• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

«ÝYLDYZ» MYHMANHANASYNDA DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINŇ MEJLISI AÇYLDY


Опубликовано: 15.04.2024 Просмотрено: 373

«ÝYLDYZ» MYHMANHANASYNDA DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINŇ MEJLISI AÇYLDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Şu gün, ýagny 15-nji aprelde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda açylan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekillerinň maslahatynyň XXXVIII mejlisi hem şeýle wakalaryň biridir. Bu möhüm halkara foruma dünýäniň onlarça döwletlerinden wekiller gatnaşýar.

           Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulaglary düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmeginde işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyz bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ulag geçelgelerini ösdürmek babatda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. 

  Mejlisde üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm meseleleri, ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmek, demir ýollary ösdürmäge maýa goýumlaryny çekmek we başga-da birnäçe möhüm meseleler babatda özara pikir alşylar.

  Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekillerinň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan