TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi
13-nji dekabrda Mary welaýatynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň we «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Ol täze energetika ulgamynyň başlangyç tapgyrdaky serişde binýady bolup hyzmat eder. Bu ýerde guralan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari dagy gatnaşdy.
TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1814 kilometre barabardyr. Şunlukda, onuň biziň ýurdumyzyň çäginden geçýän möçberi 214 kilometr bolar. Soňra turbageçiriji Owganystanyň Hyrat hem-de Kandagar şäherleriniň çäginden, Pakistanyň bolsa Kwetta hem-de Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň Fazilka ilatly ýerine barar. Täze gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ony ulanmaga tabşyrmak hem-de degişli ýerüsti düzümleriniň gurluşygyny 2019-njy ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirildi.
Bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň we onuň ulanylyşynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly işlere «Türkmengaz» döwlet konserni ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem, bu düzüm «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň öňbaşçysy bolar.
Gaz geçirijiniň gurluşygy birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, onuň her bir tapgyrynda önümçilik işleri, onda ulanylýan serişdeler umumy ykrar edilen gurluşyk kadalaryna, düzgünlerine we tehniki şertlere laýyklykda gözegçilikde saklanylar.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini şertlendirer, täze şäherler we obalar dörär, müňlerçe iş orunlary emele geler.
Ozal habar berlişi ýaly, «Galkynyş» gaz käni bu energetika ulgamyň serişde binýady bolar. 2013-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni we daşary ýurtly hyzmatdaş kompaniýalar bilen bilelikde gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi. 2014-nji ýylda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysynyň desgalarynyň, şeýle hem ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan önümçilige niýetlenen zawodlar toplumynyň gurluşygyna girişildi.
Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»
(4-2015)
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan