• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

«Dykyz silikat betondan beton we demirbeton gurnawlar. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.03.07-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary


Опубликовано: 16.10.2024 Просмотрено: 359

«Dykyz silikat betondan beton we demirbeton gurnawlar. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.03.07-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

«Dykyz silikat betondan beton we demirbeton gurnawlar. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.03.07-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda 70-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.

Şu Kadalar dykyz dolduryjylardan dykyz silikat betondan taýýarlanylýan yzygiderli +50°С-dan ýokary bolmadyk we -70°С-dan pes bolmadyk temperaturanyň täsiri şertlerinde işlemek üçin niýetlenen, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda çykaran 183-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Dykyz silikat beton. Tehniki şertler” atly TDS-25214-2021 belgili döwletara standartyna laýyklykda beton we demirbeton gurnawlar taslananda ulanmaga degişlidir.

Şunda ulanyşyň aýratyn şertlerinde (seýsmiki täsirlerde, beton we demirbeton gurnawlara täsir edýän ýowuz derejeli gurşawlarda, ýokary çyglylyk şertlerde) işlemek üçin niýetlenen agzalan betondan gurnawlar taslananda, şeýle gurnawlara degişli gurluşygyň umumy kadalaryna bildirilýän goşmaça talaplary hem berjaý edilmelidir.

Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny satyn almak bilen bagly meseleler we soraglar boýunça şu telefon belgilerine 44-46-12, 44-46-53 jaň edip bilersiňiz.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan