KONFERENSIÝALAR WE SERGILER

2017-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde “ Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly okuw maslahaty geçirildi

 Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrniň orunbasary Ç.Ahmedow açyp, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler we gazanylýan  üstünlikler, paýtagtymyz Aşgabadyň durmuş-senagat hem-de ulag infrastrukturaly şäher hökmünde bütin dünýäde tanalýandygyny, soňky birnäçe ýylyň dowamynda welaýatlarymyzda gurluşyk işleriniň güýçli depginler bilen dowam etdýändigini beýan etdi.

Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji noýabryndaky “Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 24-26-njy awgustynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmengurluşyk-2017” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahaty geçirilýär.

«Türkmengurluşyk — 2016» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar! 

Sizi «Türkmengurluşyk—2016» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň we maslahatyň köpugurly halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. 

“Türkmengurluşyk-2015” halkara sergisi öz işini tamamlady

“Türkmengurluşyk-2015” halkara sergisi öz işini tamamlady. Däp boýunça guralýan serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi. Bu iri forum paýtagtymyzdaky Sergi köşgüni pudagyň dolandyryş düzüminiň işgärleri, gurluşykçylar, marketologlar, işewürler, önüm öndürijiler, bilermenler, önüm getirijiler we buýrujylar üçin özboluşly gepleşik meýdançasyna öwürdi we ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň gazananlaryny, geljekki ösüşini beýan etdi.