• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

«TÜRKMENDÖWLETTASLAMA» ÖSÜŞLER ÝOLUNDA


Опубликовано: 21.11.2024 Просмотрено: 237

«TÜRKMENDÖWLETTASLAMA» ÖSÜŞLER ÝOLUNDA

 

       «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama birleşiginiň döredilenine 95 ýyl doldy. Bir asyra golaý wagt bäri hereket edip gelýän birleşik geçen döwür içinde şöhratly ýoly geçdi. Ol 1929-njy ýylda Türkmenistanyň Ýokary halk hojalyk söwetiniň (YHHS) ýanynda döredilip, ilki başda «Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama edarasy diýlip atlandyrylypdy. Şol döwürde onuň baş wezipesi senagat kärhanalarynyň hem-de işçiler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň eskiz we iş taslamalaryny taýýarlamak, täze gurlan binalaryň tehniki we ykdysady seljermesini geçirmek hem-de senagat we raýat gurluşygy bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary bermek wezipesinden ybarat bolan.

          1939-njy ýylda «Türkmendöwlettaslama» respublikanyň hökümetiniň gös-göni garamagyna berilýär hem-de şol döwürde ol taslama düzmegiň täze görnüşine – Mary, Krasnowodsk, Çärjew oblast merkezleriniň baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga başlaýar. Şol döwürde on ýyl wagt geçenden soň – 1949-njy ýylda «Türkmendöwlettaslama» «Aşgabattaslama» taslama müdirligi diýip atlandyrylýar. 1955-nji ýylda bolsa ol «Giproşäherobagurluşyk» şäher we oba gurluşyk taslama  döwlet instituty diýlip atlandyrylan bolsa-da, ondan iki ýyl  geçenden soň onuň ilkinji ady, ýagny «Türkmendöwlettaslama» ady dikeldilýär.

Şol ýyllarda taslama işini gowulandyrmak, taslamalaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmendöwlettaslamanyň» üstüne täze wezipeler ýüklenýär. 1961-nji ýylda Daşoguzda we Çärjewde institutyň şahamçalary, Aşgabatda birnäçe pudaklaýyn taslama edaralary döredilýär. 1968-nji ýyldan başlap, «Türkmendöwlettaslama»  paýtagtymyzy ösdürmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny we onuň esasynda Aşgabat şäheriniň baş meýilnamasyny işläp taýýarlaýar. Şeýlelikde, 1991-nji ýyla çenli institutyň taslamalary boýunça dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi bina edilýär. Olaryň hatarynda paýtagtymyzdaky “Arhiwiň” we «Mekan» köşgüniň binalar toplumyny,  «Gülüstan» söwda merkezini, «Aşgabat», «Syýahatçy», «Ýubileýniý» myhmanhanalary, Marydaky «Merw» myhmanhanasyny, ýurdumyzyň şäherlerinde we şäherçelerinde gurlan ýaşaýyş etrapçalaryny görkezmek bolar. 

Milli Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen «Türkmendöwlettaslama»   döwrebap işleri alyp baryp, ýurdumyzyň milli binagärlik sungatynyň ýaýbaňlanmagyna ýardam etdi. 2008-nji ýylda institut «Türkmendöwlettaslama»   baş döwlet taslama birleşigi döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigine öwrüldi. Häzirki döwürde institut häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän milli binagärligi ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşýar.

     «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşigi öz düzümine «Ahaltaslama»,  «Daşoguztaslama»,  «Lebaptaslama»,  «Marytaslama» hem-de  «Türkmenbaşytaslama» institutlaryny birleşdirýär. Birleşik bellenen Tertipnama laýyklykda öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanunyny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Düzgünnamasyny iş ýörelgelerinde ulanýar we şolara esaslanýar.

Ylmy-önümçilik işlerini alyp barmak bilen bir hatarda, önümçilige teklipleri, ylmy işleri işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, jemgiýetçiligiň önümlere, işlere, hyzmatlara bolan islegini kanagatlandyrmak we girdeýji gazanmak birleşigiň esasy maksatlaryny kesgitleýär.  Şeýlelikde ýaşaýyş-raýat gurluşyklary üçin işlenip taýýarlanan taslamalary we ýaşaýyş-raýat hem-de senagat gurluşygy üçin kadalaşdyryjy resminamalary, şäherleri, ilatly ýerleri, ýollardyr köçeleri, ýadygärlikleri we beýlekileri abadanlaşdyrmak, baş meýilnamalary, şäherlerdir obalaryň inženerçilik ulgamlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, olaryň kommunikasiýasy boýunça inženerçilik-geologiýa gözleg işlerini ýerine ýetirmek,  baha kemala getirmek we gurluşyk jemharçlaryny kesgitlemek maksady bilen kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalaryny taýýarlaýar.

Şeýle hem tipografiýa-geodeziýa işleri, binagärlik işleri, ylmy-innowasion taslamalary, binagärlik we şähergurluşygy boýunça uzak möhletleýin ýörelgeleriň esasy ugurlaryny işläp taýýarlamak, tehniki barlaglar gözegçiligini amala aşyrmak, gurluşyk taslamalaryny işläp düzmek, gurulýan binalaryň  we  desgalaryň binagärlik keşbine hem-de gurluşygyň hiline gözegçilik etmek ýaly beýleki möhüm işleri ýerine ýetirmek hem birleşigiň esasy işleriniň hatarynda durýar.

Ýeri gelende, birleşigiň öňdebaryjy işgärleriniň gazanýan zähmet üstünlikleri üçin Hökümetimiz tarapyndan ýokary sylaglara mynasyp bolýandyklaryny-da belläp geçmekçi bolýarys. Olaryň hatarynda  «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň 4-nji şäherleriň we şäherçeleriň meýilnamalandyrylyşy we gurluşygy bölüminiň başlygy Gülşirin Jumanazarowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, Mehaniki abatlaýyş ussahanasynyň sürüjisi Ýazgeldi Ylýasow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 1-nji Binagärlik-gurluşyk bölüminiň taslamanyň baş inženeri Zoýa Petrosýan hem-de  9-njy Binagärlik-gurluşyk bölüminiň taslamanyň baş binagäri Jumamyrat Geldiýew   «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldular. Birleşigiň işgärler bölüminiň başlygy Maral Orazowa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  “Zähmetkeşleriň ynsanperwerlik we işewürlik güni” ady bilen yglan eden bäsleşiginde 1-nji orny eýeläp , hormatly Prezidentimiziň sowgadyna mynasyp boldy.

  «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşigi ylmy-önümçilik birleşigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny özgertmek boýunça öňde goýan ägirt uly maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýarlar. Üstünliklere beslenýän häzirki döwrümiz birleşigiň işgärlerini täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýar.  

         

                                                                                                                                     

                                                                                             ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​      ​​​​​​​    ​Şamuhammet HOJAMBERDIÝEW.

                                                                  ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​               ​​​​​​​Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik                      

                                                                     ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​   ​​​​​​​    ​​​​​​​    ​​​​​​​  ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama»

                                                                                                                       baş döwlet taslama birleşiginiň  

                                                                                                                       Umumy bölüminiň başlygy.                          

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan