­da port­la­ry­nyň şol bir wagt­da, şol bir aý­da — maý aýyn­da açyl­ma­gy hem tö­tän­den däl­dir.

Biz öz çäk­le­ri­miz­de bu tas­la­ma­la­ra ma­ýa goý­mak ba­ra­da öň­den­gö­rü­ji­lik­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­dik, bu gün bol­sa biz söw­da port­la­ry­my­zyň go­şu­lyş­ma­gy ba­ra­da gür­rüň ed­ýä­ris. Şu gün de­giş­li res­mi­na­ma hem gol çe­kil­di. Bu bol­sa bi­ziň ýurt­la­ry­my­za ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny we üs­ta­şyr ýük da­şa­ma­la­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­li­gi üp­jün ed­ýär di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man nyg­ta­dy.

Öz goň­şu­la­ry üçin hem uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip, Azer­baý­jan we Türk­me­nis­tan mö­hüm ulag we lo­gis­ti­ka hal­ka­sy­na öw­rül­ýär. Döw­re­bap dü­züm­ler ulag ul­ga­my­na iri ma­ýa go­ýum­lar iş­le­mek üçin aja­ýyp şert­le­ri üp­jün ed­ýär di­ýip, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew aýt­dy hem-de ýa­kyn wagt­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky ýük aky­my­nyň ep-es­li art­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Ba­ku­wyň Al­ýat hal­ka­ra söw­da por­tun­da Türk­me­nis­tan­dan goş­ma­ça ýük­le­ri ka­bul et­mek üçin ýö­ri­te ýer be­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, biz «Gün­do­gar — Gün­ba­tar», «Gün­ba­tar — Gün­do­gar» ugur­la­ry bo­ýun­ça döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da üs­ta­şyr gat­naw­la­ryň art­ýan­dy­gy­ny gö­re­ris di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny nyg­ta­dy. Ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bi­len bag­ly­lyk­da, ge­çen ýyl Ba­ku — Tbi­li­si — Kars de­mir ýo­lu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti hem bel­le­nil­di.

Be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň nyg­taý­şy ýa­ly, ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze şert­le­ri üp­jün ed­ýän iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bo­lan anyk me­se­le­le­ri çö­zül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Azer­baý­ja­nyň Li­de­ri yzy­gi­de­ri öza­ra he­re­ket et­mek, däp bo­lan do­gan­lyk döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek hem-de umu­man, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da has oňaý­ly ýag­daý­la­ry dö­ret­mek üçin hä­zir­ki sa­pa­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti sö­zü­niň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk, ro­waç­lyk we mun­dan beý­läk-de gül­läp ösüş, öz türk­men kär­de­şi­ne bol­sa berk jan sag­lyk, tä­ze üs­tün­lik­le­ri we aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň hor­ma­ty­na res­mi gü­nor­tan­lyk na­ha­ry­ny ber­di. On­da iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry söz söz­le­di­ler.

Da­ba­ra­ly ka­bul ediş­lik ta­mam­la­nan­dan soň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew ýur­du­my­za res­mi sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­ny ta­mam­lap, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­dy we Aş­ga­bat­dan ug­ra­dy.