• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

Aşgabat şäherindäki ilkinji binalar


Опубликовано: 06.02.2024 Просмотрено: 662

Aşgabat şäherindäki ilkinji binalar

Aşgabat şäheri binagärçilik sungaty babatda sebitde ajaýyp şäherleriň biri hökmünde tanalýar. Bu günki gün gözel paýtagtymyz Orta Aziýanyň dürdänesi hökmünde kalplarymyza buýsanç duýgularyny paýlaýar.

Paýtagtymyzyň häzirki döwürde tanalmaz derejede özgermegi şäherimiziň geçmiş durmuşy hakyndaky ýatlamalaryny hakydamyzda janlandyrýar.

1881-nji ýylda Aşgabatda ilkinji gurlan binalar patyşa rus goşunlarynyň esgerleri üçin umumy ýatakhanalar we harby serkerdeler üçin ýaşaýyş jaýlary bolupdyr. Täze şäher esasan bu ýerde türkmenleriň ozal bar bolan gorag galasynyň golaýyndan gurlup başlanypdyr. Gala aşgabatlylara «Aşgabat diňi» ady bilen bellidir.

«Ashabad» gazetiniň 1899-njy ýylyň 9-njy dekabryndaky sanynda 1884-nji ýylyň 2-nji martynda Ashabatdan Mara tarap ýörişe çykan goşunyň düzümindäki harby serkerdeleriň biriniň makalasy ýerleşdirilipdir. Onda Aşgabat hakynda şeýle diýilýär: «...pessejik we uly bolmadyk penjireleri bolan kiçijik gözgyny ýerkümelerden ýa-da külbejiklerden, kinniwanja we pessejik dükanlardan, esgerler üçin niýetlenen ýatakhanalardan we giden bir boş ýatan ýerden ybaratdy».

Ilkibaşda şäher esasan Serkerdeler we Söwda köçesiniň ugrunda ýerleşipdir. Serkerdeler köçesi şol döwürde K. Marks köçesi diýlip atlandyrylypdyr we ol häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşgüniň demirgazyk tarapyndan geçýän ajaýyp köçedir. Bu köçäniň ugrunda, adyndan hem belli bolşy ýaly, esasan harby sekerdeleriň bir gatly ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Ol gür baglyga bürenip oturan köçeleriň biri bolupdyr.

Ashabad obasynyň çäkleri Zakaspi ülkesiniň dolandyryş merkezi diýlip yglan edilenden soň, şäher çalt depginler bilen ösüp başlaýar. Köp wagt geçmezden bu ýerde kiçiräk berkitmeler, esger ýatakhanalary, hassahana, kaznaçeýstwanyň binasy, azyk ammarlary, 400 golaý ýaşaýyş jaýy, esasan-da harby serkerdeler üçin binalar, ybadathana, klub we beýleki jemgyýetçilik-ýaşaýyş we harby-dolandyryş edaralary gurulýar .

Zakaspi harby demir ýolunyň Ashabada gelmegi bilen şäher çalt depginler bilen ösüp başlaýar. Ilat esasan demir ýol işçileriniň, goşundan boşan esgerleriň we dynç alşa çykan harby serkerdeleriň hasabyna artýar. Şäherde okuw mekdepleri, durmuş-üpjünçilik edaralary peýda bolýar. Telekeçilik işleri çalt depginler bilen ösüp başlaýar. Täze-täze söwda we senetçilik dükanlary peýda bolýar. «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazetiniň 1897-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykan sanyndaky maglumatlara görä, 1896-njy ýylda şäherde 139 bina gurlupdyr, şol binalaryň aglaba bölegi Täze, Demir ýol, Kozelkow we Rus köçeleriniň ugrunda gurlupdyr. Şeýlelikde, şäher demirgazyk-günbatar tarapa giňelipdir.

Söwda köçesiniň ugrunda bolsa, dürli söwda dükanlary ýerleşipdir. Şäherde dürli söwda nokatlarynyň we dükanlaryň 30-sy, bakaleýa dükanlarynyň 49-sy, manufaktura dükanlarynyň 36-sy, galantereýa dükanlarynyň 26-sy, süýt onümlerini satýan dükanlaryň 47-si, et satýan dükanlaryň 49-sy, çörek dükanlarynyň 36-sy, çaýhanalaryň 3-si, garbanyşhanalaryň 23-si, dürli harytlary satýan dükanlaryň 47-si, 1 sany dermanhana we 2 sany hem süýji satylýan dükan bolupdyr .

Rewolýusiýadan ozalky Aşgabatda birnäçe binalar gurlupdyr. Olaryň hatarynda Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň binasyny, Zakaspi demir ýol müdirliginiň binasyny, ülke muzeýiniň we jemgyýetçilik kitaphanasynyň binasyny, bilim ojaklarynyň binasyny we beýlekileri agzap geçmek bolar.

Şol döwürde Aşgabat wokzaly iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülipdir. Bu ýerde myhmanhanalar gurlup, onda dürli wekilçilikli toparlar, görnükli sungat işgärleri we beýlekiler garşy alnypdyr we ugradyylypdyr.

«Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazetiniň 1898-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynda çap edilen «Guşga tarap» atly makalada Ashabad wokzalynyň şol döwürdäki durmuşy barada şeýle setirler bar: «Ilkinji jaň, otlynyň we wagon gözegçisiniň jürlewiginiň sesi ýaňlanýar.

Otly ýerinden gozganýar. Yzda dürli mähelleden hyň berýän wokzal we Ashabadyň tozanly köçeleri galýar.

Zakaspi ülkesi üçin häsiýetli şol bir görnüş uzalyp gidýär: çep gapdalda çägeli, janly-jandarsyz çöllük, sag tarapda bolsa, Köpetdag ýaýylyp ýatyr».

Şol döwürdäki şäheriň ýene bir binasy Zakaspi oblast muzeýiniň we jemgyýetçilik kitaphanasynyň jaýydyr. Iki gatdan ybarat bu bina häzirki «Köpetdag» stadiýonynyň  ornunda ýerleşipdir. Kitaphana we muzeý esasan haýyr-sahawat görnüşindäki serişdeleriň hem-de muzeýi synlamaga gelýän we kitaphananyň okyjylaryndan alynýan müşderi töleginiň hasabyna dolandyrylypdyr. Muzeýiň we kitaphananyň döredilmegi bilen olar Ashabad şäherinde esasy medeni ojaklar bolup, şol döwrüň kitaplaryny, gazetdir žurnallaryny hem-de dürli taryhy tapyndylary biziň günlerimize çenli abat ýagdaýda saklap gelmäge uly ýardam edipdirler.

Mundan başga-da, şol döwürde Ashabad şäherinde gurlan kerwensaraýlary, okuw mekdeplerini we beýleki edara-kärhanalaryň binalaryny hem ýatlap geçmek bolar. Olar öz döwründe şähere binagärçilik keşbini beripdir.

Bu günki gün Aşgabat şäherinde dowam edýän gurluşyk işleriniň gerimi günsaýyn ösýär. Aşgabatda gurlan ajaýyp binalaryň birnäçesiniň Gennesiň Rekordlar kitabyna girizilmegi binalaryň ähmiýetine ýokary baha berýär.

 

Paşaguly GARAÝEW,

TYA-nyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri

 

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»

(3-2015)

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan