• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

«ARKADAGLY BITARAP ÝURT NESILLERIŇ YLHAMYNDA, PYRAGYNYŇ ARZUWLARY HER YKBALDA, HER KÖŇÜLDE»

«ARKADAGLY BITARAP ÝURT NESILLERIŇ YLHAMYNDA, PYRAGYNYŇ ARZUWLARY HER YKBALDA, HER KÖŇÜLDE»
Опубликовано: 25.11.2024 Просмотрено: 238

«ARKADAGLY BITARAP ÝURT NESILLERIŇ YLHAMYNDA, PYRAGYNYŇ ARZUWLARY HER YKBALDA, HER KÖŇÜLDE»

 

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni göwün galkyndyryjy wakalardyr toý-baýramlara beslenýär. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy baýram ediler. Bu senäni mynasyp garşylamak üçin häzirki günlerde dürli ýerlerde dabaralar, baýramçylyk çäreleri eçirilýär. Ýaňy-ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde «Arkadagly Bitarap ýurt nesilleriň ylhamynda, Pyragynyň arzuwlary her ykbalda, her köňülde» ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresi hem munuň aýdyň beýany bolup, kalpara egsilmez şatlyk çaýdy.  

          Baýramçylyk çäresiniň ilkinji pursatlarynda söz täji şygra otun berildi. Şeýlelikde talyp ýaşlaryň dillerinde ata Watanymyza, ene topragymyza, gurulýan, gülleýan-gül açýan oba kentlerimize, beýik özgertmeleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur söýgi, belent busanç şygryýetiň sazlaşykly setirlerinde beýan edildi.

 

Watan kalpda baky aýdym, Size alkyş her bir demde,

Döwür beýik, ýollar aýdyň, halkyň ruhy janda-tende,

Ýalkym düşüp Günden-Aýdan, rehnet ýagýar oba-kende,

Şöhrat Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Jümle-jahan bagty bardyr  täze dostluk ýollarynda,

Baky röwşen ýagty bardyr  ýurduň sagy-sollarynda,

Döwrüň täji-tagty bardyr dost-doganlyk illerinde,

Şöhrat Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

            Belent ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlary esasynda Watanymyzyň  geljegi  bolan  ýaş  neslleriň bagtyýar, eşretli  durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilimdir terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, aýdym-saz, çeper  döredijilik  bilen  meşgullanmagy, zehin taýdan  kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle berilýän bilimleriň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady günsaýyn pugtalandyrylýar. Amal edilýän bu belent işler her bir ýürekde mukaddes Watanymyza bolan söýgüniň dabaralanmagyna ýardam edýär.

 

                Watan halkyň jigerinde, Arkadagdyr polat erki.

                Ýurduň her daban ýerinde ata-baba ömür-örki,

                 Her ykbalyň goragynda Berkarar ýurt synmaz berki,

                Şöhrat Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

 

        Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bu baýramçylyk dabarasy milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 33-ýyllyk baýramçylygy mynasybetli   mekdepde hereket edýän toparlaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlyk bagtym meniň» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bilen utgaşyp gitdi.

          Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda okuw mekdebiniň «Jaý gurluşyk» toparynyň talyplary edebi-çeper kompozisiýa, «Binagärlik» hem-de   «Maglumat» toparynyň talyplary gysga göwrümli sahna oýny, «Ýylylyk»,  

«Jaý gurluşyk» we Türkmenistanyň  Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi «Ak  mermer» folklor-etnografik tans topary «Ärtogrul», «Hindi tansy», «Türkmen  toýlary» ýaly birnäçe tanslaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem dabarada talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde döwrebap aýdymlar ýaňlandy.

           Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan «Arkadagly Serdara şöhrat!» atly aýdym şowhunly dabaranyň jemleýji owazy bolup göwünlere ganat berdi.    

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan