• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

«Dänäni saklamak we gaýtadan işlemek boýunça kärhanalar, binalar we desgalar» atly TGK 2.10.05-24 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary


Опубликовано: 16.10.2024 Просмотрено: 73

«Dänäni saklamak we gaýtadan işlemek boýunça kärhanalar, binalar we desgalar» atly TGK 2.10.05-24 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

«Dänäni saklamak we gaýtadan işlemek boýunça kärhanalar, binalar we desgalar» atly TGK 2.10.05-24 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 06-njy iýunynda çykaran 74-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.

Ýokarda bellenen kadalaryň talaplary elewatorlaryň, galla ammarlarynyň, degirmenleriň, gatyşyk iým zawodlarynyň hem-de dänäni saklamak we gaýtadan işlemek boýunça beýleki kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň taslanmagyna degişli bolup, olaryň täze gurluşyklary, hereket edýänlerini giňeltmek, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, durkuny täzelemek boýunça taslama-çenlik resminamalary işlenip düzülende, abatlanylanda we ulanyşynda şu Kadalaryň talaplarynyň berjaý edilmegi hökmanydyr.

 

 

Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny satyn almak bilen bagly meseleler we soraglar boýunça şu telefon belgilerine 44-46-12, 44-46-53 jaň edip bilersiňiz.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan