• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

GURLUŞYKLARDA GYZDYRMAK ARKALY GATADYLAN ÖÝJÜKLI BETONLARY ULANMAGYŇ ARTYKMAÇLYGY


Опубликовано: 06.02.2024 Просмотрено: 585

GURLUŞYKLARDA GYZDYRMAK ARKALY GATADYLAN ÖÝJÜKLI BETONLARY ULANMAGYŇ ARTYKMAÇLYGY

2011-nji ýylda döwlet Baştutanymyz ýerli çig mallary ulanmak esasynda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini guramak boýunça 11522 we 11792 belgili Kararlara gol çekdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň ýanynda ýerli çig mallardan öýjükli beton öndürýän zawod guruldy. Häzirki döwürde öýjükli betonlar Türkmenistanyň çägindäki gurluşyklarda giňden ulanylýar.

Ýokary seýsmiki dereje we gurak howa Türkmenistanyň tebigy şertleriniň aýratynlygydyr. Munuň özi, gurluşykda berk, ýeňil we ýylylyk-ses saklaýjy serişdeleriň ulanylmagyny talap edýär.

1948-nji ýylda bolan Aşgabat ýer titremesiniň uly heläkçiliginiň esasy sebäpleriniň biri, binalaryň we desgalaryň gurluşygynda ulanylan materiallaryň hili bolup durýar. Şol döwürde palçyk suwagy bolan üçekli jaýlar doly ýumruldy. Agaç-gurnama ýaşaýyş jaýlarynyň we demir-agaç gurnamalary bolan senagat desgalarynyň köpüsine zeper az ýetdi.

Demir-beton gurnamalary bolan jaýlar berkligi bilen tapawutlandy. Ýöne, olaryň arasynda doly ýykylanlary, şeýle hem, saklanyp galanlary boldy.

Häzirki döwürde beton we demir-beton serişdeleri gurluşyk materiallarynyň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda gurlan jaý ýa-da desga demir-betonsyz gurulmaýar. Türkmenistandaky gurluşyklarda esasan 1 kub metre 2200-2500 kilogram dykyzlygy bolan demir-beton gurnamalar ulanylýar. Deslapky hasaplamalara görä, ýerli serişdeleriň esasynda taýýarlanylan we gyzdyrylyyp gatadylan öýjükli betonlara geçilmegi binalaryň umumy agramyny 50 göterim peseltmäge, olaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmäge, şeýle hem, materiallarynyň ulanylyşyny 50 göterim azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, binanyň umumy bahasyna oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki döwürde tutuş dünýäde öýjükli betonlaryň önümçiliginiň ýyllyk möçberi 145 million kub metre barabardyr. Şol sanda, Hytaýda 108 million kub metr öýjükli beton öndürilýär. GDA ýurtlaryny hasaba almanyňda, dünýäniň 45 döwletinde öýjükli betonyň önümçiligi boýunça 1 müňden gowrak zawod hereket edýär. Birnäçe kärhanalarda armirlenen önümleriň paýy 80-85 göterime barabardyr. Ýewropa bileleşiginiň ýurtlarynda 17 million kub metre barabar gyzdyrylan öýjükli betonlaryň önümçiligi we 5,5 göterim armirlenen önümler öndürilýär.

Seýsmiki durnuklylyk ýörelgesine laýyklykda, binalaryň umumy agramynyň peseldilmegi onuň dinamiki agramyny peseldýär we durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýeňil betonlar Türkmenistanyň şertlerindäki seýsmiki durnukly gurluşygy ösdürmek üçin uly geljegi bolan material hasaplanylýar. Olaryň ulanylyşynyň netijeliligi tehnologik we ykdysady hasaplamalar arkaly kesgitlenýär.

Ýaňy-ýakyna çenli diwarlyk serişdeleriň umumy balansynda öýjükli ýeňil betonlaryň eýeleýän orunlary az mukdardady. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk materiallarynyň umumy agramynyň peseldilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki Merkezi Aziýanyň köp sebitleri ýokary seýsmiki derejä eýedir. (6-7 we kähalatda 9 balla çenli).

Öýjükli beton – munuň özi ýeňil emeli material bolup, çägäni, suwy, heki, sementi, alýumin pudrasyny we gips daşyny özünde jemleýän öýjükli garyndyny gataltmagyň netijesinde alynýar. Gazbeton – öýjükli betonyň dürli görnüşinden ybarat bolup, ondan ýeňil betonlaryň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Olaryň düzümi dolduryjylardan ybarat bolup, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Ýöne, olaryň önümçiliginiň hem-de düzüminiň kadalary meňzeşdir. Olaryň hemmesi öýjükli şokolady ýadyňa salýar.

Gazbeton gurnamalary ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda ozalky gurluşyk materiallaryna garanyňda birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Gazbeton berkligi, uzak ýyla, daşky gurşawyň täsirine durnuklylygy, oda durumlylygy, pes ýylylyk geçirijiligi bilen tapawutlanýar.

Bu gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi üçin kwarsly çägeler esasy çig mal bolup durýar. Onuň düzümindäki S102 90-95 göterimden az bolmaly däldir. Türkmenistanyň çäginde bar bolan kwars çägeleri ozallar diňe aýna senagatynda ulanylýardy. Häzirki döwürde ýerli çig mallary ýokary netijeli gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde ulanmagyň täze ugurlary tapyldy.

Öýjükli betonlardan agyrlyk ölçegleriniň ýönekeý ulanylmagynyň hasasbyna giň görnüşli önümler taýýarlanylýar. Olar ýylylyk izolýasiýa-gurnama we gurnalýan materiallardan ybaratdyr.

1 kub metre 400 kilogram sygyjylygy bolan ýylylyk saklaýjy öýjükli betonlar, B1,2 MPa/inedördül santimetr kysymly serişdeler diwarlary we üçekleri ýylatmakda ulanylýar. Ýylylyk saklaýjy – gurnama görnüşdäki 1 kub metrde 500 kilogram sygyjylygy bolan öýjükli betonlar içki we daşky diwarlaryň, gurnama we monolit binalaryň örtgileriniň geçiriji elementleri hökmünde ulanylýar.

1 kub metrde 1000-1200 kilogram sygyjylygy bolan, B10,0 –15,0 MPa/inedördül metr markaly gurnama öýjükli betonlar panelleri, sütünleri baglanyşdyrmakda we üçek plitalaryny taýýarlamakda ulanylýar.

Monolit beton bilen deňeşdirilende, gyzdyrmak arkaly gatadylan öýjükli beton özüne idegi talap etmeýär. Çünki gyzdyrylanda öýjükli beton 180-200 dereje gyzgynlyga, 8-10 atmosfera basyşa çydamlydyr. Şunlukda, öýjükli betonlar buglananda ähli himiki we fiziki işler tamamlanýar. Munuň özi, bir gije-gündiziň dowamynda önümiň taýýar bolmagyny üpjün edýär.

Öýjükli betonyň tamamlaýjy tapgyrlarynda howa onuň ýylylyk saklaýjy derejesiniň döremegini şertlendirýär. Düzümiň öýjükliligi gyşyna ýylylygyň saklanmagyny, tomusda bolsa, salkynlylygy üpjün edýär. Öýjükli betonyň giňden ulanylmagy ýaşaýyş üçin amatly şertleri üpjün edýär. Pes ýylylyk geçirijilikde tomusda jaýlar salkyn, gyşyna bolsa ýyly bolýar.

Öýjükli beton diňe bir ýylylygy saklamak bilen çäklenmän, otaglary gaty sesden goraýar, şeýle hem, ol «dem alýar». Bu aýratynlyga bökdençlik döretmezlik maksady bilen, önümiň üstüni ýörite suwag bilen örtmeli, reňklemeli. Öýjükli betondan gurluşyk edilende şu kadalar hökman berjaý edilmelidir.

Öýjükli betondan edilen bloklar örän berk bolup, olar çyglylygy özüne siňdirmeýär. Şeýle hem, ol ýanmaýar we  kerpiçden tapawutlylykda, gyzgynlykda öz hilini ýitirmeýär. Hususan-da onuň ýangyna garşylygy häsiýetlidir.

Öýjükli betonlardan edilen bloklar ýönekeý gurallar arkaly işlenip taýýarlanylýar, kesilýär, deňlenýär, deşilýär, basylyp goýulýar. Ony işläp taýýarlamagyň ýönekeýligi dürli görnüşdäki gurnamalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Bloklaryň ölçegleri barada aýdylanda, ol L=600 mm, N=250 mm, ini bolsa 100-den 400 mm-e çenlidir. Bloklaryň dykyzlygy 1 kub metrde 100-den 700 kilograma çenlidir. Öýjükli betonyň uly bolmadyk agramy ony daşamak üçin çykdajylary, gurnama işlerini azaldýar. Diwarlaryň gurluşygynda 600х 250х 200 mm bolup, onuň gury derejedäki agramy 15 kilogramdyr we ol adaty keramiki kerpiçleriň 18-20-siniň ornuny tutýar. Şunlukda onuň umumy agramy 80 kilograma barabardyr.

Öýjükli betonyň ýene bir artykmaç tarapy onuň ekologiýa taýdan arassalygydyr. Bloklary öndürmekde ulanylýan ähli materiallarda radioaktiw we kanserogen serişdeleriň ýoklugy barlanylýar. Onuň düzüminde ygtyýar edilen konsentrasiýanyň çäklerinden ýokary bolmadyk agyr metallar bolmaýar.

Ýerli serişdelerden gyzdyrmak arkaly gatadylan öýjükli betonlary ulanmagyň yzygiderli ösüşi netijeli gurluşyk materiallarynyň we ondan edilýän önümleriň önümçiligini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

 

Netije

Ýerli serişdelerden gyzdyrmak arkaly gatadylan öýjükli betonlar iň geljegi uly we arzan gurluşyk materialy bolup durýar. Ol ýylylyk we ses saklaýan hem-de gurnama häsiýeti bolan ýokary derejeleri özünde jemleýär. Ekologiýa taýdan arassa öýjükli betonlar ýaşaýyş jaý, senagat we oba hojalyk pudagynyň gurluşyklarynda has-da gymmatly material hökmünde ulanylýar.

Gurluşykda öýjükli betonyň ulanylmagy gurnamalaryň ýylylyk tehniki derejesini gowulandyrmak bilen bir hatarda, diwarlaryň galyňlylygyny, tutuş gurnamanyň peselmegini we onuň durnuklylygyny üpjün edýär.

 

Ýaşar GASANOW,

tehniki ylymlaryň kandidaty,

Irina GRIGORÝEWSKAÝA,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Barlaghanasynyň müdiri

 

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»

(2-2015)

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan