Berk polatdan we aýnadan aýratyn üýtgeşik binalary gurmak pudagynda Ýewropanyň öňdebaryjy “Waagner Biro steel and glass” kompaniýasy özüniň ähli baý tejribesini we tehnologiýalaryny Aşgabat-sitiniň we Ahal-sitiniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmaga taýýardygyny mälim etdi.
Bu barada Awstriýanyň “Waagner Biro steel and glass” kompaniýasynyň baş direktory Iogann Sişka şenbe güni öz işini dowam eden “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahatda onlaýn görnüşde eden çykyşynda aýtdy.
“Waagner Biro steel and glass” kompaniýasynyň ýerine ýetiren binagärlik “eserleriniň” arasynda Berlindäki Reýhstagyň gümmezi, Londondaky Britan muzeýiniň üçegi, Abu-Dabidäki Luwryň gümmezi, Bakudaky howa menziliniň täze terminaly ýa-da Zalsburgdaky Red Bull angary ýaly batyrgaý we özüneçekiji işler bar.
Orient Link: https://www.orient.tm/tm/post/39206/awstriya-kompaniyasy-asgabat-sitide-polat-we-ayna-ulanmak-arkaly-ozbolusly-desgalary-gurmaga-tayyn
– “Biziň maksadymyz – müşderilerimiziň isleglerini durmuşa geçirmek, tehnologiýalar ulgamynda bar bolan “serhetleri” süýşürip, täze standartlary kesgitlemek. Biz taslamany işläp düzmekden başlap, ony taýýarlamak, gurnamak, ornaşdyrmak ýaly ähli tapgyrlary özümiz ýerine ýetirýäris, şeýle hem, binalaryň uzak ömür sürmegine ýardam bermek üçin zerur bolan tehniki hyzmatlarymyzy-da hödürleýäris – diýip, Iogann Sişka sözüni dowam etdi:
– Türkmenistana iş saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we islendik wagt onlaýn-duşuşyk geçirip bileris. Elbetde, hyzmatdaşlarymyzy we müşderilerimizi Wenadaky baş edaramyza çagyrmaga şat bolarys ýa-da Dubaýdaky we Abu-Dabidäki ofislerimizde-de duşuşyp bileris.
Orient Link: https://www.orient.tm/tm/post/39206/awstriya-kompaniyasy-asgabat-sitide-polat-we-ayna-ulanmak-arkaly-ozbolusly-desgalary-gurmaga-tayyn