• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Ministrlik barada

tg_we_bm_desga_min

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurtda gurluşyk ulgamynda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edarasy bolup, ol bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça baş ugry kesgitleýär.

Ministrlik öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:
  • binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlalýar we neşir edýär;
  • Türkmenistanyň şäherleri boýunça taslama taslama-meýilnamalaşdyryş çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär;
  • Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär;
  • gurluşyk babatda taslamalaryň, çykdajy sanawlarynyň we tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryň döwlet seljermesini geçirýär;
  • taslama, nyrh emele getirmek, çykdajy ölçegleri we inženerçilik gözlegleri babatda usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;
  • binagärlik, gurluşyk, gurluşygyň hiline gözegçilik, ylym, seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk, gurluşyk işleriniň bahalaryny emele getirmegi kämilleşdirmek we gurluşyk taslamalary babatdaky döwlet hem-de döwletara maksatnamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirmegi üpjün edýär, şeýle hem ýerleşdiriş, taslama düzüş-gözleg we ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýär;
  • gurluşyk desgalarynyň ygtybarlygyna we ýer titremesi babatda durnuklylygyna, gurnama parçalarynyň hiline, olaryň bellenen standartlara laýyklygyna döwlet binagärlik-gurluşyk gözegçiligini bellenen tertipde guraýar hem-de üpjün edýär;
  • gurluşyk meýdançasynyň seýsmiki görkezijisi 9 derejeden ýokary ýerler babatda degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bar mahaly desgalary gurmak üçin rugsatnamalary berýär;
  • paýly gurluşyk babatda ygtyýarlyk berlen edaranyň wezipelerini amala aşyrýar;
  • gurluşyk we binagärlik babatda bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini bellenen tertipde guraýar;
  • bellenen tertipde dahylly daşary ýurt kärhanalary bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de amala aşyrýar, pudakda öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrýar;
  • garamagyndaky edara-kärhanalary we guramalary bellenen tertipde döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar, olaryň tertipnamalaryny (düzgünnamalaryny) tassyklaýar;
  • pudaklaýyn we sebitara sergileri guraýar hem-de olara gatnaşýar;
  • edara-kärhanalaryň netijeli işlemegi, kömekçi hojalyklary ösdürmek, ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de sagaldyş çärelerini geçirmek üçin zerur şertleri döredýär;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça halkara maslahatlarynda we mejlislerinde Türkmenistanyň bähbitlerine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde wekilçilik edýär;
  • Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini getirmek baradaky şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny, tehniki, hil we estetiki aýratynlyklaryny, şeýle hem bahasyny nazara alyp kesgitleýär;

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan