• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

Türkmenlerde öý üçin ýer saýlap almak däbi


Опубликовано: 12.02.2024 Просмотрено: 873

Türkmenlerde öý üçin ýer saýlap almak däbi

Türkmenleriň baý taryhy we medeni geçmişi bar. Halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan binagärler asyrlaryň dowamynda dürli maksatly binalary gurmaga ussatlygy bilen uly şöhrata eýe bolupdyrlar. Bu ussatlygyň başlangyjy gadymy geçmişe uzap gidýär. Ata-babalarymyz geçmişde bina we ýaşaýyş jaýlaryny gurmakçy bolanlarynda, gurluşyk ýerine içgin çemeleşipdirler. Muny halkymyzyň öý gurmak üçin ýer saýlap almak däpleri hem beýan edýär.

Geçmişde ýaşamak üçin iň amatly ýerler uly derýalaryň boýundaky hasylly ýerler hasap edilipdir. Çöllük ýerleriň ilaty hem öz gezeginde bu meselede suwly çeşmelerden uzakda bolmazlyga çalşypdyrlar. Dag etek etraplaryň mes toprakly ýerleri mallar üçin bol-telki öri meýdanlary bolup hyzmat edipdir. Olar gyşlaglary dag ýellerinden goralýan uly bolmadyk derelerde ýerleşdirmäge çalşypdyrlar. Daglarda ösýän tokaýlyklar ýaşaýyş jaýlaryny, hojalyk gurluşygyny alyp barmak üçin serişde bolup hyzmat edipdir.

Ata-babalarymyz öý gurmak işinde mes toprakly ýeriň bolmagy üçin aladalanypdyrlar. Bu barada türkmenleriň bir böleginiň XVI asyryň aýagyna Hytaýa göç edişini gürrüň berýän «Salyrlaryň göçüş taryhy» atly eserini ýatlap geçeliň. Samarkandyň çäklerinden çykyp, olar özleri bilen mukaddes topragyň we suwuň belli bir mukdaryny alyp gidipdirler. Täze ýerlere göçüp gelip, olar öz ýany bilen alyp gaýdan zatlarynyň ýerli toprak we suw bilen agramyny deňäp, uly we kiçi terezilerde çekip görüpdirler. Haçanda olar Otuzdag diýen ýere ýetenlerinde, mukaddes topragyň we suwuň agramy ýerli suwuň we topragyň agramy bilen deň gelipdir. Şeýlelikde, türkmenler şol ýerde ornamak karayna gelipdirler [1].

Türki halklaryň köpüsinde ýerleri saýlap almak köplenç ýagdaýda, degişli dessurlar we yrymlar bilen utgaşykly edilipdir. Meselem, olar paltany halanylan ýere zyňypdyrlar, eger ol ýiti ýüz tarapy bilen ýere çümse, onda muny oňatlyga ýorupdyrlar. Yrymlaryň iň giň ýaýran usuly käse zyňmak bolupdyr. Eger zyňlan käsäniň agzy ýokary bolsa, onda yrymyň netijesi gowy hasap edilipdir. Halk arasynda «Yryma ynanan yrylmaz» diýen ynançdan ugur alypdyrlar.

Geçmişde topragyň guraksydygyny ýa-da ýokary derejede çyglydygyny bilmek üçin hem yrymlardan peýdalanypdyrlar. Aý täze doganda içi suwly käse goýlupdyr. Bir aýdan soň oňa syn edipdirler, eger käsede suw galan bolsa, şol ýerde öý gurmak mümkin hasaplanypdyr.

Jaý gurmak üçin ýeriň ýagdaýy beýleki birnäçe usullar bilen hem kesgitlenilipdir. Meselem, taýak bilen ýerde çukurjyk edipdirler we oňa bir bedre suw guýupdyrlar. Birnäçe wagtdan soň çukurjykda suwuň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlapdyrlar, bu ýeriň gurak ýa-da batgalykdygyny ýüze çykarmaga ýardam edipdir [2].

Şundan soň jaý gurmak ýa-da ak öý dikmek üçin anyk ýer kesgitlenipdir. Bu maksat bilen köplenç haýwanlaryň ýa-da mör-möjekleriň özlerini alyp baryşlaryny synlapdyrlar [3]. Meselem, olar ýeriň ýagdaýyny atyň özüni alyp barşy bilen kesgitläpdirler. Eger at toýnagy bilen ýeri peşäp başlasa, onda şol ýerde öý gurlupdyr. Ata-babalarymyz atlaryň gudratly güýje eýedigine ynanypdyrlar.

Oturymly ýaşaýyş jaýyny gurmaklyk, ýer almak düzgüni bilen durmuşa geçirilipdir. Geçmişde haýsydyr bir sebäp bolmasa, ýeri gazmak gadagan edilipdir.

Öý gurmak işi diňe sähetli günlere goýlupdyr. Öý gurmaga başlamazdan ozal obanyň ýaşaýjylary ýaşululara sala salypdyrlar, olar öý eýelerine degerli maslahatlary beripdirler. Bu işde öý gurýana köpçülik bolup ýardam etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Öý gurlansoň, öý eýesi toý tutup, hödür-kerem edipdir. Şanly wakany dabaralandyrmak üçin öýüň tüýnüginden ýaglyklary asyp goýupdyrlar. Ýaş ýigitler gezekli-gezegine ýaglyga towsupdyrlar. Dabara gatnaşýanlar öý eýesine täze jaýynda bagtly durmuşy arzuw edipdirler. Gyzlar iki ujy tüýnüge berkidilen hiňňildikde uçupdyrlar. Käbir etraplarda täze ak öý dikilende, tüýnügiň daşynda horazyň, kähalatlarda tawus guşuň ýüpek mata ýa-da hala çekilen şekilini asypdyrlar. Täze öýleriň gapylary adatça günorta ýa-da günorta-günbatara bakdyrylypdyr.

Türkmen ussatlarynyň binagärlik – gurluşyk babatdaky däpleri dünýä mirasynyň gymmatlygydyr. Bu gymmatlyklary öwrenmek häzirki döwrümizde uly ähmiýete eýedir.

 

Serdar ATDAÝEW,

TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň

esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»

(4-2015)

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan