• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

DEMIR ÝOL ULAGLARYNYŇ IŞINI UTGAŞDYRMAK: MÖHÜM WEZIPELERDE HYZMATDAŞLYK


Опубликовано: 16.04.2024 Просмотрено: 465

DEMIR ÝOL ULAGLARYNYŇ IŞINI UTGAŞDYRMAK: MÖHÜM WEZIPELERDE HYZMATDAŞLYK

Düýn, ýagny 15-nji aprelde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda açylan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekillerinň maslahatynyň XXXVIII mejlisi dowam edýär. Wekilçilikli forma DÝGH-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. 

Forumyň işi demir ýol ulaglarynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmaga, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmäge, bu ugurda düzümleri ösdürmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulaglary düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmeginde işjeň orny eýeleýär. Aşgabat forumynyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen utgaşmagy aýratyn bellenilip geçilmegine mynasypdyr.

          Mejlisiň gün tertibinde ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik toparynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemine garamak, ýakyn ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Startegiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak ýaly meseleler öz beýanyny tapýar.

Forumda demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça hem pikir alyşmalar giňden ýaýbaňlanýar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan