Спорт

Türkmenistanyň Gurluşyk  we  binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ussat türgenleriniň “Aşgabat 2017” oýunlarynda gazanan ýeňişleri  bütin dünýäniň sport janköýerlerini buýsanja besledi

Çarşenbe güni Aşgabat 2017-niň ähli medallary öz ussatlygyny görkezen mynasyp türgenlere gowşuryldy, emma şu wagta çenli geçirilen iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna ýene-de bir ädim galdy.   

Oýunlaryň ahyrky tapgyry bolan ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni agşam  Aşgabat 2017-ni ýapyk diýip yglan etmegi bilen başlandy.

27 sentýbrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy.

Şeýle derejedäki we örän giň möçberli çäreleri geçirmek — munuň özi örän uly jogapkärçilik bolup durýar. Aşgabat bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmünde asylly ýörelgäni ýerine ýetirdi. Tutuş ýurdumyz täze taryhynyň şanly wakasyna örän taýýarlykly geldi. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini hem berdi.

Düýn “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular. 

Şu gün V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular.

Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär.

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy.

Berkarar döwletimiziň sport ulgamyny ösdürmek wezipesiniň döwlet derejesinde garalýan esasy meseleleriň birine öwrülmegi bu ugurda göwünleri galkyndyryjy netijeleri gazanmaga itergi berdi. Adamlaryň saglygyny goramagyň baş setirleriniň biri bolan sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen köpçulikleýin häsiýete eýe boldy. Il-gün bähbitli, döwlet ähmiýetli bu ýörelge ýurdumyzyň çagalar edarlaryndan başlap, ähli ministrlikleri, jemgyýetçilik guramalarydyr pudak edaralaryny gurşap aldy.

         2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna we iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga dalaşgär türgenleri taýýarlamak we olaryň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň “Gurluşykçy” futzal topary 2017-nji ýylyň 24-nji maýyndan 6-njy iýuny aralygynda Ýaponiýanyň Kobe şäherinde   futzal boýunça geçir

Pages