Конференции и выставки

2017-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda Gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahaty  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Ç.Ahmedow açdy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň uly ösüşlere beslenýändigini, bu ösüşleriň özeniniň ylma esaslanýandygyn belledi.

2017-njy ýylyň 28-nji aprelinde  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde  Zenanlar birleşiginiň maslahaty geçirildi.

2017-njy ýylyň 27-nji aprelinde  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde hukuk goraýjy edaralarynyň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

       SAGDYNLYK.

                                RUHUBELENTLIK.

                                                                  DOSTLUK.        

               OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji noýabryndaky “Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 24-26-njy awgustynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmengurluşyk-2017” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahaty geçirilýär.

 Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

“Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň  3-nji binagärlik –gurluşyk bölüminiň taslamanyň baş inženeri

Jumahanow Serdar Agameredowiç

Binalaryň ýüz tarapyna keramogranit plitalary berkitmek boýunça

G O L L A N M A»

atly kadalaşdyryjy resminama boýunça çykyş.

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ

“Gurluşygyň hiline gözegçilik, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk müdirliginiň” Hil gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni

Hommadow Umyt Orazgeldiýewiç

“Binalarda, desgalarda we gurluşyk meýdançalarda   tehniki howpsyzlyk we zähmeti goramak çäreleriň geçirilişi ”

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ

“Usulyýet, nyrh emeler getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň” Gurluşyk maşynlaryn, mehanizmleri, enjamlary we awtomobil ulaglaryny ulanmak boýunça harçlamalaryň ölçegleri müdirliginiň başlygy Annamammedow Arslan Maksatmyradow

“Binalaryň we desgalaryň gurluşygynda hem-de düýpli abatlaýyş işleri  üçin awtoulag serişdelerinde ýükleri daşamaklygyň çenlik bahalarynyň ýygyndylaryny işläp taýýarlamaklygyň

Usuly Görkezmeleri”   GUR 4.04(1) -16

Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy 2016-njy ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda Türkiýe respublikasynyň Gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergisine  Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň işgärleri hem gatnaşdylar.