Спорт

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen bedenterbiýä we sporta raýatlarymyzy işjeň çekmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda yglan edilýän dürli bäsleşikler ýaşlarda çuňňur gyzyklanmalary artdyrýar.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 10-15-i aralygynda Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde erkekleriň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça “Dragon Oil” kompaniýasynyň “Saglyk” Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirildi.

Gurluşygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaşlara bilim berýän Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde 2010-njy ýylda döredilen folklor-etnografik tans toparynyň “Ak mermer” ady Gahryman Prezidentimiziň paýtagtymyz Aşgabady dünýä ýüzünde ak mermere beslenen merjen şähere öwürmek babatda alyp barýan işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

“Ak mermer” folklor-etnografik tans toparynyň düzüminde 40-dan gowrak tansçy oglan-gyz, 20-ä golaý aýdymçy hem-de 15 sazanda bar. Tans toparyna Begenç Murzaýew ýolbaşçylyk edýär.

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy.

Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanymyz top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Niklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzdaky Golf-klubuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu klubuň döredilmegi sportuň bütin dünýäde meşhur bolan golf görnüşini Türkmenistanda ösdürmäge ýardam etmelidir.

Aşgabat Aziadasynda Watanymyza wekilçilik eden türgenleriň we tälimçileriň adyndan milli köpçülikleýin sport we bedenterbiýe, olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan, “Aşgabat 2017” oýunlary geçirmek başlangyjy bilen çykyş edip, Aziada taýýarlyk döwrüniň tutuş dowamynda oňa gönüden-göni ýolbaşçylyk eden, sagdan durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berlen welosiped Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mejlisde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz üstüne ýüklenen şeýle ýokary derejeli sport çäresini geçirmek ýaly ýokary jogapkärçiligiň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy.

Türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, ýeňiji bolandyklaryny, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, birnäçe baýrakly orunlary eýeländikleri, gazanan ýokary netijeleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gaz

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda, şeýle hem sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde gazanan ýokary netijeleri üçin şu adamlara «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy:

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen türgenleri – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri hem-de olaryň tälimçileri awtoulag serişdeleri we uly möçberli pul sylaglary bilen sylaglandylar.

Pages