• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

Arkadag şäheriniň döwrebap ýol-ulag düzümi

Arkadag şäheriniň döwrebap ýol-ulag düzümi
Опубликовано: 11.07.2023 Просмотрено: 1304

Arkadag şäheriniň döwrebap ýol-ulag düzümi

Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäher ─ Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ekologiki ülňülerine laýyk gelýän hem-de sanly tehnologiýalar esasynda işleýän şäher ulaglary hyzmat eder.

Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Hususan-da Intelligent Transportation System (ITS) ulag ulgamlaryny düzmekde we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalary ulanýar. Bu bolsa ýol hereketiniň maglumat bilen üpjün edilmegine, howpsuzlygyna we netijeliligine, şeýle hem oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň has oňaýly özara hereketlerine ýardam berýär. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen “akylly” köçeleriň ornaşdyrylmagy ITS-niň esasy wezipesidir.

Täze elektrobuslar we elektromobil taksiler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýokary hilli we medeniýetli hyzmaty üpjün ederler. “Duralga” we “Ynamly taksi” ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredildi. Ýol töleglerini we onlaýn buýurmalaryny nagt däl görnüşinde amala aşyrmak üçin terminallar göz öňünde tutulypdyr. Şaýollarda jemgyýetçilik ulagy üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmegi hem ýolagçylar üçin amatlyklary döredýär.

“Akylly” ugurlar sürüjilere wagty tygşytlamaga hem-de ýollarda dyknyşyklaryň öňüni almaga ýardam berýär. Ulaglaryň hereketine gözegçilik sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Mundan başga-da elektrobuslarda ornaşdyrylan ýörite enjam arkaly ulag serişdeleriniň hereket edýän ugurlary we duralgalara gelýän wagty baradaky maglumaty berýän programma üpjünçiligi döredilipdir. Elektromobilleriň ulanylmagy şäherde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berer.

Şäherdäki “akylly” awtoduralgalaryň işine häzirki zaman ýörite ulag-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly gözegçilik amala aşyrylýar, bu bolsa ulag üçin boş ýerleri dessin tapmaga hem-de awtoduralgalaryň işini düzgünleşdirmäge ýardam berýär. Şeýle hem şaýollaryň, köçeleriň we ýol düzüminiň beýleki ugurdaş desgalarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylandygyny bellemek gerek.

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73640/arkadag-saherinin-dowrebap-yol-ulag-duzumi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan