• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

Опубликовано: 01.05.2022 Просмотрено: 495

Täze mekdep gurulýar

Daşoguz şäherinde 600 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän täze mekdep gurulýar. Onuň gurluşygyny «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanansynyň hünärmenleri alyp barýarlar.

Bu mekdep Şagadam köçesiniň ugrunda gurulýan täze şäher ýaşaýyş jaýlar toplumynyň bir bölegi bolar. Umumy meýdany üç gektar bolan iki gatly, dört binadan ybarat täze bilim edarasynda bilimli, beden taýdan berk ýaş nesli terbiýelemek üçin hemme şert dörediler. Häzir binalarda diwarlar örülýär we zerur demir-beton işleri bilen birlikde, ikinji gatyň beton örtükleri gurulýar.

Soňky ýyllarda sebitde gurlan beýleki mekdebe çenli edaralary ýaly, bu mekdep hem ýurtda şeýle biunalara bildirilýän ýokary talaplara laýyk bolar. Bu ýerde täze tehnologiýalar arkaly dürli dersleri çuňňur we köpugurly öwretmek üçin döwrebap bilim ulgamy göz öňünde tutulan. Bilim bermekde okuwçylaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn, olaryň döredijilik zehininiň ösüşine ýardam edýän öňdebaryjy tehniki serişdeler ulanylar. Şol bir wagtyň özünde binada okuwçylaryň beden taýdan sagdyn ösüşi üçin hem ähli şertler dörediler.

Şäher gurluşygy döwlet syýasaty ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda gurulýan binalarynyň gurluşygynyň hiliniň ýokary bolmagyny, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny, ýaşamak üçin amatly şertleriň döredilmegini, daşky gurşawa aýawly garamagy göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda Şagadam köçesiniň ugrunda gurulýan täze şäher ýaşaýyş jaýlar toplumy Daşoguz şäheriniň iň amatly ilatly ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi ulanmaga berildi, döwrebap saglyk merkezi guruldy, 240 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy dowam edýär . Toplumda zerur inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň giň ulgamy bar, munuň üçin köp kilometrlik elektrik geçiriji, suw geçiriji we lagym guruldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62827/taze-mekdep-gurulyar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan