Binagärleriň ilkinji bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda dekabryň altysyndan sekizi aralygynda milli binagärlik sungatynyň ösüşine bagyşlanan sergi geçirildi, ony Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi gurnady. Sergide görkezilen işler Türkmenistanyň şähergurluşygynda gazanylan üstünlikleri we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge binagärleriň goşýan goşandyny görkezdi. 

Ýurdumyzyň binagärlik sungatynyň ýeten derejesini we ösüş ugurlaryny görkezen gözden geçirilişiň çäklerinde gurluşyk sungatynyň we we şäher dizaýnynyň eserleriniň bäsleşigi geçirildi. Ussatlardan düzülen emin agzalary has güýçli işleri bellediler we esasy pikiriniň üýtgeşikliligi hem-de ýerine ýetirilişiniň ýokary derejesi bilen tapawutlanan işleri yglan etdiler. 

Sergä döwlet taslama edaralary we geljekki binagärleriň bilim alýan ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem professional döredijilik ussahanalary we Türkmenistanyň Binagärler birleşiginiň agzalary – aýry-aýry tejribeli ussatlar gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen 290 işden emin agzalary dört ugurdan: edara-jemgyýetçilik we syýahatçylyk binalary; ýaşaýyş jaýlary we durmuş ähmiýetli binalar; landşaft seýilgähleri we dynç alyş ýerleri; kiçi binagärlik görnüşleri ugurlary boýunça iň gowularyndan 12-sini saýladylar. 

Birinji ugur boýunça “AK” döredijilik ussahanasynda (ýolbaşçysy Ataberdi Gurbanlyýew) taýýarlanylan Gadymy Merwiň syýahatçylyk merkeziniň taslamasy ýeňiş gazandy. Ikinji orna binagär Maksat Baýramowyň “Hazarda syýahatçylyk we dynç alyş merkezi” taslamasy we üçünji ýere Merdan Berdinyýazowyň “Parfiýa” myhmanhanasynyň taslamasy mynasyp boldular. 

Ikinji ugurda ýene Maksat Baýramow öňe saýlandy, ol iki gatly ýaşaýyş toplumynyň taslamasyny hödürläpdir. Ikinji orny Milli konserwatoriýanyň binasynyň taslamasyny taýýarlan Gadam Bäşekow, üçünji orny şahsy jaý gurluşygy üçin ýaşaýyş kottejleriniň toplumynyň taslamasyny düzen Maksat Abaýew dagy eýelediler. 

Üçünji ugur boýunça dynç alyş merkezli seýilgähiň taslamasyny hödürlän Begli Bäşimow ýeňiş gazandy. Ikinji orna çagalar attraksiony seýilgähiniň taslamasyny taýýarlan Merdan Berdinyýazow we üçünji ýere Aşgabatda suw parkynyň taslamasy üçin Röwşen Amangeldiýew mynasyp boldular. 

Dördünji ugurda Adyl Weliýew “Garagumyň ýalkymy” meşhur syýahatçylyk binasynyň golaýynda seredilýän diňiň binagärlik-dizaýnerlik çözgüdi üçin birinji orna çykdy. Ikinji ýeri landşaft seýilgähi üçin kiçi binagärlik görnüşlerini işläp taýýarlan Güljemal Mamaýewa, üçünji orny ýaşaýyş öýüniň içki bezeglerini teklip eden Döwlet Nyýaztuwakow eýelediler. 

Taslamalaryň hiline oýlanşyklylygy we batyrgaý konstruktiw çözgütleri, tygşytlylygy, bellenilen wezipä laýyklygy, estetiki gözelligi, milli aýratynlygy, binagärlik pikiriň täzeçilligi boýunça baha berildi. 

Sylaglanan işleriň beýlekilerden tapawutlanýan belli bir aýratynlyklary bar, iň esasy-da, olary ýaş binagärler – talyplar we ýokary okuw mekdeplerini golaýda tamamlan ýaşlar taýýarlapdyrlar. Taslamalar köpdürlülüligi bilen tapawutlanýarlar. Olar iri şähergurluşyk toplumlary we şäherlerdir obalar üçin ýaşaýyş jaý toplumlary, şeýle hem köp öýli we kottej jaýlar, myhmanhanalar, edara jaýlary, okuw jaýlarynyň we çagalar baglarynyň binalary, muzeýler we medeniýet öýleri, seýilgähler, gezelenç zolaklary, heýkeller kompozisiýalaryndan köçe mebellerine çenli ýanaşyk kiçi binagärlik görnüşleri bolan dynç alyş zolaklarydyr. 

Iň gowy işler saýlanylanda emin agzalary nusgawy ýörelgeler, milli däpler, iň täze tehnologiýalar ýaly milli şähergurluşygynyň ösüşiniň ileri tutulýan ýörelgelerinden ugur aldylar. Bularyň bary sylaglanan taslamalarda belli bir derejede beýan edilipdir, şonuň üçinem şunuň ýaly döredijilik bäsleşikleriniň türkmen binagärleriniň öňünde duran wajyp wezipeleri çözmäge ýardam etjekdigine şübhe ýokdur. 

Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

                                                                                                                                                                                                                                                             Ýazgül EZIZOWA