• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE MILLI BINAGÄRLIGIŇ ÖSÜŞI» ATLY BINAGÄRLIK-TASLAMA DÖREDIJILIK SERGI BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE MILLI BINAGÄRLIGIŇ ÖSÜŞI» ATLY BINAGÄRLIK-TASLAMA DÖREDIJILIK SERGI BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!
Опубликовано: 05.03.2024 Просмотрено: 182

«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE MILLI BINAGÄRLIGIŇ ÖSÜŞI» ATLY BINAGÄRLIK-TASLAMA DÖREDIJILIK SERGI BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigini geçirmek hakyndaky

DÜZGÜNNAMA

I. Umumy düzgünler

  1. Şu düzgünnama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigini geçirmegiň maksadyny, oňa gatnaşmagyň we sergi bäsleşiginiň jemlerini jemlemegiň esasy düzgünlerini kesgitleýär.
  2. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigi binagärlikde özboluşly milli we innowasion taslamalary taýýarlap teklipleri bermek, şeýle-de milli binagärlik we şähergurluşyk işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige ugrukdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
  3. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigine umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, orta hünär okuw mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlaryň şeýle-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň taýýarlan taslamalary erkin hödürlenilip bilner.
  4. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigini geçirmek hakyndaky Düzgünnamany umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, orta hünär okuw mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlaryň şeýle-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň dykgatyna ýetirýär.

 

II. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigine gatnaşmaga bildirilýän esasy talaplar

  1. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigi aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:
    1. ýaşaýyş jaýlary;
    2. medeni-durmuş maksatly binalar we seýilgähler;
    3. göwrümli maket ýa-da 3D animasiýa.
  2. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigine döwlet we hususy taslama edaralaryň adyndan awtorlar (awtorlar köpçüligi), döredijilik taslama ussahanalarynyň hünärmenleri, binagärlik-şähergurluşygy çygrynda bilim alýan talyplar, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren we şu Düzgünnamanyň şertlerini ýerine ýetirýän aýry-aýry ýaş binagärler gatnaşyp biler.
  3. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigi üçin işlenilip taýýarlanylan taslamalar we maketler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transfer merkezine tabşyrylmalydyr.
  4. Binagärlik-taslama döredijilik sergisi bäsleşigine hödürlenilýän taslamalar täze, ozal bäsleşige gatnaşmadyk we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, teleýaýlymlarda ýaýbaňlandyrylmadyk bolmalydyr.
  5. Sergi bäsleşigine gatnaşmak üçin tabşyrylmaly taslamalara bildirilýän esasy talaplar şu aşakdakylardan ybaratdyr:
    1. ölçegleri 60x90 santimetr planşetlere gorizontal ugurda, ýörite işlenip taýýarlanylan çarçuwada ýerleşdirilen taslama;
    2. taslamanyň JPG ýa-da TIFF formatdaky (her faýlyň rugsady 150 dpi az bolmadyk) elektron göterijidäki görnüşi;
    3. planşet iki meýdana bölünip, onuň ýokarky meýdanynda döwlet dilinde ýazylan taslamanyň ady, şertli san ýazgysy, aşaky meýdanynda taslama materiallary ýerleşdirilýär.
  6. Şu Düzgünnamanyň II bölüminiň 1-nji bendine laýyklykda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar we seýilgähler ugurlar boýunça taslamanyň düzüminde umumy görnüşi, gatlar boýunça meýilnamalary, ýüz tarapynyň şekil görnüşi, baş meýilnamasy, gysgaça düşündiriş ýazgysy, binanyň we desganyň, seýilgähiň ýa-da dynç alyş ýeriniň ady, şertli san ýazgysy görkezilmelidir.
  7. Maketleriň göwrümi 1:100 ýa-da 1:200 ölçegde ýerine ýetirilip, onuň aşaky sag burçunda binanyň (desganyň) ýa-da olaryň toplumynyň, seýilgähiň ady görkezilmelidir.
  8. Taslamada we maketde awtoryň (awtorlar köpçüliginiň) ýa-da taslama edarasynyň adyny, nyşanyny ulanmaklyga rugsat berilmeýär.
  9. Tabşyrylan ähli taslamalaryň we maketleriň (JPG ýa-da TIFF formatdaky her faýlyň rugsady 150 dpi az bolmadyk) elektron göterijidäki görnüşi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transfer merkezinde galýar we yzyna gaýtarylmaýar.

 

III. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşiginiň seljeriş topary we onuň esasy wezipeleri

  1. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigini ýokary derejeli we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, gurnaýjylar tarapyndan toparyň başlygyndan, başlygyň orunbasaryndan we kätipden ybarat Serginiň seljeriş topary (mundan beýläk - Topar) döredilýär we onuň üstüne sergini geçirmek meseleleri ýüklenilýär.
  2. Toparyň düzümi azyndan ýedi adamdan ýa-da agzalaryň başga täk sanyndan, şeýle-de binagärlik-şähergurluşygy çygryndaky ýokary tejribeli hünärmenlerden ybarat bolmalydyr.
  3. Sergä hödürlenilen taslamanyň awtory ýa-da awtoryň göni ýolbaşçysy Toparyň agzasy bolup bilmeýär.
  4. Topar:
    1. sergide görkezilen ähli taslamalara bilelikde syn etmek we ara alyp maslahatlaşmak ýoly bilen, taslamalary şu Düzgünnamanyň II bölüminiň 1-nji bendine görkezilen ugurlar boýunça toparlara bölýär;
    2. baýrakly orunlara dalaş edýän taslamalaryň toparyny saýlaýar;
    3. her bir taslama üçin Serginiň seljeriş kartasynda (şu Düzgünnamanyň goşundysy) 1-den 10 bal baha aralygynda öz bahasyny goýýar we aşagyna gol çekýär;
    4. her taslamanyň bal bahalarynyň umumy jemine laýyklykda ýeňijileri kesgitleýär.
  5. Topar agzalary her bir taslama baha berende, binanyň we desganyň, seýilgähiň meýilnamalaşdyrma (ulanyş amatlylygy) we konstruktiw çözgütlerinden (berklik), ykdysady taýdan amatlylygyndan, estetik we millilik aýratynlyklaryndan
    ýa-da döwrebaplygyndan ugur almalydyr.
  6. Topar ýokary hünär we ussatlyk derejesi bolan iň gowy taslamalary ýüze çykarmak ýörelgelerinden ugur alyp adalatly Çözgüt kabul etmäge borçludyr.

 

IV. Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşiginiň jemini jemlemek

  1. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi her bir ugur boýunça, iň köp bal baha alan taslama birinji derejeli şahadatnama, soňky iki sany taslamalar ikinji we üçünji derejeli şahadatnamalar bilen sylaglaýar.
  2. Serginiň şertlerine laýyk gelýän, emma birinji, ikinji we üçünji derejeli şahadatnamalary almadyk taslama awtorlarynyň ýa-da taslama edaralaryň, döredijilik taslama ussahanalaryň, okuw mekdepleriň ählisi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylýar.
  3. Bal bahalarynyň sanlary deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygy gutarnykly çözgüt kabul etmäge ygtyýarlydyr. Topar agzalarynyň kabul eden Çözgüdi toparyň Teswirnamasy bilen topar agzalary tarapyndan gol çekilip resmileşdirilýär.

https://yashlar.gov.tm/item/7886

 

Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigini 2024-nji 13-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň edara binasynda geçirmekligi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan